Rus dili - maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleri üçin.

  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Milli bilim ulgamyn döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzyň ösüşi üçin iň ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Birnäçe dil öwrenmeklik häzirki talyplar üçin hünär işleri bilen baglanyşykly we şahsy durmuş meýilnamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem biziň Ata-Watanymyz - Garaşsyz Bitarap Türkmenistanymyzy gülletmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
  Bu okuw kitaby 2016-njy ýylda «Ylym» neşirýat tarapyndan çap edilip,  Türkmenistanyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň amaly sapaklary üçin niýetlenendir.
  Okuw kitabynyň maksady talyplaryň bilimlerini ýokarlandyrmak, olaryň rus dilinde söz baýlygyny giňeltmek, rus diliniň grammatiki we aýdylyş kadalarynyň adaty ýalňyşlaryny düzetmek bolup durýar. Hödürlenýän okuw kitaby talyplaryň hünär ugry boýunça dil öwrenmäge,  okuwda we gündelik durmuşda sözleýiş endiklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Bu okuw kitaby Türkmenistanyň Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dil konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak meselelerini ýerine ýetirmäge möhüm goşant bolar diýip umyt edýärin.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň rus dili mugallymy
Paşykowa Oguljemal

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09