Milli buýsanjymyzyň goşa ganaty
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “ Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýyly her bir güni göwünleri joşdurýan şanly wakalara, taryhy pursatlara, toýdur baýramlara beslenýär. Ynha, bu gün hem agzybir halkymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni uly dabaralar bilen belleýär. Esasy Kanunymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de Ýaşyl Baýdagymyz halkymyzyň şan-şöhrata beslenen geçmişini, häzirki bagtyýar zamanasyny, nurana we aýdyň geljegini beýan edýän milli gymmatlyklarymyzdyr. Bu goşa mukaddeslik halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň dünýä dolan şan-şöhratynyň beýanydyr. Sebäbi halkymyz adalatly kanuna daýanmak bilen Ýaşyl Tuguny belentde parladyp, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň eden arzuw- umytlarynyň, belent maksatly tutumlaryny üstünlikli durmuşa geçirýär. Dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşygyny ösdürmek hem-de mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda uly işleri amala aşyrylýar. Esasy Kanunymyz adamy döwletiň hem-de jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýär. Hut şundan ugur alyp hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowana ýoldan röwşen geljege tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda her bir raýatyň azatlyklary hem-de hukuklary pugta goralýar. Sebäbi Konistitusiýamyzyň biziň her birimiziň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagymyza, döredijilikli hem-de yhlasly zähmet çekmegimiziň, okamagymyzyň, mynasyp dynç almagymyzyň mizemez hukuk binýadydyr. Ýurdumyzda alnyp barylýan il- ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli işleriň ählisi Konstitusiýamyzdan gözbaş alyp, Watanymyzyň şan- şöhratyny dünýä ýaýýar. At abraýy dünýä dolan ata Watanymyzyň, ene topragymyzyň mukaddes bolşy ýaly onuň Ýaşyl Baýdagy-da mukaddesdir. Ýaşyl Baýdagymzyň düýp manysynda halkymyzyň bäşmüňýyllyk şan-şöhratyna beslenen taryhy, nesilbaşymyz Oguzhanyň adalatlygy, Gorkut atanyň parasatlylygy, Görogly begiň gahrymançylygy, Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhaslylygy türkmen halkynyň milli däp-dessurlarydyr, edim-gylymlary jemlenen. Hut şonuň üçin-de halkymyz Baýdaga mukaddeslik hökmünde seredip, oňa togap edýär, baýdagyň öňünde baş egýär. Baýdagy döwletsiz, döwleti bolsa-da Baýdaksyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Çünki, Baýdak döwletliligiň alamaty, ol döwletiň nyşany. Baýdak her bir milleti dünýä ýüzünde tanadýan nyşandyr. Onda halkyň milli özboluşly aýratynlyklary jemlenen. Ajaýyp haly gölli, aý-ýyldyzly, zeýtun baldajykly ýaşyl reňkli milli Tugumyz bu günki gün döwrüň depesinde parlap, tutuş adamzady parahatçylykly, asuda durmuşda ýaşamaga çagyryp, türkmeniň adyny şan- şöhratyny dünýä ýaýýar. Esasy Kanunymyzyň kämilligi halkymyzyň mundan beýläk-de bagtyýar durmuşda ýaşamak ugrunda alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenjekliginiň aýdyň kepilidir. Mähriban halkymyzy bagtyýar geljegiň nurana menzillerine tarap ynamly gadamlar bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ogulşat Durdymedowa Sapardurdyýewna, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň psihologiýa mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty