Körpelere ýol hereketiniň düzgünleri öwredilýär
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň inklýuziw toparly çagalar bagynyň körpeleri bilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň işgärleri bilen bilelikde gyzykly terbiýeçilik çäresi geçirildi.
Her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen biraýlyk geçirilýär. Bu biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreler ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilendir.
Çäräniň çäginde merkeziň howlusynda kiçijik ulaglarda çagalaryň ýol hereketi bilen bagly çykyşlary guraldy. Çagalar geçelgeden geçmek, ýolyşygyna düşünmek arkaly, sahna oýunlary we goşgy setirleri bilen çykyş etdiler. «Melhem» atly kiçi bag toparynda many-mazmunly oýunlar we körpeler bilen «Üç reňkli ýolyşygy» atly gyzykly söhbetdeşlik guraldy. Şeýle-de mugallymlar mümkinçiligi çäkli çagalar bilen sapak guradylar. Körpeler üçin oýunlar sapagynda «Köçämiziň ulaglary» atly sapak guralyp, çagalara köçede, çatrykda, duralgada özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada düşünje berildi.
Bu biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täsirli çäreleriň, maslahatlaryň guralmagy, ýol hereketiniň düzgünleri, pyýadalaryň we sürüjiniň hukuklary we borçlary barada nygtalyp geçilmegi ösüp gelýän ýaş nesliň abadan ýaşaýşyna gönükdirilendir. Asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar.
Maral ALLAGURBANOWA,
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň inklýuziw toparly çagalar bagynyň logoped mugallymy.