Beki agaly ýatlamalar
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Beki Seýtäkow kakamyň agasy bolansoň, men oňa «Beki kaka!» diýip ýüzlenerdim. Ol hem meni gaty gowy görerdi. Adym Gurbangül bolsa-da, gyz maşgaladygyma garamazdan, mydama maňa «Gurban oglum» diýerdi. Olara ýygy-ýygydan baryp, Beki kakamyň çaýnaharyna, köplenç, özüm serederdim. Bir gezek onuň Aşgabatdaky öýüne baramda Beki kakam öz iş otagynda işläp oturan eken. Ol meniň beren salamyma diňe çalaja baş atmak bilen çäklendi. Men Beki kakamyň bu ýagdaýyny geňräk görsem hem, sesimi çykarmadym. Ol bolsa şol ýazuw işi bilen gümra bolup otyr. Aralygynda onuň öňündäki sowan çaýyny täzeleýän. Esli wagt geçeninden soňra Beki kakam iş otagyndan daşaryk çykyp gitdi, biraz gezim edip geleninden soňra meni görüp: «O-how, bize kim gelipdir, sen haçan geldiň? Gurban oglum, sag-aman geldiňmi, obadakylar, hemmesi gurgunçylykmy?» diýip, gadyrly salamlaşyp, soraşyp başlady. Men ýylgyryp oturşyma, onuň sowallaryna baş atyp jogap berýärdim. Beki kakam meniň ýylgyrmagymyň sebäbini soranynda men:
— Beki kaka, meniň gelenim haçandy? Ýanyňyza baryp salamlaşdym-a. 2-3 gezek çaýyňyzy hem demläp berdim — diýdim. Ol biraz wagt dymyp oturansoň:
— Men ýazyp başlan wagtymda özüm öýde otursam hem bar pikir-hyýalym, içki dünýäm eserimiň gahrymanlarynyň arasynda. Öz ýanymdan olaryň her biriniň keşbini, düşen ýagdaýlaryny göz öňüme getirip görýän. Ýüregime jaý bolan pursady elden gidermän kagyza geçirýän. Egerşol wagtda ünsümi başga bir zada sähelçe pursatlyk sowdugym, wakalaryň yzygiderliligi ýitýär. Soňra dowam etmek gaty kyn düşýär. Dowam eden ýeriň hem ilkibaşdaky ýaly göwnejaý bolubermeýär — diýdi.
Beki kakamyň bu sözleriniň manysyna döreden romanlaryny okanymda has gowy göz ýetirdim.
Beki kakamyň zehinine, adamkärçiligine, pespälligine, sadalygyna hemmeler hormat goýýardylar. Ýöne onuň şeýle ýagşy häsiýetinden daşgary biraz gysgançlygy hem bardy. Edil ýanynda
göni ýüzüne aýtmasalar hem, onuň bu häsiýetine köpler belet bolupdy. Ol her kime, öz ýakyny bolsun, başga bolsun, birine birzat, pul bereninde-de, alanynda-da gaty talapkärdi. Birki ýola maňa pul berende-de ýörite bukja salyp: «Şu bukjany saňa getirdim, içinde şunçarak pul bardyr, sowanyňda tygşytlyja ulangynb diýip gowşurypdy. Bir gezek onuň keýpi gowy wagtynda biziň bilen degşip-gülşüp otyrka men:
— Beki kaka, size hemmeler «gysganç» diýýärler, şol dogrumy? — diýip, degişmä salyp soradym. Ol ilki:
— Il aýdýan bolsa dogrudyr — diýip, degişmäme degişme bilen jogap berdi. Ýöne biraz wagt geçeninden soň çynlakaý keşbe girip:
— Gurban oglum, maňa «gysganjyrak, puly gowy görýär» diýýänlerini özümem bilýän. Ýöne men gysgançlygy puly gowy görýändigimden edemok. Men ýaşlykdan gaty kynçylykda ösüp-ulaldym. Şükür, häzir hiç kem zadymyz ýok. Ýöne bir zady berk belle, hiç wagt hem üýşüp ýatan elpe-şelpelik ýokdur. Pul bolsun, başga zat bolsun, ertirki günüňi oýlaman, şagladybermeli däldir. Beýtseň birki gün baýnap ýaşasaň hem, bir gün töweregiňe seredip galanyňy duýman galarsyň. Bu ýagdaý durmuşymda kän boldy. Tygşytlylyk hiç wagt hiç kime zyýan edýän däldir. Gaýta tygşytlylygy, ähli zady aýawly sarp etmegi endik edinseň, durmuşda hiç wagt kösençlik çekmersiň. «Jaýyn bilip sarp etseň, jübiň puly tükenmez, ýerin bilip sözleseň, ýüzüň nury dökülmez» diýipdirler ata-babalarymyz. Şuny berk ýatda saklagyn! — diýdi.
Beki kakamyň ýüreginden syzdyryp aýdan bu sargydy maňa durmuşymda ýagşy ýörelge boldy. Şeýle gysganç häsiýetli adamyň gazanjyny tygşytly ulanyp, eserlerine düşýän galam hakynyň hasabyna öz dogduk obasyna çagalar bagyny gurduryp berendigini eşiden adamlar onuň gysgançlygynyň, tygşytlylygynyň aňyrsynda hem uly bir bähbidiň ýatandygynyň şaýady boldular.
1981-nji ýylda Daşoguzyň B.Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýe bölümine okuwa girmäge resminamalarymy tabşyrdym. Giriş synagyna girenimde mugallymlaryň biri meniň adymy, familiýamy, ýaşaýan ýerimi gaýta-gaýta gözden geçirdi-de:
— Ýaşaýan ýeriň we at-familiýaň bilen baglanyşykly maglumatlarda hiç hili ýalňyşlyk ýokdur-da hernä? — diýip sorady. Men gysgaça «Ýok» diýip jogap berdim. Mugallym hem «Gaty gowy» diýdi-de, synaga başlady. Men özüme düşen sowallara jogap beremsoň, mugallym meniň ýazmaça beren jogaplarymy gözden geçirip, gaýtadan türkmen dili we edebiýaty dersinden sowal baryny ýagdyryp başlady. Men birbada aljyran hem bolsam, dessine özümi dürsäp, jogap bermäge başladym. Berlen sowallaryň köpüsine dogryjogap berdim. Mugallym kanagatlanmak bilen:
— Seni köpräk sowala tutaýdyk, berekella, gaty gowy taýynlykly gelipsiň! Biziň okuwjaýymyza ady dakylan adamyň nesillerinden bolup, sowallara jogap berşiň pes bolanynda, biz gaty gynanardyk, sen bizi begendirmegi başardyň. Basym okuwa başlarsyň, şu depginiňi hiç gowşatma! Üstünlik arzuw edýäris! — diýdi. Şonda okuwa kabul edilenime-de begensem begendim welin, mugallymlaryň Beki kakamyň hatyrasyna hormat goýup beren sowallaryna jogap berip bilenime, olaryň tamalaryny ödemegi başarandygyma has-da begendim.
1984-nji ýylda Mugallymçylyk mekdebiniň 3-nji ýyl talybykam topar ýolbaşçymyz, türkmen dili we edebiýaty dersinden okadýan mugallymymyz Amanbaý Jowjyýew (ol häzirem şol ýerde zähmet çekýär) meni ýanyna çagyrdy-da:
— Bilýäňmi, biz bir uly işiň başyny tutjak bolýas, bu işde seniň ýardamyň gaty zerur — diýdi.
Men ýaýdanman, näme kömek etmeli bolsa taýyndygymy aýdamda ol:
— Berekella, senden tamamyzam şeýle! Biler bolsaň, mugallymçylyk mekdebimizde Beki Seýtäkowyň muzeýini döretmekçi bolýarys. Bize Beki Seýtäkow bilen baglanyşykly maglumatlar, fotosuratlar, kitaplar gerek. Eger öz öýüňizde ýa-da beýleki dogan-garyndaşlaryňyzda bar bolsa, sorap-idäp, tapyp berseň, gaty minnetdar bolardyk — diýdi.
Men öýümize gelip, ejem bilen maslahatlaşdym. Şonda Beki kakamyň dürli döwürlerde düşen 2-3 sany suratyny, ýaşan öýünde ýazylan halysyny, geýen eşiklerinden birki sanysynyjemläp, eltip berdim. Şonda mugallym:
— Köp sag bol! Gaty uly iş bitirdiň. Halypamyz Beki aganyň ruhy hem senden razy bolar! — diýdi.
1994-nji ýylda Beki Seýtäkowyň 80 ýyllyk ýubileýini bellemek üçin döwletimiz tarapyndan çözgüt kabul edildi. Şonda Beki kakamyň dogduk obasy bolan Bedirkentde (Görogly etrabynyň B.Öwezow adyndaky geňeşliginde) ýaşan öýüniň ýanynda ak öý dikip, ýokary derejede taýynlyk gördük. Ýubileýe öz dogan-garyndaşlarymyzdan başga-da, etrabymyzyň, welaýatymyzyň çäginden daşda Beki kakamyň gowy tanaýan, bile işleşen, gatnaşan adamlaryndan kän myhman geldi. Goňşy Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan hem birnäçe ýazyjy-şahyrlar gatnaşdylar. Aýdym-sazly çykyşlaryň arasynda Beki kakamyň egindeşleri onuň bilen baglanyşykly ýatlamalary aýtdylar, ömri-döredijiligi, eserleri barada köp gürrüň etdiler. Şonda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Berdinazar Hudaýnazarow:
— Şular ýaly beýik adamyň nesilleri, yzyny ýöredijiler hem, elbetde, bihal adamlar bolmaly däl. Hany, dogan-garyndaşlaryndan, ýakynlaryndan hem birine söz bereliň! — diýdi. Garaşylmadyk teklibe dogan-garyndaşlarymyz birbada aljyradylar. Şonda Kuwwat agam (Kuwwat Seýtäkow Beki kakamyň inisi Sazak Seýtäkowyň ogly, welaýatda saglyk ulgamynda köp ýyl zähmet çekdi) maňa ýüzlendi:
— Gurbangül, jigim, men birhili tolgunyp durun, aljyrap, gürläp bilmezmikäm diýýän. Görýän welin, beýleki doganlarymyzam şu wagt begençden ýaňa tolgunyşyp durlar. Şuny senden gowy başarjagymyz ýokmuka diýýän, hany, gaýrat et! —diýdi. Dogrusy, şol pursat meniň hem tolgunyşym beýleki doganlarymyňkydan pes däldi. Ýöne agamyň bu sözlerinden soňra birhili özümi dürsäp, sözsözlemäge çykdym. Ilki şu dabarany guraýjylara, gatnaşyjylara ähli dogangaryndaşlarymyzyň adyndan hoşallyk bildirdim. Soňra şol ýerde öz ýazan goşgymy okamaga başladym:
Güler ýüzüň ýatdan çykmaz,
Meniň eziz Beki kakam!
