“Bir asyrlyk şöhratly ýol – bu ynsanperwerligiň ýeňşi!”
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly başlangyçlary esasynda 2026-njy “Garaşsyz , baky Bitarap Türkmenistan bedew –batly at-myradyň mekany” ýylynda hem ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Biziň merdana halkymyzyň bagtyýar döwründe, eziz Diýarymyzyň ähli ugurda gazanýan üstünlikleri, ösüşleri diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem jemgyýetimiziň her bir gatlagynda ösüşiň, abadançylygyň alamatydyr. Eziz Watanymyz Türkmenistan häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşleriň, ösüşli başlangyçlaryň we bagtyýarlygyň ýurdy boldy.
Şu üstünlikleriň hatarynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti hem ýurdymyzda ynsanperwerligiň , birek-birege goldawyň we ynsan saglygynyň goragynda durýan giň jemgyýetçilik guramalarynyň biridir.
Bir asyr bäri ynsanperwerligiň, sahawatyň hem-de ýagşylygyň nyşany bolup gelýän Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti halkymyza hyzmat edip, müňlerçe adama goldaw berdi.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýylda döredilip, häzirki wagtda halkara ynsanperwer gurama hökmünde giň gerimli işleri alyp barýar. Bu jemgyýetiň işini ynsanperwerlik ýörelgelerine, adam saglygyny goramaga, howply ýagdaýlarda tiz kömek bermäge hem-de jemgyýetde ynsan mertebesini goramaga gönükdirýär.
2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň döredilmeginiň 100 ýyllygyna bagyşlanan ,,Bir asyrlyk şöhratly ýol -bu ynsanperwerligiň ýeňşi!” atly dabaraly çäre geçirildi. Geçirilen çärä mynasybetli Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Serdar Saparow, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň Saglygy goraýyş agzalary we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň müdiri Leýla Matýakubowa, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň meýletinçisi Gaýypowa Gunça gutlag sözlerini aýtdylar hem-de bu guramanyň alyp barýan işleri dogrusynda belläp geçdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz özüniň parahatsöýüjilik, dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini öňe sürýär. Goý, Bizi şeýle eşretli zamanada ýaşadýan, giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby Bägül Gapbarowa