Okuw sapaklarynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti
Asyrlarboýy ata-baba ýol-ýörelgelerine berk eýerip, geljege ynamly bakýan halkymyz ylym-bilime uly hormat goýupdyr. II içinde uly hormatdan peýdalanýan adamlaryň aglabasy özleriniň bilimdir zehinleri bilen ile belli bolupdyrlar. Bu gadymdan gelýän milli ýörelgämiz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar bolan ajaýyp Diýarymyzda mynasyp dowam etdirilýär. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda hormatly Prezidentimiz: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belläp geçýär. Ylym-bilim ynsany belende göterýän gymmatlyk hökmünde kesgitlenilendir. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň ýaşlara sargytlary bu gün bilim edaralarynda terbiýeçilik işleriniň ýokary derejede ýola goýulmagynda uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Ýurdumyzda ýaş hünärmenleriň döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde-de okuw sapaklaryny döwrebap esasda ýola goýmak üçin ähli şertler bar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ynsan hemişe kämillige ymtylýar. Kämillik bolsa mertebe we derejedir. Ýaşlarymyz bu hakykata göz ýetirmelidirler. Ýadawsyz zähmet, bilimleri we hünärleri yhlasly ele almak, tejribe toplamak kämillige eltýän ýoldur» diýip belleýşi ýaly, okuw mekdebimizde bilim alýan talyplara bu gymmatly nesihatlar durmuş hakykaty bilen baglanyşdyrylyp düşündirilýär. Talyplarymyz alan bilimlerini tejribede doly özleşdirmekleri üçin orta mekdeplerde tejribelikde bolýarlar. Geçmişde ata-babalarymyzyň tejribe sapagyndan geçen durmuş ýörelgeleriniň nusgalyk derejede kämilleşendigi mälimdir. Biz hemişe şol kämil nusgawy ýörelgeleri durmuşymyzda ýygy-ýygydan ulanýarys we şoňa görä netije çykarýarys. Bu bilim almak, hünär eýesi bolmak babatda-da şeýledir. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlarymyz bilen geçiren umumy okuw sapagynda aýdan nesihatlary, geçmiş taryhymyzdan we milli tejribämizden getiren mysallary ýaşlar üçin bu babatda anyk ýolgörkeziji şamçyraga öwrüldi.
Geçirilýän okuw sapaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda sanly serişdeleriň giňden ulanylmagynyň ähmiýeti uludyr. Häzirki wagtda okuw mekdebimiziň interaktiw otaglarynda multimediýa tehnologiýalarynyň we proýektorlaryň kömegi bilen nazary we amaly okuw sapaklaryny guramaga ähli mümkinçilikler bar. Talyplaryň taryh sapagyny doly özleşdirmeklerinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda getirilen maglumatlar, dürli rowaýatlar aýratyn ähmiýetlidir. Bu kitapda ady agzalýan ýadygärlikleriň taryhy ähmiýeti barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda, baý geçmiş taryhymyz, beýik şahsyýetlerimiz göz öňüňe gelýär. Sanly serişdeleriň kömegi bilen her bir geçilýän okuw sapagynyň temasy boýunça slaýdlaryň we wideoýazgylaryň peýdalanylmagysapagyň işjeň häsiýete eýe bolmagyna getirýär. Ýaşlaryň taryhymyz we beýik şahsyýetlerimiz bilen baglanyşykly gyzyklanýan sowallaryna jogap tapmakda hormatly Prezidentimiziň bu gymmaty egsilmejek kitaby mugallymlaryň ýakyn ýardamçysydyr. Bu bolsa okuw işiniň netijeli guralmagyna şert döredýär. Ýurdumyzda bagtyýar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys.

Döwran GURBANOW,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymy.