Informasiýalar biziň durmuşymyzda.

   Ynsanyň real dünýäni öwrenmek prosesi çylşyrymly we ol dürli adamlarda dürliçedir. Bilşimiz ýaly, bu prosese ylymlaryň ähli sistemasy, şol sanda onuň esasy üç sany bölek sisitemasy-tebigat, gumanitar we matematika ylymlary gatnaşýarlar. Tebigata we jemgyýete akyl ýetirmek prosesinde umumy dünýägaraýşy berýän ähli ylymlar üçin umumy bolan filosofiýa-dünýägaraýyş ylmy bu ýerde düýpli rol oýnaýar. Sebäbi biz daş töweregimizi gurşap alan dünýä ýokarda agzalan ugurlar boýunça filosofiýanyň kanunlary arkaly akyl ýetirýäris, öwrenýäris. Mysal üçin fizika, himiýa, biologiýa ylymlary bizi gurşap alan dünýäni öwrenýärler, taryh ylmy adamzat jemgyýetini öwrenýär, matematika bolsa bularyň ählisiniň gatnaşmagynda dünýäniň mukdar gatnaşygyny, giňişlik formalaryny öwrenýän ylymdyr. Görşümiz ýaly, biz özümizi gurşap alan dünýämizi öwrenmek, oňa akyl ýetirmek prosesini ýokarda agzalan ol ýa-da beýleki ylymlaryň ýardamynda informasiýalary kabul etmek, toplamak we olary gaýtadan işlemek arkaly amala aşyrýarys. Bu prosese informatika ylmynda informasion tehnologiýalar prosesi diýilýär. Ynsan çagalygyndan tä ömrüniň ahyryna çenli öz durmuşy üçin zerur bolan informasiýalary toplamak, olardan peýdalanmak bilen meşgul bolýar. Biziň gündelik durmuşumyzda her bir edýän işimiz, haýsydyr bir öň kabul eden informasiýamyz bilen bagly bolup durýar, diýmek biz özümizde öňden bar bolan informasiýalara esaslanyp işi amal edýäris. 
   Informasiýa informatikanyň ilkinji we düýpli düşünjeleriniň biridir. Şonuň üçin informasiýa düşünjesine gysgaça kesgitleme bermek ýa-da ony bir sözlem bilen beýan etmek mümkin däldir. Informasiýa sözi biziň dilimizde habar bermek, düşündirmek, mälim etmek, maglumat bermek diýen manylary berýär. Informasiýanyň bolmagy üçin informasiýanyň çeşmesi, informasiýany sarp ediji we çeşmeden sarp edijä informasiýany gejirýän material bolmaly. Mysal üçin okuwçylar ýa-da talyplar üçin informasiýanyň esasy çeşmesi bolup kitap hyzmat edýär, kitaplardaky informasiýalary sarp edijiler bolsa okuwçylar, talyplardyr. Informasiýanyň doly we dogry kabul edilmegi, sarp edijiniň bu informasiýa barada dogry netijeler çykarmagyny üpjün edýär. Şonuň üçin-de, informasiýanyň aşakdaky häsiýetleri tapawutlandyrylýar, olar-dolulyk, derwaýyslyk, anyklyk, aýdyňlylyk we düşnüklilik. Informasiýalaryň doly däl ýa-da anyk bolmazlygy, informasiýany kabul edijiniň nädogry netijeler çykarmagyna getirýär. Muňa durmuşdan “Çala eşidip, çatma ýykma” diýen nakyly mysal getirmek bolar. Informasiýanyň derwaýyslyk häsiýeti barada gysgaça durup geçeliň. Informasiýalaryň bu häsiýeti wagtyň şol pursadynda berilýan informasiýanyň artykmaçlygy-zerur däldigi bilen düşündirilýär. Mysal üçin, sapak wagtynda köçeden geçýän ulaglaryň sany bilen gyzyklanmak, daşardaky howanyň derejesi barada gürrüň etmek, haýsydyr bir futbol toparynyň oýunlary barada gürrüň bermek we ş. m. Hawa, bu informasiýalar hem wagtyň bellibir pursadynda kimdir biri üçin derwaýysdyr, emma sapak wagtynda dersiň öz temasy barada gürrüň etmek derwaýysdyr. Görşümiz ýaly sapak prosesinde informasýalaryň ýerlikli, doly, derwaýys berilmegi okuwçylaryň geçilýän tema oňat düşünmeklerini, düşünjeleri düýpli özleşdirmeklerini üpjün edýär. Informasiýalar önümçilikde we durmuşda ýazgylar, çyzgylar, jedweller (tablisalar) ýaly görnüşlerde hem duş gelýär. Çyzgylar we saz eserleri, kitaplar we suratlar, spektakllar we kinofilimler bularyň barysy-da informasiýalaryň beýan edilişiniň görnüşleridir, olar aşakdaky ýaly üç görnüşden ybaratdyr, tekst informasiýasy, grafiki informasiýa, ses informasiýasy. 
