Açyk gapylar- bilim dünýäsine ädim
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylymly- bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, ata Watana, il-güne, merdana ata- babalarymyzyň ýol- ýörelgelerine wepaly adamlar, dünýä dillerini suwara bilýän ilhalar ýaşlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym- bilim ulgamynda döredilýän giň mümkinçilikler biziň her birimizi buýsandyrýar. Ýurdumyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi jemgyýetimiziň medeni we ruhy taýdan sazlaşykly ösmeginiň esasy şertine öwrüldi.
Her ýyl geçirilýän däbe görä, 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at- myradyň mekany” ýylynyň 5-nji maýynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde mekdep okuwçylary üçin “Açyk gapylar” güni geçirildi. “Açyk gapylar” gününde mekdebimiziň tejribeli mugallymlary tarapyndan mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň başarnykly, giň gözýetimli, öz zähmeti bilen ýurdumyzyň şöhratyna şöhrat goşjak, mukaddes Watany, ene topragy jany- teni bilen söýýän nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda dünýä ülňelerine laýyk gelýän kämil innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda öňde goýan döwlet syýasaty dogrusynda täsirli gürrüňleri berdiler. Mekdebimiziň talyp ýaşlary okuw mekdebiniň taryhy, gurluşy we gazanylan üstünlikler barada maglumatlary giňişleýin gürrüň berdiler. Soňra mekdep okuwçylary mekdebimiziň baş binasynda okuw mekdebimizde öwredilýän hünär dillerine degişli kitaplar, kitapçalar, bezeg işleri ýaly ýörite gurnalan sergi bilen tanyşdylar. Şeýle-de, ýokary derejede guralan bu tanyşdyryş çäresiniň dowamynda geljekki uçurym okuwçylar mekdebimiziň kitaphanasynda elektron kitaphana gory bilen, sanly bilim ulgamyny ösdürmek babatynda Emeli aň saýtlarynyň dürli görnüşleri bilenem tanyşdyryldy. Biziň okuw mekdebimiz barada geçirilen bu tanyşdyryş çäresi mekdep okuwçylarynda biziň mekdebimize bolan gyzyzklanmany has-da artdyrdy.
Goý, ýurdumyzyň ylym- bilim ulgamyny döwrebap ösdürmekde yzygiderli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaç bolsun!
Ogulşat Durdymedowa,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty