Elektron kitaphana ulgamy
Älem syry kitap bilen açylýar. Türkmen halky kitaphon halk. Kitaphana keramatly kitaplaryň toplanan ýeri. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşlaryny, makalalaryny, çuň manyly eserlerini, syýasatlaryny wagyz etmekde, ýaş okyjylaryň kämil bilim, döwrebap terbiýe almagynda, kitaphanalar birnäçe işleri hormatly Arkadagymyzyň uly goldawy astynda durmuşa geçirýärler. Güneşli Diýarymyzyň iň çetki künjeklerinde hem döwrebap bilim-terbiýeçilik edaralarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, welaýat merkezlerinde köşgi eýwanlary ýada salýan kitaphanalaryň işe girizilmegi netijesinde ýaş nesliň okamaklyga we öwrenmeklige bolan höwesi has-da artdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitaphana işlerini kämilleşdirmäge uly üns berýär. Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda “Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda” kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanda kitaphana işiniň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitlemek bilen kitaphana işiniň ilerlemegine itergi berýär. Bu kanun kitaphana işiniň çygryny giňeltmäge uly mümkinçilikler döredýär. Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän kitaphanalar halkyň hyzmatynda. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde, ýörite orta mekdeplerinde, ýokary okuw jaýlarynda oňat abzallaşdyrylan kitaphanalar bar.
Hormatly Prezidentimiz “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly kitabynda “Türkmenistan müňýyllyklar bilen kesgitlenýän bütin taryhyň dowamynda medeniýeti, dünýä belli baý kitaphanalary, düýpli eserleri döreden beýik akyldarlary bilen şöhratlanan Diýardyr” diýip belleýär. Kitap egsilmez hazyna. Kitap gatyny agtaryp, tebigatyň täsinligini, mährem topragyň ummasyz baýlygyny, Watanyň taryhy geçmişini, häzirki döwrüň beýik ösüşlerini öwrenýän, has kämilleşdirýän ynsanyň ýaşaýyşa we durmuşa bolan gözýetimi giňdir. Kitap munuň özi milli ruh, geçmiş, şu gün we ertir baradaky umumyadamzat pelsepesidir, ylmy açyşlaryň açarydyr.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalaryň taryhy ähmiýetini halka ýaýmakda, türkmen edebiýatyny, sungatyny, medeniýetini, täze kämil eserler bilen baýlaşdyrmakda bagtyýar halkymyzyň agzybirligini, ýurt abadançylygyny, asudalygyny ýokary derejede çeper eserleriň üsti bilen wasp etmekde we dünýä ýaýmakda kitaphana işgärleriniň hem alyp barýan işleri uludyr. Biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimiz Daşoguz topragynda ussat mugallymlarynyň aglabasyny zähmet ýoluna ataran bu baýry mekdebiň häzirki ajaýyp keşbi, buýsançly başyny belent tutup, ýurdumyzyň ösüşlerini kepillendirýän mukadesslikleriň aýdyň mysallarynyň birine öwrüldi. Baý kitap gory bolan kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň ylmy, syýasy we çeper görnüşinde ýazan ajaýyp kitaplary, dürli derslere niýetlenen okuw kitaplary, gollanmalar, dürli dillerdäki çeper eserler, çagalar üçin niýetlenen çeper eserler, kitap tekjelerini bezeýär. Mugallymçylyk mekdebimiziň döredijilikli zähmet çekýän mugallymlarynyň ýazan okuw gollanmalary, umumy okuwlarynyň ýazgylar toplumlary kitaphana goruny has-da baýlaşdyrýar. Biziň Mugallymçylyk mekdebimizde elektron kitaplaryň adaty kitaphananyň hyzmaty bilen bilelikde, täze tehnologiýalar esasynda elektron gorlary toplamak, saklamak we özara tejribe alyşmak ýaly wezipeleri-de ýerine ýetirýändigi onuň işiniň barha döwrebaplaşýandygynyň subutnamasydyr. Ylmyň ösmegi kämil tehnologiýalaryň öndürilmegine sebäp boldy. Dünýä ylmynyň şu günki ýeten derjesi bolsa ähli durmuş zerurlyklary bilen dahylly komýuterleşdirilen enjamlaryň öndürilmegi bilen baglydyr. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň işlerinde guralýan sanly serişdeler ornaşdyrylýar. Şunda el güýji bilen ýerine ýetirilýän işler awtomatlaşdyrylýar, maglumat tehnologiýalarynyň paýy artdyrylýar. Talyplary, mugallymlary kitaplar bilen üpjün etmek işleri “Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi elektron okyjylara hyzmat etmek, elektron kartateka” atly tor arkaly dolandyrylýan awtomatlaşdyrylan programma ulgamy 2017-nji ýyldan bäri öz işini hiç hili bökdençsiz ýerine ýetirýär. Kitaphanadaky kitaplara ýörite printerde çap edilen ştrih kod ýelmenilýär. Bu kod nämäniň kody diýen sowal ýüze çykmagy mükin, biz ol kodlary kitaplar hasaba alnanda öwsele kitabynda berilýän inwentar nomerlerini ştrih kodlar edip aldyk. Kitaplardaky her inwentar nomerli ştrih kodlar skaner bilen okadylýar we “Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi elktron okyjylara hyzmat