Gyz edebi
Halkymyz gyz çagasyny aýratyn mähir bilen gurşap alýar. Olary ähli taraplaýyn gorap saklaýar. Ene-mamalarmyz gyzlaryna mynasyp zähmet terbiýesini berip, olaryň eli hünärli bolmagyna aýratyn üns berýär. Zandynda zähmet terbiýesi bolan gyz-gelinler durmuşyň islendik synagyndan ugur tapyp belmegi başarýarlar. Halkymyz: «Gyzym bar — gyýmazym bar», «Gyzly öý — gyzylly öý» diýip, gyzyny aýratyn söýüp, apalaýar. Geljekde agzybir maşgalanyň eýesi bolmaly, ömürlere dowam bermeli gyzlary belent ruhda, kämil düşünjeli edip terbiýelemek eneleriň-ejeleriň, şol bir wagtyň özünde mugallymlaryň hem mukaddes borjy bolup durýar. Durmuşda maşgala agzybirligini saklamak esasy aýal maşgala bagly bolýar. Aýal zähmete gaýym eli hünärli, elinden, dilinden ballar dökülüp duran bolsa onuň baran ýerinde sarpasy hemişe belent tutulýar.
Ene-mamalarmyz gadymy döwürlerden bäri gyzlaryna gaýynlaryny söýmegi, söwer ýaryny sylamagy, baran öýüne wepaly bolup, olaryň ody bilen girip, küli bilen çykmagy ündäpdirler. Gyz maşgalasyny söýýän, ony gözüniň göreji ýaly gorap saklaýan halkymyz gerek ýerinde diýseň talapediji bolupdyr. Olar: «Çaganyň gany-atadan, aňy-eneden», «enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de bizini», «Güler ýüzli ýigidiň gyz uýasy bolmasyn, gyz uýasy bolsa-da güler ýüzi solmasyn!» diýip, esasy gyz aljak ojagynyň aýal maşgalasyny — ejesini, enesini içgin synlapdyrlar. Eger-de şu günki eneler nesillere dogry terbiýe berse, onda gelejekde edepli, adamkärçilikli, zähmetsöýer, ula-kiça sarpa goýýan gelin-gyzlary ýetişdirerler. Şeýle zenanlary kemala getirip bilsek onda biziň geljegimiz has-da aýdyň we röwşen bolar. Ertirlerimiziň ygtybarly ellerde bolmagy üçin biz şu gün ýaş nesilleriň terbiýesine üns bermelidiris. Ertirki abadanlygymyz, agzybirligimiz, bagtyýarlygymyz hut şu günden başlanýar. Goý, ojaklarmyzyň ody hiç haçan öçmesin, ene-atalar bagtyýar ogul-gyzlarynyň bagtyna guwansyn.
Sona KURBANOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Ahal durmuşy gazeti, 12.02.2026ý. №7
Salgysy : Ahal durmuşy gazeti