Meşhur ýazyjylar we şahyrlar hakda gyzykly maglumatlar
1.Puşkiniň täsin ýatkeşligi bolupdyr. Islendik bir goşgy sahypasyny iki gezek okan badyna, ýatdan ýalňyşsyz gaýtalap bilýän eken.
2.Puşkin çaýy diýseň gowy görüpdir we ony örän köp içipdir.
3.Döredijilik ýolunyň başynda, A. P. Çehowyň 50-den gowrak edebi lakamy (tahallusy) bardy.
4.Anton Pawlowiç Pýotr Iliç Çaýkowska, şahsyýet we kompozitor hökmünde diýseň uly hormat goýupdyr. Olar Lermontowyň “Bela” romany esasynda opera ýazmagy arzuw edipdirler.
5.Çehow bütin ömrüne haýyr-sahabat bilen meşgullanypdyr: mätäçler üçin pul we beýleki serişdeleri ýygnapdyr, mekdepleri gurdurypdyr.
6.I. S. Turgenew açyk reňkli we adaty däl zatlary geýmegi, lowurdap duran ýakabaglaryny dakynmagy we ýalpyldaýan ilikli eşikleri halapdyr.
7.Imperator Aleksandr II Turgenewe, krepostnoý hukugyny ýatyrmak kararyna gelmegine, onuň “Записки охотника” (Awçynyň ýazgylary) atly kitabynyň kömek edendigi barada ýazypdyr.
8.Lomonosow, Karamzin we beýleki ýazyjylar rus dilini 1000-den gowrak söz bilen baýlaşdyrdy. Häzirki wagtda düşnükli we tanyş ýaly görünýän köp sözleri şahyrlar we ýazyjylar öz eserlerinde agzamadyk bolanlarynda, olar sözleýişde asla peýda bolmazdy. Şeýlelikde, Mihail Lomonosow “вещество”(madda) sözüni döretdi. Karamzin bolsa, “трогательный” (rehimli, täsirli), we “катастрофа” (betbagtçylyk) sözlerini ulanyşyga girizdi.
9.Aleksandr Dýuma ilkinji fransuz çişlikhanasyny döredipdir. Ol kawkaz halklaryna syýahat eden döwründe çişligiň taýýarlanyş usulyny öwrenipdir.
10.Mark Twen – Semýuel Lenghorn Klemens atly adamyň edebi lakamydyr. Mundan başga-da, Tweniň Sergezdan, Joş, Tomas Jefferson Snodgrass, Seržant Fatom we U. Epaminondes Adrastus Blab ýaly lakamlary bolan. Ýogsa-da, “Mark Twain” – “ikisini ölçe” diýen deňiz gulaç ölçegi bolup, nawigasiýa (gämiçilik) pudagyna degişli düşünjedir.
Aýlar Begjikowa,
Beki Seýtakow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy