Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde “Bilimli ozar” atly bäsleşigi geçirildi
Parahatçylyk dörediji aýdyň maksatlary, ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, köptaraply başlangyçlary bilen uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni şanly wakalara, zähmet üstünliklerine, dabaraly çärelere beslenýär. Şeýle çäreleriň biri biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde “Bilimli ozar” ady bilen geçirildi.
Welaýatymyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu bäsleşik talyplaryň bilimlerini, başarnyklaryny we endiklerini ösdürmek, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, şeýle-de talyplaryň syýasy-terbiýeçilik, medeni-köpçülik çäreleriniň hatarynda döwlet ders bäsleşigine taýýarlyk hökmünde guraldy.
Bäsleşige Türkmen Oba-hojalyk institutynyň, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň, Daşogzuň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň deslapky tapgyrda ýeňiş gazanan talyplary matematika, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, sanly ykdysadyýet, iňlis dili, rus dili, Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary, ekologiýa we daşky gurşawy goramak dersleri boýunça gatnaşdylar.
Bäsleşik Türkmenistanyň okuw mekdepleriniň arasynda hereket edýän okuw maksatnamalaryna laýyklykda ýörite taýýarlanan ýumuşlar arkaly geçirildi. Test barlagy sanly ulgam arkaly kompýuter we öýjükli telefonlaryň programma üpjünçiliginiň üsti bilen guraldy. Bu bolsa talyp ýaşlaryň diňe bir okuw derslerinden bilimlerini görkezmän, eýsem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan sanly bilim ulgamy baradaky konsepsiýanyň hem durmuşa geçirilýändigini, okuw-terbiýeçilik işine giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär.
Bäsleşigiň netijelerini ýörite düzülen eminler topary kesgitledi. Bäsleşikde I, II, III ýerlere mynasyp bolan talyplara Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň adyndan diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Üstünlikli çykyş eden talyplara minnetdarlyk hatlary berildi.
Dabaranyň ahyrynda bäsleşige gatnaşyjylar şeýle ajaýyp zamanada okamaga, öwrenmäge döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.
Umyt Baýramalyýewa, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy