Ýüreklerde Arkadaga alkyş bar
Ynha, golaýda Märiban hem Gahryman Arkadagymyzyň hak howandarlygynda, Bitaraplygyň we Garaşsyzlygymyzyň hözürini görüp, erkana durmuşy başdan geçirýän türkmen halky özüniň Şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileý toýuny dabaraly ýagdaýda belläp geçdi.Men hem şu şanly sene mynasybetli ähli ildeşlerimizi,Hormatly Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn,goý güneşli diýarymyzyň her bir güni toýdyr-tomaşa beslenip,tutýan toýlarymyzyň dowamaty-dowam bolsun!
Ýeri gelende aýtsam ýurdumyzyň ähli künjeginiň ýubileý toýumyz mynasybetli şatlyk-şowhunlara beslenýän şu ajaýyp pursadynda maňada şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Hormatly Arkadagymyz meniň bilim ulgamynda ýaşlara döwrebap bilim we terbiýe bermekde, Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky adyl syýasatyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde çeken kiçijik zähmetime ullakan baha berip, maňa “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurdy.Şu mynasybetli meniň begenjimiň, guwanjymyň çägi ýok.Şu pursatda öz halkynyň parahatçylygy, asudalygy üçin taýsyz tagallalar edýän, Türkmen halkyny belentden-belent ösüşler sary alyp barýan Mähriban we Gahryman Arkadagymyza köp-köp sag bolsunlar aýdyp öz minnetdarlygymy bildirýärin. Goý, halkyny gün kibi çoýup, bize ýaşamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman we Mähriban Arkadagymyzyň başy dik, ili aman bolsun, il-gün bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan ähli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Arazgeldi Ýegenow.
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň matematika mugallymy.
Daşoguz habarlary.02.10.2021ý.