Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow:,,Halkymyzyň saglygy berkarar Watanymyzyň rowaçlyklarynyň we üstünlikleriniň gözbaşydyr” diýip belleýär. Munuň özi,, Döwlet adam üçindir! ” diýen ýörelgä laýyklykda halkymyz hakynda edilýän aladanyň beýanydyr.
Saglyk ähli gowulyklaryň sakasynda duran, adama berlen bahasyna ýetip bolmajak peşgeşdir. Ol adam ömrüniň bezegidir.
Mähriban Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda neşekeşlige, neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna, çilimkeşlige, naskeşlige garşy ýörite kararlar kabul etdi.
Garaşsyz döwletimiziň, Bitarap Watanymyzyň we halkymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesil hakynda uly alada edilýär.Şol aladalar çagalaryň abadan ýurtda, sagdyn durmuşda ýaşamaklaryny, döwrebap bilim-terbiýe almaklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurt baştutanymyzyň kabul edýän kararlaryna, çykarýan permanlaryna mynasyp işler bilen jogap bermek, Watanymyzyň bähbitlerine ak ýürekden hyzmat etmek biziň her birimiziň, ylaýta-da, mugallymlaryň borjudyr.
Biz nesillerimiziň aňynda şeýle nogsanlyklara ýigrenç duýgusyny ir döwürden oýarmaga çalyşmalydyrys. Geljekde gönüden-göni çagalar bilen iş salyşjak mugallymlary taýýarlamak bilen meşgullanýanlar üçin--ä bu wajyp mesele has-da möhümdir. Şuny göz öňünde tutup, Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty derslerinde, topar ýygnaklarymyzda Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan peýdalanýarys. Beýik akyldaryň sargytdyr wesýetlerini bir gezek okan islendik ynsanyň ýüreginde onuň çagyryşlarynyň müdimilik orny bar. Edebiýat äleminiň ägirdi, beýik akyldar Magtymgulyny ruhy dünýämiziň sarsmaz sakasy hasaplaýarys.
Magtymguly ilini-ýurduny jany- teni bilen söýen şahyrdyr. Ol ähli güýjüň, kuwwatyň, adyň, abraýyň seniň iliňe ýurduňa edýän hyzmatyňa, olara goýýan gadyr- gymmatyňa baglydygyny yzygiderli nygtaýar. Şahyr il-ýurt meselesine bolan garaýyşlary: mertligiň –namartlygyň, gysgançlygyň –jomartlygyň, gorkaklygyň –batyrlygyň umuman belent adamkärçiligi emele getirýän ahlak häsiýetleriň ölçeg daşy hökmünde orta çykarýar. Adamyny onuň hut il- ýurt meselesine bolan garaýyşlary esasynda sallarlap görýär, baha berýär. Şu jähtden ol: “Gurap galsyn il derkary bolmasa” diýip ýazýar.
Beýik şahyryň watançylyk, edep-terbiýe, agzybirlik, söýgi, öwüt-nesihat, ahlak we beýleki temalardan ýazan goşgulary halk arasynda öçmejek yz galdyrdy.
Pyragynyň,,Ölmezden burun” goşgusynda:
Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun,
Hastalyk şükürini kylgyl, täki ölmesden burun,
Düz ýeriň gadryny bilgil, derýa dolmasdan burun,
Gämide hüşgär oturgyl, girdaba gelmesden burun,
Ýagşylygyň gadryny bilgil, tä ulalmasdan burun __
diýen setirlerinde nygtaýşy ýaly, adamda saglykdan we imandan gymmatly zadyň ýoklugyna göz ýetirmek bolar.
Saglygyň gadyryny bilmegi, bütin bedeni, kalby dürli nagsanlyklardan gorap saklamaklygy, adama gelişmeýän ýaramaz häsiýetlerden gaça durmagy wesýet edýän şahyryň,,Çilim”, ,,Çilimkeş”, ,,Nas atan” ýaly goşgulary delil bolup biler.
Magtymguly Pyragy:
Temmäki diýip, her ýan işige ýortar sen,
Gola kakyp, üç mysgalyn atar sen,
Bir sümrügip, ýanbaşyňa sürter sen,
Haram bolar üsti-başyň, nas atan.
Bir adamy görseň, gizläp gaçar sen,
Burnuňdan dem gelmez, agzyň açar sen,
Keýpi gelse, ogul-gyzdan geçer sen,
Haýran bolar oba-goňşyň, nas atan.
diýip, nasyň döredýän ruhy we maddy nogsanlyklary barada adalatly belleýär.
Türkmen,,Nas atan – göründe hallan atan” diýip ýöne ýere aýtmaýar. Bu kesgitli söz düzümi naskeşlige ýüz uran adamlara şu pişeden el çekmekligine gönükdirilen berk ýazgaryşdyr.Ýaşlara nasyň juda zyýanlydygyny, hapadygyny, ondan daşda durmalydygyny düşündirmek üçin wesýetdir.
Nas atýan diňe bir öz janyna howp salman, eýsem jemgyýetçilik tertip-düzgünini-de gödek bozýar, şahsy gigiýenany berjaý etmeýär.
Ata-babalarymyz çilim çekmegiň-de adamda döreýän zyýanly endikdigini, onuň saglyga ýaramaz täsir edýändigini aýdyp, çilim çekýänleri ýazgarypdyrlar. Muny nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynda hem görmek bolýar. Şahyr:
Kuwwatyň kemelder, güýjiň azaldar,
Keýpi kellä gelse, aklyň azdyrar,
Süňňüňi syzdyrar, etiň gyzdyrar,
Bir nyşana budur sende, çilimkeş
El götergil beýle nahak talaşdan,
Puluň köýer, janyň ýanar bu başdan,
Erte garnyň doldurarlar ataşdan,
Zähri çykmaz, galar tende çilimkeş –
diýmek bilen, çilimi taşlamak barada, çilimiň adam bedeninde döredýän näsazlyklaryny, onuň getirýän zyýanyny, çilimiň adam bedenine zäher bolup goşulyp, saglygyna öz elleri bilen zyýan ýetirýän çilimkeşleri usatlarça beýan edipdir. Şahyryň şeýle öwüt-ündewli goşgularyna ýüzlenen her bir ynsan kalbyna şypa tapar, ruhuny päklär. Umuman, dana atamyz Magtymguly Pyragyny ynsanlaryň ruhy lukmany hökmünde häsiýetlendirmek mümkin.
Şahyryň ahlak pelsepesine dogry düşünip ony doly derejede iş ýüzüne geçirmek üçin Mugallymçylyk mekdebimizde geçilýän her dersimizde, topar ýygnaklarymyzda onuň saglyga degişli goşgularyny, öwüt-ündewlerini ýaşlara ýetirýäris.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilim ulgamyny özgertmek, ynsan saglygy, sagdyn durmuş barada Atalyk aladalaryny edýär.
Goý, hormatly Prezidentiziň bu ugurlardaky işleri mundan beýläk hem uly rowaçlyklara beslensin!
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, ,, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna" ýubileý medalynyň eýesi, Daşoguz şäher Halk maslahatynyň agzasy Amangeldiýewa Maýsagözel Muhammedowna