Başlangyç synplarda okuwçylaryň işjeňligini artdyrmakda oýunlardan peýdalanmagyň ähmiýeti.
«Garaşsyz, baky BitarapTürkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bagtyýar halkymyzyň parahat hem abadan durmuşda ýaşamagy, ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi, döretmegi ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde beýik işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Şerdar Berdimuhamedowyň: "Ylym we bilim jemgyýetiň hem - de döwletiň hemme taraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr." diýen paýhas eleginden geçen ajaýyp sözi bilim ulgamynda düýpli özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmakda başlangyç synp mugallymlary özara işjeňlik usullardan peýdalanyp döwrebap işlemeklige borçlanýarlar. Şol sebäpli-de, biziň esasy maksadymyz ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almaklaryny we ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýan adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdyr. Şeýle şahsyýetleri taýýarlamagyň ilkinji ädimleri orta mekdebiň başlangyç synplaryndan başlanýar.
Başlangyç synplarda sapaklary täsirli guramak möhümdir. Şeýle edilende, çagalaryň temalary oňat özleşdirmeklerinde, olaryň bilime bolan höwesini ösdürmäge ýardam edýär.
Türkmen dili sapagynyň netijeliliginiň ýokary bolmagyny gazanmagy ýardam edýän usullaryň biri hem sapagyň dowamynda öwrenilýän tema bilen baglanyşdyrylyp geçirilýän oýunlardyr. Çaga durmuşyny oýunsyz göz öňüne getirip bolmaz. Sebäbi çagalar heniz mekdebe gelmänkäler oýun olaryň esasy güýmenjesi bolýar. Mugallym geçilýän temany oýunlar bilen utgaşykly düşündirende okuwçylar ony tiz özleşdirýärler. Sapagyň islendik etabynda hem oýundan peýdalanmak bolýar. Bu elbetde mugallymyň başarnygyna baglydyr.
Mugallym şonda oýunlary okuw-görkezme esbaply guraýar. Şonda ol harplar bilen görkezme esbaplary gerekli suratlary peýdalanýar. Geliň indi birnäçe oýunlara seredip geçeliň:
Saýgar.
Oýna okuwçylaryň hemmesi gatnaşdyrylýar. Bu oýun söz toparlary geçirilýär-kä oýnadylýar. Munda mugallym okuwçylara oýun başlanmazdan öň oýnuň şertini düşündirýär. Eger mugallymyň aýdan sözi işlik bolsa, onda okuwçylar el çarpmaly, sypat bolsa çagalar gozganman oturmaly. Mysal üçin mugallym “ uçdy “ diýýär. Onda okuwçylaryň hemmesi elini çarpýar. ” Gyzyl” diýýär okuwçylar gozganman oturýarlar. Eger şonda-da, elini çarpan okuwçy bolsa, onda şol partadaky okuwçylaryň utuldygy bolýar. Oýun çagalarda eserdeňligi, söz toparlaryň aýratynlygyny seljermegi terbiýeleýär.
Bogunlardan söz düzmek.
Bu oýun geçilen temalary gaýtalamak maksady bilen guralýar. Mugallym arakesmede multimedia tagtany üçe bölýär. Olaryň birinde ösümlik, beýlekisinde haýwan, üçünjisinde miwe atlaryny ýazýar. Şeýle edilende, okuwçylaryň haýwanlar, ösümlikler, miweler baradaky düşünjeler hem ösdürilýär. Mugallym bu sözleriň bogunlaryny öňli-soňly ýazýar. Mysal üçin:
Gaç-a (agaç), gyr-sy(sygyr), le-gö(göle), wuk-to (towuk), möjek (jek-mö), ma-al (alma), şik-pi (pişik) we.ş.m.
Oýun başlanmazdan ozal hatarlaryň hersinden okuwçylaryň birini synp tagtasyna çagyryp, multimedia tagtadaky ýaňky bogunlardan söz düzmegi tabşyrýar. Kim öňürti maksadalaýyk söz düzmegi başarsa, şol okuwçynyň hatary hem oýunda utýar. Mysal üçin: Birinji synpda gözegçilik boýunça ýokardaky ösümlikler, haýwanlar, miweler barada düşünje berilýär. Olaryň ýaşaýan, bolýan, ösýän ýerleri hakynda gürrüň edilýär. Kitapda-da gürrüň edilýär. Ine ol sözleri berkitmek, ýazylyş düzgünini bilmek ýaly endikler terbiýelenýär. Mundan başga-da oýun oýnalynmazdan ozal birnäçe gezek gaýtalanýar.
Gizlenen söz.
