Kämil ynsan - beýik mugallym

Kämil ynsan - beýik mugallym

Tutuş adamzadyň dost-doganlyk, raýdaşlyk, watansöýüjilik, parahatçylyk baradaky garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan şanly sene — Ýeňiş güni ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at - myradyň mekany” ýylynyň taryhy wakalaryna, toý-baýramlaryna ulaşýar.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygynyň dabaralary watansöýüjiligi hem-de gaýduwsyzlygy terbiýeleýän medeni çäreler hökmünde adamlaryň durmuşynda, kalbynda mynasyp orun alýar. Adamzat taryhynyň iň pajygaly döwri bolan, 1418 gün dowam eden gazaply uruşda türkmenistanly gerçekleriň hem uly topary dürli harby birikmelerde, atyjylyk brigadalarynda, atly diwiziýada gaýduwsyzlygyň hem edermenligiň belent nusgasyny görkezdiler. Olaryň köpüsi orden-medallar bilen sylaglandylar, Gahryman adyna mynasyp boldular.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow:

Döş gerip çykdylar duşmana garşy,

Gerçek ogullary beýik Watanyň.

Lerzana getirdi ýer bilen arşy,

Gerçek ogullary beýik Watanyň

-diýen pelsepewi setirlerinde Watan ogullaryny uly hormat bilen ýatlap geçýär.

Duşmana garşy döş gerip Watan goragyna çykan şol gerçek ogullaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bardy.

Berdimuhamet Annaýew Balkan, Ahal welaýatlarynyň birnäçe mekdeplerinde dürli wezipelerde işläpdir. Ol häzirki Babadaýhan etrabynyň 6-njy doly däl orta mekdebinde müdir bolup işläp ýörkä, goşun gullugyna gidýär.

Obadaşlary bilen fronta ugran Berdimuhamet öz okuwçylary bilen hoşlaşyp, olaryň diňe 5-lik baha bilen okamaklaryny, tylda galanlara kömek etmeklerini, düzgün-tertipli bolmaklaryny, watansöýüji bolup ýetişmeklerini ündäpdir. Ol öz öýlerine ýeňiş bilen dolanyp geljekdigini hem ynam bilen aýdypdyr.

2-nji Ukrain frontunyň 748-nji atyjylyk polkunyň ýefreýtory Berdimuhamet Annaýew Beýik Watançylyk urşunda duşmana garşy gaýduwsyz göreşmek bilen mertligiň belent nusgasyny görkezipdir, özüni aýamandyr. Ol şeýle hem özüniň çeper söze ussatlygy bilen söweşdeş ýoldaşlaryny ýeňşe ruhlandyrypdyr. Elbetde, uruş-uruş bolýar. Berdimuhamet mugallym söweşleriň birinde agyr ýaralanyp, mähriban ojagyna dolanyp gelýär. Ol ýene-de özüniň söýgüli kärine, mugallymçylyk işine başlaýar.

Beýik Watançylyk urşundan sag-aman dolanyp gelen türkmenistanly esgerleriň atlary «Şöhrat» kitabyna girizilip, ol ebedileşdirilýär. Şolaryň arasynda Berdimuhamet Annaýewiň hem ady bar.

Hormatly Prezidentimiziň garry atasy, Gahryman Arkadagymyzyň atasy, Beýik Watançylyk urşunda edermenlik görkezen Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk ömür ýoly nesillere görelde mekdebidir. Watançy esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň söweş meýdanynda görkezen edermenligi Beýik Ýeňşiň gazanylmagynda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiziň garry atasy-ilhalar ynsan, sarpaly mugallym Berdimuhamet Annaýew öz kärine berlen, ony ýürekden söýen adam bolupdyr. Bu ynsan hakyndaky süýji ýatlamalar il arasynda henize- bu güne çenli ýaşap ýör. Onuň okadan okuwçylary, bile işlän adamlary öz halypalaryny ýagşylykda ýatlaýarlar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, mugallym ösüp gelýän ýaş nesli okatmak we terbiýelemek işinde esasy şahsyýet bolup durýar. Halka hyzmat edip, jemgyýetde hormat-sylaga mynasyp bolup, ömrüni mugallymçylyk kärine bagyşlan, ilhalar ynsan, watançy esger, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýew ýaş nesiller üçin görelde mekdebidir.

