Ejemiñ düwünçegindäki mukaddeslik (şahyrana oýlanma)
Säher wagtydy, obamyzdaky adamlar sag-aman örüp, her kim işeri bilen gümradylar, daşarda tamdyryň alawly odunyň sesi eşidilýärdi. Men bolsa, eýýäm birnäçe wagtdan bäri ýol torbalarymy jemläp, şähere okuw gitmek üçin taýýarlyk görýärdim. Emma şol pursat aýaklarym ýere çüýlenen ýalydy, öýden çykmak, ejemiň mähirli gujagyndan aýrylmak maňa dünýäniň iň agyr işi bolup görünýärdi. Ejem ýanyma geldi. Onuň ýüzündäki her bir gasyn, maňa bitiren hyzmatlarynyň, çeken zähmetleriniň we ukusyz geçiren gijeleriniň sebäbidi. Ol elinde ak mata dolanan, entek gyzgynlygy gitmedik, ysy tutuş howlyny gaplap alan täzeje ýapylan çöregi maňa uzatdy. Men ejemiň barmaklaryndaky tamdyr odunyň tegmilini, hamyr ýugran mylaýym ellerini görüp, şol pursat gözlerimden akan damja göz ýaşlarymy bildirmejek bolup, dözümsizlik bilen gözlerimi aşak saldym.
Meniň ejemiň maňa beren şol düwünçegindäki diňe bir çörek däldi. Ol çörek-ejemiň janynyň bir bölegi, maňa bolan çäksiz ynamy we alys ýollarda meni gorajak dosty, ýoldaşydy. Çöregiň ysy burnuma uranda, men diňe bir bugdaýyň däl, eýsem, ejemiň maňa beren mährini we mähirli sözüni duýdum.
Umumy ýaşaýyş jaýyndaky öz otagymyň bir burçunda oturanymda, şol düwünçegi açan pursatym ýadymda. Çöregiň bir bölegini döwenimde, hamala, ejemiň ýylyjak, mähirli ellerine degýän ýaly boldum. Şäheriň sowuk gijelerinde meniň kalbymy ýyladan zat şol tamdyr çöreginiň mähri boldy. Men şol pursat düşündim: bu dünýäde enäniň bişiren çöreginden has gymmatly, has mukaddes hiç bir hazynanyň ýokdugyna. Ol çörek maňa diňe bir gurbat däl, eýsem “Sen okamaly, sen adamlara ylym-bilim öwretjek, durmuşda öz ýoluňy tapyp biljek adam bolmaly” diýen sessiz öwüdini berýärdi.
Ejem elimden tutup: “Gyzym, ýoluň ak bolsun! Oka, abraýly adam bol! Men saňa ynanýaryn” diýip, maňa ak ýol arzuw edipdi. Onuň gözlerindäki ýaş gynanç däl-de, buýsanç göz ýaşlarydy. Her ädim ätjek bolanymda, ejemiň tamdyr başyndaky durşy, oduň ýalkymyndan nurlanan ýüzi göz öňümden gitmeýärdi.
Okuwyň ilkinji günlerinden men okuw jaýymda göreldeli talyp gyzlaryň biri hökmünde tanalýaryn. Köpçülikleýin çärelerde alypbaryjy ýa-da aýdymçy bolup sahnada duranymda, döredijilik bäsleşiklerine gatnaşanymda, meniň iň uly ylhamym-şol mähirli pursatlardyr. Bir gezek sahnada durkam, ejemiň iň gowy görýän aýdymynyň heňini eşidenimde, göz öňüme ejemiň şol tamdyr başyndaky durşy geldi. Sahnadaky aýdymyň her bir sözi hamala maňa “Gyzym, men seniň bilen” diýýän ýalydy. Sahnadaky ähli owazlar meniň kalbymda diňe seniň mähriňe öwrüldi, ejemjan! Şol pursat oturan tomaşaçylara, talyp deň-duşlaryma seniň maňa bolan ynamyň üçin aýdym aýtdym…
Haýsydyr bir işe başlamazymdan öň, men hökman ejem bilen maslahatlaşýaryn. Käbämiň öwütleri, berýän maslahatlary meni hemişe üstünliklere alyp barýar. Onuň: “Gyzym, päklik bilen başlanan işiň soňy haýyr bolar, hemişe halkyň hyzmatynda bol!” diýen ýönekeýje, emma durmuşyň iň uly hakykatyny özünde jemleýän sözleri meni hemişe ýalňyşmakdan goraýar we belent sepgitlere, üstünliklere ugrukdyrýar. Men öz saýlap alan mugallymçylyk kärime diňe bir hünär hökmünde garaman, mukaddes borç hökmünde garaýaryn. Sebäbi mugallym bolmak ýüreklere bilim tohumyny sepmekdir, mähir paýlamakdyr. Men her bir okuwçymyň gözlerine bakanymda, ejemiň maňa bakan mähirli nazaryny bermäge çalşaryn. Men olara terbiýe, ylym-bilim bermek bilen bir hatarda ejemden öwrenen mährimi we sabyrlylygymy bermek isleýärin.
Meniň saýlan mugallymçylyk kärim hem ejemiň maňa beren çäksiz mähriniň dowamydyr. Men nirede bolsam-da, elmydama ejemiň şol mähir doly düwünçeginiň ýylylygyny ýüregimde göterýärin. Sebäbi meniň iň uly mugallymym-meni mähir bilen terbiýeleýän, aýdymyma owaz, kalbyma heň, ylham, ýoluma nur bolýan ejemdir.
Laçyn Halowa, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 201-nji toparynyň talyby