etmek, elektron kartateka” atly awtomatlaşdyrylan programma ulgamynda şol kitap barada maglumatlary ekrana çykarýar. Kitaplaryň her biri awtomatlalşdyrylan programma girizilýär. Bu awtomatlaşdyrylan ulgam öz içine “Baş sahypa”, “Şahsy otag”, “Kitap gözlemek”, “Kitap aljak”, “Elindäki kitaplar”, “Kitap žurnaly”, “Toparlaýyn hasabat”, “Kitaplar hasabaty”, “Agzalar” diýen bölümlerden ybaratdyr. Her okyjynyň şahsy otagy, başgaça aýdylanda “Okyjynyň elektron depderçesi” bar. Bölümleriň her biri özüne buýrulan bölek işleri ýerine ýetirýär. Meselem: “Baş sahypa” bölüminde okyjylar kitaplary ady, awtor, bölümi, kitap kody ýa-da inwentar ýagny ştrih kody bilen çalt tapmak we nirde durandygy barada, kitaphanada bar, okyjy tarapyndan alnyp gidilen, kim okamaga alndygy barada maglumatlar bilip bolýar. “Şahsy otag” her okyjynyň özi barada maglumatlary, näme kitaplary bar, haçan alnan ýaly maglumatlar saklanýar. “Kitap gözlemek” bölüminde bir okyjy başga bir okyjynyň kitabyny çalşyryp getiren ýagdaýynda şol kitabyň kimiňkidigini, haçan alandygyny anyklaýar. “Kitap aljak” bölüminde kitaplary okyja bermek işleri ýerine ýetirilýär. Kitaplary okyjy hakykatdan hem gerek diýse “Kitaplary aljak” diýen düwme çykýar şonuň netijesinde kitaplar okyjynyň adyna doly geçýär. “Elindäki kitaplar” bölüminde kitaplary yzyna tabşyrmak işleri ýerine ýetirilip, bir okyjy başga bir okyjynyň kitabyny tabşyran ýagdaýynda şu bölüm bu kitabyň başga okyja degişlidigi baradaky maglumaty bermäge ukyply. “Kitap žurnaly” bölümi arhiw maglumatlary özünde saklap, ol işläp başlan döwründen bäri haýsy okyjynyň näme kitap alandygy, tabşyrandygy barada maglumatlar bilen bir pursatda tanşyp bolýar. “Toparlaýyn hasabat” bölümi sifrlar maglumatyny özünde saklap, jemi mugallymlaryň alan kitap sanlary, işgärleriň alan kitaplarynyň sanlary hem-de toparlaýyn alanan kitaplaryň sanlaryny özünde saklaýar. “Kitaplar hasabaty” has uly bölüm bolup, ol ýerde kitaplar bölümler, çykarylan ýyllary, çaphanalary, awtorlary, kitap kodlar arkaly kitaplary tapmak, näçe sany kitap bar ýaly birnäçe maglumatlary özünde jemleýär.
Bulardan başga-da diňe kitaphana işgärleniň ýagny täze dilde aýdylanda admin bölümi hem bolup, onda ýene goşmaça bölümler hem bar. Olar; “Kitap goş”, “Täze agza”, “Ulanyşdaky kitaplar”, “Gündelik hasabat”. “Kitap goş” bölümine kitaphana işgäri täze gelen kitaplary awtomatlaşdyrylan programma girizmek işlerini ýerine ýetirýär. “Täze agza” bölüminde täze okyjynyň şahsy otagyny düzýär. “Ulanyşdaky kitaplar” bölümi şu wagt näçe kitap ulanyşda, çeper eserler, okuw kitaplar sifrlar maglumatyny bermek işini ýerine ýetirýär. “Gündelik hasabaty” bölümi her günüň bölek maglumatyny saklap, kimler kitap aldy, näme kitaplar aldy diýen maglumatlary bermek işi bilen tapawutlanýar.
Mekdebimizde hereket edip duran “Mekdep portalynda” usulyýet birleşmeleriň işleri, widio sapaklaryň ýazgylary, talyplaryň ýetişikleri baradaky maglumatlar bilen tanyşmak işlerinden başga-da, onda “Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi elektron kitaphana” atly tor arkaly işleýän awtomatlaşdyrylan programma hem hereket edýär. Ähli bölümler bilen birlikde “Leksiýalar”, “Kitaplar”, “Gollanmalar” diýen bölümlerden ybarat bolup durýar. “Leksiýalar” diýen bölüminde her mugallym öz okadýan dersleri boýunça leksiýalarynyň elektron görnüşlerini “Mekdep portalynyň” üsti bilen özleri goýmak, aýyrmak, täzelemek, baýlaşdyrmak işlerini geçirip bilýärler.
Kitaphana hyzmatynyň täze görnüşi talabalaýyk ýola goýulmagy Mugallymçylyk mekdebiniň talyplaryna okalýan sapaklara degişli maglumatlary toplamakda, döredijilikli zähmet çekýän mugallymlar täze maglumatlar bilen talyplary tiz wagtda tanyşdyrmakda uly goldawdyr. Bu ugurda ornaşdyrylýan täzelikler talyplaryň kitaplary gözläp tapmaga we sapaklaryna taýýarlanmaga sarp edýän wagtlaryny tygşytlamaga oňyn täsir edýär, ýaşlaryň maglumatlar tehnologiýalaryndan peýdalanmagyna giň mümkinçilikleri açýar. Döwür bilen deň gadam basyp kitaphanalara täze, döwrebap tehnologiýalaryň girizilmegi jemgyýetde kitap okamaga höwesi, söýgini artdyrdy. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň esasy maksady halkyň bilim derjesini ýokarlandyrmak, giň dünýägaraýyşly, ýokary düşünjeli ýaşlary kemala getirmekden ybaratdyr.
Ýaşlaryň okamaga, öwrenmäge, döretmäge, döwrebap bilim almaklary üçin uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Gubanguly Berdimuhamedowyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli döwletli başlangyçlary elmydama rowaç alsyn!
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň kitaphanaçysy Ž.Mirabowa