   Biz köplenç tekst informasiýalary bilen işleýäris, olary toplaýarys, kompýuterlere girizýäris. Kompýuter biziň berýän her bir informasiýamyza 0 we 1 sanlardan ybarat bolan, ikilik hasaplama ulgamynda onuň kody boýunça düşünýär. Informasiýalary 0 we 1 sifrler arkaly aňlatmaklyga, informasiýalary kodlamak, bu sifrlere bolsa informasiýanyň kody diýilýär. Informasiýalaryň kody ulgamlaýyn blokda koddan şekile öwrülýär we ol monitorda bize düşnükli bolan ýazgyda görünýär. Bu prosese informasiýalaryň dekodlaşmak prosesi diýilýär. Berilýän informasiýalara onuň göwrümine görä kompýuter öz ýadyndan belli bir ölçegde orun berýär. Kompýuter informasiýalarynyň iň kiçi ölçeg birligine bit diýilýär. Bit sözi “binary digit” (ikilik san) diýen iki sany iňlis sözünden gelendir. Bir simwoly kodlamak üçin, adatça, 1 baýt möçberde informasiýa ulanylýar. 
 Grafiki maglumatlar monitoryň ekranynda nokatlaryň (pikselleriň) köplüginden emele gelýän şekil görnüşinde beýan edilýär. Her pikseliň kody onuň reňki baradaky maglumaty öz içinde saklaýar. Ýönekeý ýagdaýda, ýagny ak we gara reňkler bilen şekillendirilende pikseliň kody iki baha eýe bolýar:0–ak reňk(ekrana çykmaýar), 1–gara reňk(ekrana çykýar). Diýmek, ony kompýuteriň huşunda saklamak üçin 1 bit ýeterlik bolýar. 
   Her bir kompýuter özüniň ses platasy, mikrofony we ses çykarýan kolonkasy bar bolan ýagdaýynda sesli informasiýalary ýazyp, ýatda saklap we çykaryp bilýär. Sesli faýllary redaktirlemek we diňlemek üçin ýöriteleşdirilen programmalar ulanylýar. 
Kompýuter nol we birlikden durýan elektrik impulslaryň yzygider görnüşindäki san maglumatlary bilen işleýär. Ýöne biziň eşidýän sesimiz üznüksizdir. Ses –bu amplitudasy we ýygylygy üýtgeýän tolkundyr. Kompýuteriň diskine sesi ýazmak üçin ony san görnüşe geçirmelidir. Bu iş üçin analog – sana öwrüji ulanylýar. Diske ýazylan sesi ýäňlatmak üçin bolsa, sanly maglumaty san görnüşinsden analog signal görnüşe geçirmeli bolýar. 
 Görşümiz ýaly, biziň tutuş durmuşumyz dürli informasiýalary toplamakdan, olary gaýta işlemekden we sarp edijilere geçirmekden ybarat bolup durýar. Bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere sary batly gadam urýan Türkmenistanyň bilim ulgamy gün-günden täze özgerişlere, ylymy sepgitlere ymtylýar. Hormatly Arkadagymyz bilim işgärleriniň öňünde sanly bilim ulgamyna geçmekligi baş wezipe edip goýdy. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň bilim ulgamynda sanly bilim ulgamyna geçmek barada giň gerimde, gaýragoýulmasyz işler alnyp barylýar. Bu işde informasiýalar sanly bilim ulgamynyň esasy hereketlendirijisi, material bazasy bolup hyzmat edýär. Informasilary toplamak arkaly ähli ugurlarda maglumatlaryň elektron hyzmatyndan peýdalanylmagy(elektron kitaphanalardan) , aralykdan elektron baglanyşyklar guramaklyk, teleköpri arkaly sapaklar , maslahatlar, konferensiýalaryň geçirilmegi, munuň aýdyň subutnamasydyr. 
   Pursatdan peýdalanyp, ylym-bilim ulgamynda düýpli özgerişler alyp barýan, ýaşlarymyz üçin bilim almaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Hormatly Arkadagymyzyň belent başynyň aman bolmagyny, haýyrly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini beýik biribardan dileg edýärin. 
Arazgeldi Ýegenow. 
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň informatika mugallymy
Mugallymlar gazeti. 29. 07. 2019ý.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09