Täzelenişiň baýramy
Bahar paslynyň gelmegi bilen kalplarymyza şatlyk paýlaýan, tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan Nowruz baýramy türkmen halkynyň iň gadymy we iň söýgüli baýramlarynyň biridir. Bu baýram diňe bir täze ýylyň başlangyjy däl, eýsem dostlugyň, agzybirligiň we bereketiň nyşanydyr.
Nowruz—pars dilinden terjime edilende "Täze gün" diýmekdir. Gündogar halklarynda, şol sanda türkmenlerde bu gün gije bilen gündiziň deňleşýän wagtyna, ýagny 21-nji marta gabat gelýär. Bu senany biz astronomik taýdan täze ýylyň başlangyjy we hakyky baharyň gelişi hökmünde garşylaýarys.
Nowruzyň taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine, has takygy ekerançylyk medeniýetiniň dörän döwürlerine çenli uzap gidýär. Bu baýram 2009-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi, 2010-njy ýylda bolsa Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan "Halkara Nowruz güni" diýlip yglan edildi.
Ýurdumyzda Nowruz baýramy aýratyn bir dabara, milli öwüşginler bilen bellenilip geçilýär. Baýramçylyk günlerinde aşakdaky esasy däp-dessurlar berjaý edilýär:
Semeni taýýarlamak: Nowruzyň baş tagamy bugdaý gögerdilip taýýarlanylýan semenidir. 01 bereketiň we bolçulygyň nyşany hasaplanýar.
Milli oýunlar: ýaşlar hiňňildik uçýarlar, ýigitler bolsa pälwanlyk, at çapdyrmak we beýleki milli oýunlarda bäsleşýärler. Hiňňildik uçmak — günälerden arassalanmagy we täze ýyla ruhubelentlik bilen başlamagy alamatlandyrýar.
Dost-ýarlary zyýarat etmek: adamlar biri-biriniň öýüne baryp, "Baýramyňyz gutly bolsun!" diýip, iň gowy arzuwlaryny beýan edýärler. Bu döwürde öýke-kineler ýatdan çykarylýar we agzybirlik berkidilýär.
Nowruz diňe bir dabaraly çäre däl, eýsem ynsanyň tebigat bilen sazlaşygynyň dabaralanmasydyr. Türkmen halky bu günlerde agaç nahallaryny oturdýar, ýer sürýär we geljekki hasylyň bol bolmagyny dileýär. Ýeriň oýanmagy bilen ynsanyň ruhy hem täzelenýär.
Nowruz baýramy biziň geçmişimiz bilen geljegimizi birleşdirýän, nesillere milli gymmatlyklarymyzy geçirmäge ýardam edýän mukaddes baýramdyr. Her bir öýe bereket, her bir kalba parahatçylyk getirsin!
Umyt Baýramalyýewa,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy