Hakydadaky hadysa

Eneme Maman eje diýerdiler. Ol ýüz ýaşdan geçendigine garamazdan, akly-huşy dür ýaly zenan bolup hemmeleriň ýakyn ýardamçysydy. Ol bütin ömrüne obamyzda göbegene hökmünde sylanýardy. Şonuň üçin hem oňa obamyzyň ähli adamlary: «Ene» diýip ýüzlenerdi. Ony görenler: «Bize-de Maman ejäň ýaşyny ýaşap, onuň gazanan abraýyny gazanmak nesip etsin» diýip enemi ýüze sylardylar. Enemiň dünýä inen ýylyny, aýyny doly bilýän ýokdy, ýöne onuň özi syçan ýylynda, bugdaý ekişiniň ýaňy başlanan wagty doglandygyny aýdyp berýärdi. Daşdan seredeniňde on-on iki ýaşlyja gyzy ýadyňa salýan, kiçelip galan enem henizler hem durşy bilen gaýratdy. Onuň eliniň boş oturan wagtyny gören ýokdy. Ol ýa-ha güneşläp ýüň darakda ýüň darap oturandyr, ýa-da sallançak üwräp, bäbek hüwdüläp oturandyr. Enem diýseň ruhubelent, şähdaçyk zenandy. Emma ol 1948-nji ýyldaky ýer titremesini ýatlan wagty hamsyganyny duýman galardy we ol ýyllary ýatlap şeýle gürüň bererdi:
— Gamaşyp duran gözlerim bilen öýmüzi, özümi synlaýaryn, görsem ýaşap oturanja jaýymyz kül-uşak bolaýan eken. Kerpiçleriň arasyndan gelýän ahy-nalalar, düşnüksiz iňňildiler meni has aljyradypdy. Gözlem ejemdir kakamy, jigilerimi gözleýärdi. Böküp turaýyn diýsem äpişgäniň demir gözenegi meniň üstümdedi. Diwaryň kerpiçlerem, owranan keseklerem üstümi mazaly örten eken. Men agyr zatlary götermäne güýjüm ýetmän, bialaç agyrylaryma çydap, çalajadan hereket etmäge çalyşýardym. Üstüme gaýdan äpişgäniň demir gözenegini bar güýjüm bilen itekläp zor bilen sogrulyp çykdym-da, ýakynlarymy gözläp ugradym. Her kim ölmese oňýardy. Onda-da ejeler ölse çagalary üçin has agyrdy. Emma, nätjek agyr ýaralanan ejem üç günden soň aradan çykdy. Kakam bilen oglan jigimi hem iki günden soň kesekleriň aşagyndan tapdylar. 1948-nji ýylyň şol elhenç ýer titremesinde, men hem dört ýaşlyja gyz jigim bilen bir gijede ýetim galdyk. Jigimiň: «eje, eje!» diýip, hünübirýan aglap, ejemi gözlän wagty hiç haçan hakydamdan çykmaz — diýip enem gürrüň bererdi.
Näçe ýyl geçen hem bolsa halkymyzyň aňyndan çykmajak şol gijäniň ençeme ömürleriň tanapyny kesendigini enem aglap aýdardy. Şeýle hem ol şol pajygaly apat, uly betbagtçylyk üstüne abananda, adamlaryň agzybirliginiň, tutanýerliliginiň gudratyna geň galandygyny tekrarlardy. Onuň gürrüň bermegine görä, adamlar biri-birine daşdan-ýakyndan, ýerli-ýerden doganlyk-dostluk goluny uzadypdyrlar. Agzybirligiň güýji, gudraty bilen paýtagtymyzy täzeden dikeltmäge girişipdirler. Ähli adamlar özlerini ýitirmän, mertlerçe aýgytly hereket edipdirler. Ýagdaý çekip-çydardan çökder bolsa-da, adamlar kynçylyklara döz gelipdirler. Gyssagly gurluşyk toparlary döredilipdir. Olar paýtagtyň her ýerinde bölekleýin, wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlaryny dikeldip başlapdyrlar. Köp zähmetiň, irginsiz yhlasyň netijesinde Aşgabat täze röwüşe giripdir. Biz bu gün bagtyýar raýatlar hökmünde ene-mamalarmyzyň, ata-babalarmyzyň şol agyr ýyllardaky başdan geçirmelerini ýatlap, olara tagzym edip, bagtyýar döwrümize, ajaýyp zamanamyza buýsanýarys hem-de ýurdumyzyň parahat, nesilleriň bagtyýar bolmagyny arzuw edýäris!
Jeren MYRADOWA, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk 
mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 02.10.2025

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09