“Ahalteke bedewleri nusgawy edebiýatda” ady bilen diwar gazetiniň bäsleşigi geçirildi.

“Ahalteke bedewleri nusgawy edebiýatda” ady bilen diwar gazetiniň bäsleşigi geçirildi.

 Münende şaý bolsa, tükel esbaby,
 Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň,
 Jul eýle sen atlar bilen zerbaby,
 Şonda biarmandyr üsti bedewiň. 

 Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ümzügi öňe sary barýan türkmen halkymyz belentlikden – belentliklere, ösüşlerden – ösüşlere barýar. Ähli pudaklar bilen bir hatarda bilim ulgamynda hem ýokary derejelere ýetilýär. Ýakynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde Türkmen dili we edebiýaty usuly birleşmesiniň guramagynda “Ahalteke bedewleri nusgawy edebiýatda” ady bilen diwar gazetiniň bäsleşigi geçirildi. 
Bäsleşige mekdebimizde hereket edýän usuly birleşmesiniň talyplary gatnaşdylar. Bäsleşigiň netijesi boýunça, Iňlis dili usuly birleşmesi I orna, Türkmen dili we edebiýaty usuly birleşmesi II orna, Matematika usuly birleşmesi bolsa III orna mynasyp boldular. 
Ýaş nesle berilýän bilimiň hil derejesiniň barha ýokarlanmagyny, ýaşlaryň terbiýelenişiniň döwrebap bolmagyny gazanmak, iň täze usullary durmuşa ornaşdyrmak, bu ulgamyň işiniň alnyp barylyşyny düýpli täzelemek bolup durýar. Şeýle terbiýeçilik çäreleri geçirmek arkaly ýaşlaryň halka, Watana, Türkmenistanyň Prezidentine wepalylyk, berkarar döwletimiziň asudalygyny, bitewiligini, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini üpjün etmek duýgularyny ösdürýar.

Beki Seýtäkow agyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymlary
 Amanbaý Jowjiýew, Nurtäç Halmyradowa.

Paýlaş


Beýleki täzelikler

Gyz edebi

18/02/2026

Gyz edebi

Halkymyz gyz çagasyny aýratyn mähir bilen gurşap alýar. Olary ähli taraplaýyn gorap saklaýar. Ene-ma...

WATAN MUKADDESLIGI

16/02/2026

WATAN MUKADDESLIGI

Biziň ähli barlygymyz, hanymanymyz «Watan» diýen sözde jemlenýär. Ynsan üçin dogup-dörän ýerinden — ...

Ders bäsleşigi

18/01/2026

Ders bäsleşigi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygyn...

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09