Bu oýun okuwçylaryň özbaşdak pikirleniş ukyplaryny kämilleşdirýär. Oýna okuwçylaryň hemmesi gatnaşdyrylýar. Mugallym ilki bilen multimedia tagtasynda mekgejöwen, baýguş, ýolbars, ýaly soňky bogny belli bir many aňladýan atlaryň ýazgysyny çykarýar. Okuwçylara ol sözleri oturan ýerlerinden sessiz özbaşdak okamaklyk tabşyrylýar. Soňra mugallym sözleri ýeke-ýekeden okaýar. Soňky bogunlaryň aňladýan manysyny okuwçylardan soraýar. Haýsy hatardan köp okuwçy dogry jogap berse, şol hatardaky okuwçylar hem utuş gazanýarlar.
Kim ýatkeş.
Oýun geçilenleri gaýtalamak maksady bilen guralýar. Mugallym synp tagtasynda içinde inçe çekimli we ýogyn çekimlili sözleri ikä bölüp ýazmagy tabşyrýar. Inçe çekimlili sözler we ýogyn çekimlili sözler. Synp okuwçylary iki topara bölünip, hersinden bir okuwçy synp tagtasyna çykarylýar we ýazdyrylýar. Munda okuwçylaryň haýsysy şerti dogry ýerine ýetirse, şol ýeňiş gazanýar. Ýöne okuwçynyň synp tagtasynda ýazyşyna, sözleriň dogry ýazylyşyna syn etmeli. Ýatdan näçe çekimli bar, olar näçe topara bölünýär diýen ýaly soraglar bermeli.
Kimiňki dogry.
Oýun okuwçylaryň ýatkeşligini we pikirlenmek endiklerini ösdürýär. Oýun geçilen temany gaýtalamak maksady bilen guralýar. Bir okuwçy öňe çykarylýar. Şonda mugallym öňki sapaklarda geçilen temalaryň atlaryny ýazyp stoluň üstünde goýuşdyrýar. Okuwçy olaryň birini eline alyp, tema barada gürrüň berýär. Onuň jogabyny oturan okuwçylar hem diňleýärler. Eger nädogry ýa-da kemterräk aýdaýsa, onda oturan okuwçylardan hem jogap alynýar. Haýsy hatarda jogap beren okuwçy köp bolsa, şol hatardaky okuwçylaryň utdygy bolýar.
Toparyňy tap.
Bu oýun okuwçylaryň pikirleniş endiklerini ösdürmek üçin geçirilýär. At, sypat, san ýaly söz toparlary geçilenden soň mygallym multimedia tagtasynda şu toparlara degişli sözleri ýazyp goýýar we her hatardan bir okuwçyny çykaryp söz toparlaryna degişlilikde sözleri dogry bölmegi tabşyrýar. Bir hataryň okuwçysy sypatlara degişli, beýleki hataryň okuwçysy sanlara degişli sözleri ýazmaly.
Haýsy hataryň okuwçysy dogry we çalt ýerine ýetirse, şol hatar ýeňiş gazanýar.
Haýsy hatar üýtgedi?
Başlangyç synpda bu oýun okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek endiklerini ösdürýär. Oýna okuwçylaryň hemmesi gatnaşdyrylýar. Mugallym “ gaz “ bug “ diýen sözleri multimedia tagtasynda görkezýär. Okuwçylar ony okaýarlar. Sözleriň manysyny, harp sanyny mugallym sorag-jogap arkaly, anyklaýar. Soňra mugallym “ gije” diýip aýdýar. Okuwçylar kellelerini elleriniň üstünde goýup, gözlerini ýumýarlar. Şondan soň mugallym “gündiz“ diýip aýdýar. Okuwçylar kellelerini galdyryp, ýene-de synp tagtasyndaky ýazgylara az wagt özbaşdak syn edýärler. Soňra mugallym haýsy harp çalşyrlandygyny, hem olaryň manysynyň nähili üýtgändigini soraýar.
Mugallymyň oýnatjak oýny tema laýyk bolmalydyr. Ol bu oýna öňünden pugta taýýarlyk görmelidir we gerekli okuw görkezme esbaplaryny hem öňünden taýýarlamalydyr. Bu görkezme esbaplar döwrebap we talabalaýyk bolmalydyr. Her bir mugallym her oýna döredijilikli çemeleşmelidir. Olar geçilýän beýleki temalar bilen berk baglanyşdyrylýar. Oýunlar çagalaryň ýatkeşligini ösdürýär, olaryň aňly-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmeklerine ýardam edýär.
Häzirki wagtda ýaş nesle döwrebap bilim terbiýe bermekde biz—bilim işgärleri dünýä tejribesini, innowasion tehnologiýalary işjeň ulanýarys. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Bu bolsa watansöýüji ýaşlary, kämil hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmekde möhüm ugur bolup durýar.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Muradowa Jeren Allaberdiýewna