Gahryman Arkadagymyzyň ,,Älem içre at gezer”atly kitabynyň biz üçin gymmatly gollanmadygyny buýsanç bilen bellemek bolar. Bu kitapda bütin ömrüni nesil terbiýesine bagyş eden ajaýyp ynsan, mugallym we esger bolan Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk ömür ýoly örän çeper beýan edilýär.

Ata kesbini dowam etdiren Berdimuhamet Annaýewiň kitaba bolan garaýşynda hem aklyňy haýrana goýýan täsinlikler näçe diýseň bar.

Anna aga öz ,,Akyl sandyklaryny” körpe ogly Berdimuhamede miras goýup gidýär. Ýaşlykdan hat-sowadyň, kitabyň yşgyna düşen Berdimuhammet bu ruhy baýlyklar arkaly bilimler ummanynyň heniz açylmadyk syrlaryny açyp başlaýar. Anna aganyň “akyl sandyklary” biziň günlerimiziň adamlary üçin hem ýol-ýörelge, pähim-paýhasyň çeşmesi.

Romanda şeýle terbiýeçilik ähmiýetli wakalar beýan edilýär:

-Ýaşajyk Berdimuhamediň her bir hereketleri ahlak kadalaryna ýugrulan. Ol 12 ýaşyndaka eýýäm çaga okadyp başlapdyr. Kakasy Anna aganyň üzümli haýatyndaky üzümleri her anna güni Bamydaky bazara äkidip satýar eken. Şol ýerde ol demir ýol menzilinde dükanda oturýan rus adamsy Platon Iwanowiç bilen tanyşýar, onuň bilen gaty ysnyşýar. Platon Iwanowiç onuň üzümlerini satyn alýar . Berdimuhamet şol pullardan öz açan mekdebine gerek zatlaryny satyn alyp gaýdýar eken. Platon Iwanowiç mekdep üçin galam, kagyz, syýa, ruçka berýär . Indi Berdimuhamediň okuwçylary bölejik tagta hek bilen hat ýazman, kagyzyň ýüzüne ruçka hem galam bilen ýazýardylar. Ol okuwçy okadany üçin hak almandyr, bu mekdebiň esasy düzgüni bolupdyr. Gulagyna habar degende bolsa, Berdimuhamet enesinden :

“-Ene, okuw üçin hak alýarmyşyň diýýärler welin, dogrumy?-diýip sorapdyr.

-Oglum, men kimden näme almalydygyny gowy bilýärin. Sen alada etme... Ine, indiki gezek Bama gideniňde şu pullaryň ýetenine köýneklik ak mata, balaklyk üçin hem garamata alyp gel. Şonda düşünersiň...”

Bir hepde geçenden soň garry ene agtygyna şeýle diýýär “ Balam, üns berýäňmi, Mergeniň, Esenmyradyň, Güýçgeldiniň eşikleri ýama-ýamadyr. Bu gün okuwy tamamlamazyň öň ýanynda: “Şu hepde derslerine iň gowy ýetişen okuwçy Mergen boldy” diýip yglan et. Soňra ony meniň ýanyma iber. Ana, şonda özüňem düşünersiň” diýipdir. Garry ene ýaňky oglanjyga tiken köýnek-balagyny geýdirip goýberýär. Mundan başgada Berdimuhamediň enesi garyp, kemis iýýän, ýetmezräk çagalara ýeňil-ýelpaý işleri buýrup, olaryň garynlaryny doýrup goýberýär eken . Beýtdikleri, çagalar namys etmesin ýa-da naharlanmaga gelmäge çekinmesinler diýdigidi. (56-58 sah)

