Talyplaryñ mugallymçylyk tejribeligi – hünär ussatlygyna tarap ilkinji ädim

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Okatmagyň usulyýeti täzeçillige gönükdirilýär. XXI asyrda bilim-terbiýe ulgamynda ýokary derejeli, döredijilikli we hünärine ussat mugallymlara bolan isleg has-da artýar. Çünki ýaş nesliň geljegini pugtalandyrmakda, onuň dünýägaraýşyny ösdürmekde, Watana we halka peýdaly şahsyýet edip ýetişdirmekde mugallymyň orny aýratyn uludyr. Şonuň üçin hem talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, olary amaly tejribä, halypaçylyk ýoluna ugrukdyrmak zerur bolýar.
Mugallymçylyk tejribeligi – talyplaryň okaýan döwründe, okuw mekdeplerinde ýa-da beýleki bilim edaralarynda geçýän ilkinji amaly synagy. Bu tejribe olaryň diňe okuwda alan nazary bilimleriniň däl, eýsem şahsy başarnyklarynyň hem ölçegi hökmünde hyzmat edýär.
Ilki bilen, tejribe arkaly talyp mugallymlar synp mugallymy bilen ýakyndan işleşýärler, okuw prosesiniň ähli basgançaklaryna gatnaşýarlar. Bu ýagdaý olaryň gözýetimini giňeldýär, özleriniň saýlap alan hünärine bolan ynamyny berkidýär. Şeýle-de, tejribäniň dowamynda okuwçylaryň häsiýet aýratynlyklaryny öwrenmek, olaryň bilim derejesine laýyklykda tälim bermek, okuw materiallaryny netijeli ýetirmek ýaly möhüm meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Tejribeçilik döwründe talyp – mugallymlar özleriniň sözleýiş medeniýetini ösdürýärler, okuwçylaryň öňünde çykyş etmek başarnygyny artdyrýarlar, sorag-jogap arkaly ünsüni jemlemegiň we pikiriňi düşnükli ýetirmegiň usullaryny kämilleşdirýärler.
Mugallymçylyk tejribesi diňe bir okuwçylara sapak bermek bilen çäklenmeýär. Ol, ilkinji nobatda, talyp – mugallymyň özüni tanamak mekdebi, özünde pedagogik ussatlygyň tohumyny ekmek mekdebi. Çünki her bir ýaş mugallymyň ilkinji sapagy, ilkinji okuwçy bilen aragatnaşygy, ilkinji üstünlikli ýa-da kemçilikli pursaty onuň geljekki işine güýçli täsir edýär.
Mugallymçylykda ussatlyk diňe kitapdan öwrenilmeýär, ol tejribäniň, amalyň we nazaryýetiň utgaşmasy netijesinde gazanylýar. Şonuň üçin hem tejribeçilik döwründe ýalňyşlyklaryň bolmagy tebigy ýagdaýdyr. Esasy zat – şol ýalňyşlyklardan dogry netije çykaryp, geljekde gaýtalap goýbermezlikdir.
Mugallymçylyk mekdebimiziň ikinji ýyl talyplary ilkinji sapar mugallymçylygyň dünýäsine içgin aralaşýarlar. Şu güne çenli atlary ýa-da familiýalary tutulan talyplara tejribeçilik geçýän mekdebiniň okuwçylary “mugallym” diýip ýüzlenýärler. Bu söz tolgunmadan ýaňa kalplary joşup duran talyp ýaşlary has-da begendirýär, öz saýlap alan kärine buýsanç duýgusyny döredýär. Hut şol pursatdan başlap, öz alýan bilimleriniň diňe bir özleri üçin däl, eýsem, ýurduň geljekki nesli üçin ähmiýetlidigine düşünip, öz işlerine has yhlasly ýapyşyp, jogapkärçilikli çemeleşýärler. Talyplar üçin bellenilen synag sapaklaryny geçmeklige usulyýetçi mugallym bilen bir hatarda mekdepleriň başlangyç synp mugallymlary hem ýakyndan ýardam berýärler. Mekdep mugallymlarynyň gyzyldan gymmatly maslahatlary talyplar üçin gollanma öwrülýär. 
Başlangyç bilimiň maksatnamasyna laýyklykda bellenilen her ders boýunça talyplar sapak geçýärler. Bu sapaklarda Mugallymçylyk mekdebinde alan hünär bilimlerini amalyýetde ulanýarlar. 
Tejribeçilik üçünji ýyl talyplary üçin hem örän ähmiýetlidir. Sebäbi bu döwürde ilkinji sapar mekdebiň gapysyndan ätleýän çagalary mugallym hökmünde garşylaýarlar. Çaganyň mekdepdäki ilkinji günleri baradaky “eşiden” zatlaryny talyplar öz tejribesinde görýärler. Bu döwür has uly ünsi talap edýän döwür. Çagalar baglarynda ýa-da maşgalada terbiýelenen çagalar bu döwürde täze dünýä aralaşýarlar. Bu ýatdan çykmajak pursatlary çagalaryň aňlarynda oňyn ýatlamalar galar ýaly şöhlelendirmek her bir mugallymdan hünär ussatlygyny talap edýär. Biziň talyplarymyz hem öz geljekki käriniň inçe we jogapkärçilikli taraplaryny özleşdirýärler. 
Üçünji ýylyň ikinji ýarymynda talyplar goşmaça hünär tejribeçiligini geçýärler. Bu döwürde başlangyç synp okuwçylary bilen däl-de, 5-6-njy synp okuwçylary bilen iş salyşýarlar. Öňki alan bilim we başarnyklaryny ders mugallymlaryň we usulyýetçi mugallymlaryň maslahatlary bilen baýlaşdyrýarlar.
Tejribe döwründe halypa mugallymlaryň goldawy aýratyn ähmiýetlidir. Olaryň iş usullaryny synlamak, pikirlerini diňlemek, maslahat almak – ýaş mugallymyň tejribesini baýlaşdyrýar. Bu bolsa, mugallymçylyk hünäriniň diňe bir iş däl-de, hakykatdanam ýürekden berilmegi talap edýän mukaddes kärdigini açyp görkezýär.
Talyplaryň mugallymçylyk tejribeligi olaryň hünär ussatlygyna tarap ilkinji ädimi bolup durýar. Bu ädim üstünlikli goýlanda, geljekde ýurdumyzyň bilim ulgamyna öz işine yhlasy, döredijiligi we watançylyk ruhy bilen hyzmat etjek täze mugallymlar ýetişip çykýar. Ýaş nesli terbiýelemekde ilkinji ädimiň ähmiýeti uludyr. Şeýlelikde, tejribeçilik döwri diňe bir okuw döwrüniň bölegi däl-de, eýsem geljekki hünär ýolunyň binýadydyr.
Döwletimizde ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim almaklary, nazary bilimlerini tejribede ulanmak üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Bu mümkinçilikleriň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milletimiziň geljegi üçin aladalary bar. Biz hem şol aladalara jogap edip, janaýaman zähmet çekjek mugallymlary taýýarlarys.

Umyt Baýramalyýewa, 
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09