Ussatlaryň tälim alan mekdebi
Mugallymçylyk mekdebi (şol wagt pedagogik tehnikum) 1927-nji ýylda döredilýär. Okuwyň möhleti dört ýyl hökmünde kesgitlenip, mekdebiň 1931-nji ýyldaky ilkinji uçuryml arynyň arasynda Beki Seýtäkow hem bolýar.
Bilim ojagynyň bütin taryhynyň dowamynda taýýarlanan pedagog hünärmenleriň arasynda meşhur ynsanlar diýseň köp. Ýazyjy-şahyrlar, alymlar, görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgärleri...
Olardan 1941 — 1945 -nji ýyllaryň urşunda edermenlik görkezip, Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolan Annagylyç Ataýew, Saparmät Hojaýew, Türkmenistanyň Gahrymany Sadulla Rozmetow, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Akjagül Myradowa aýratyn bellenmäge mynasyp. Şeýle-de, durky-dünýäsini ylma bagyşlap, alymlyk derejesine eýe bolanlaram az däl. Ine, olaryň käbiri:
- Gaýyp Nepesow, taryh ylymlarynyň doktory, akademik.
- Gumman Saryýew, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor.
- Kerim Weýisow, geografiýa ylymlarynyň doktory, professor.
- Ýolly Öwlüýakulyýew, filosofiýa ylymlarynyň doktory.
- Tirkiş Hojanyýazow, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Mugallymlar gazeti
19.02.2020ý. (№22-(9731))