Roman ýaş nesle dostluk-doganlyk terbiýesini bermekde uly ähmiýete eýedir. Dürli halklaryň wekilleriniň arasyndaky, öz ýoldaşlarynyň arasyndaky dostlukly, ysnaşykly aragatnaşyk eserde gyzykly berilýär. Mysal üçin :

Berdimuhamet Annaýew kakasyndan galan ýazgylardaky sözleri hiç unudanok. Ine, dost saýlamakda hem şeýle. Kakasynyň “Ýalan dost kölegäň ýalydyr. Gün çykyp durka gaçybam gutulyp bilmersiň, asmana gara bulut gaplan badyna welin, ony gözläbem tapyp bilmersiň” diýen sözleri Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gazak ýigidi Jaksylyk Bekdöwletow bilen dostlaşmagyna getirýär, olar aga-ini, ataly-ogul ýaly bolup ysnyşýarlar. Birnäçe günüň dowamynda ot-ýalnyň içinde geçilen ýol gazak ýigidiniň nähili mert, edermen, gaýduwsyzlygyny görkezdi. Şeýle pursatlarda esger dostlugynyň gymmaty has aýdyň bolýar eken. Berdimuhamet başardygyndan dostuna göwünlik bermäge çalyşdy. ( 180 sah)

Mugallymyň şahsyýetine mahsus sypatlar barada romanda şeýle ýazylýar:,,Berdimuhamet Annaýew çagalara diňe sowatly okamagy we ýazmagy öwretmän, bilim bermän, eýsem, olaryň kalbyna jemgyýetde özüňi mynasyp alyp barmagyň endiklerini guýýardy. Ol çagalarda diňe bir uly adamlara däl, eýsem, öz deň-duşlaryna-da hormat bilen we aýawly garamagy terbiýeleýärdi”.

,,Älem içre at gezer”atly romany ýurdumyzyň ähli bilim işgärlerniň ýankitabyna we olaryň bilim terbiýeçilik işleriniň meselelerini çözmekde ulanýan iň ygtybarly gollanmasyna öwrüldi. Sebäbi romanda häzirki pedagogika ylmynyň esasy düşünjeleri düzgünleri açylyp görkezilipdir. Onda terbiýe, onuň görnüşleri, usullary, serişdeleri, maksady, mazmuny hem-de pedagogika ylmynyň beýleki wajyp meseleleri öz beýanyny tapypdyr.

Esasy bellemeli zat, ol hem hem pedagogika ylmynyň möhüm meseleleriniň Berdimuhamet Annaýewiň mugallymçylyk tejribesi bilen baglanyşdyrylýandygyndadyr. Bu bolsa, Milli Lidermiziň ajaýyp eseriniň gymmatyny, ähmiýetini has-da artdyrýar.

“Älem içre at gezer” romanyň baş gahrymany ilhalar ynsan, sarpaly mugallym Berdimuhamet Annaýewiň çeper keşbi ýaş neslde ahlaklylygy we ahlak terbiýesiniň biri bolsa ynsanperwerligi, ylma-bilime söýgini, kitaba söýgini terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazyna.

Bu gün edermen esger, ussat mugallym Berdimuhamet aganyň agtygy Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, çowlugy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow parahatçylygyň ygtybarly goragçysy hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýar hem-de hormatlanýar.

Berdimuhamet Annaýewiň Watan goramakda, okuw sapaklaryny okatmakda döreden usuly tejribesi ýaş mugallymlar üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalary kämil şahsyýet edip kemala getirmekde görelde mekdebidir.

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, ,,Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” ýubileý medalynyň eýesi, Daşoguz şäher Halk Maslahatynyň agzasy Amangeldiýewa Maýsagözel Muhammedowna 

Paýlaş


Beýleki täzelikler

Ylym-bilime giň ýol açylýar

23/04/2026

Ylym-bilime giň ýol açylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bilimdir ylma giň ýol açdy. Häzirki döwrüň talabyna...

Täzelenişiň baýramy

21/03/2026

Täzelenişiň baýramy

Bahar paslynyň gelmegi bilen kalplarymyza şatlyk paýlaýan, tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan No...

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09