Ýörän ýollaň hiç wagt ýitmez,
Meniň eziz Beki kakam!
Ýokdy «ardym-ýadadymy»,
Artyk ýeri — sadalygy,
Uly iliň agasydy
Meniň eziz Beki kakam.
Bu gün segsen ýaşyň gutlap,
Dost-ýar, gardaş bary ýatlap,
Söz aýdýarys ruhuň şatlap,
Meniň eziz Beki kakam.
Inileriň Myrat, Kuwwat,
Baýram, Mämmet hem Şamyrat,
Seniň üçin bary zürýat,
Meniň eziz Beki kakam.
Geldi ýene galamdaşlar
Berdinazar, Sapar Öre,
Miwe dagy geçdi töre,
Gal tirsegňe, Beki kakam!
Segsende-de säginmäni,
Togsanda-da togtamany,
Ýüz ýaş bilen ýüzleşeňde,
Gowy bolardy, Beki kakam.
Goşgym uly el çarpyşma bilen kabul edildi. Şonda şahyr Berdinazar Hudaýnazarow:
— Berekella, şeýle beýik adamyň yzy hiç wagt ýitmeli däldir. Dowam etdiriber, üstünlikler arzuw edýäris — diýdi.
40 ýyla golaý terbiýeçi bolup işlän hem bolsam, arasynda makala, goşgy ýazyp, metbugatda çykyş edibermäm hem ýok däldi. Meniň gazetlerde edýän çykyşlarymy gören kärdeşlerim, meni tanaýanlar:
— Döredijilik diýlen zat ganyňda bolsa, hiç gidere ýeriň bolmaz. Beki Seýtäkow ýaly ýazyjynyň neberesi bolup, birnäçe ýyl onuň ýanynda bile ýaşan adamyň eline galam almazlyga haky ýok. Berekella, üstünlik hemraň bolsun! — diýip, meniň adyma öwgüli sözleri aýdanlarynda hökman Beki kakamyň adyny hem uly hormat bilen tutýardylar. Bu ýagdaýa men monça bolýardym. Ýazmaga höwesim hasam artýardy. BirgezekAşgabatda terbiýeçiler bilen tejribe alyşmak maksatly okuw maslahaty boldy. Ähli welaýatlardan terbiýeçiler gatnaşdylar. Maslahatyň jemi jemlenende terbiýeçileriň işlerine, geçen sapaklary boýunça eden çykyşlaryna seljerme berýän Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýörite mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça jogapkär bellenen wekili, ýazyjy Durdybaý Rejepow:
— Hormatly terbiýeçiler, birnäçe günläp sapak geçdik, tejribe alyşdyk. Indi okuw maslahatymyzyň jemini jemlesek, häzir men ýeke-ýekeden ýanyma çagyraryn we degişlilikde derejeleriňizi tassyklaýan şahadatnamalaryňyzy gowşuraryn — diýdi. Şonda onuň öňündäki şahadatnamalaryň iň üstünde meniňki duran eken. Şeýle bolansoň, ilki bilen, meniň adym tutuldy. Men Durdybaý Rejepowyň ýanyna baranymda ol:
— Sen gaty işjeň gatnaşdyň. Ýöne Görogly etraby diýlende, gaty zehinli adamlaryň köp çykýan ýeri göz öňüňe gelýär. Seniň-ä familiýaň hem aýdyp dur kimdigiňi. Seniň metbugatdaky çykyşlaryňdan hem habarym bar. Hany, duran ýeriňde bir goşgy ýa-da çeper okaýyş ýerine ýetirip bermeseň, şahadatnamaňy berjek däl — diýip, degişmä salyp, uzadan şahadatnamasyny hem yzyna çekdi. Men birjik-de ýaýdanman, bir bent goşgy okadym. Soňam:
— Kärdeşlerimiň ählisine üstünlik arzuw edýärin — diýdim.
Onuň sözüni ýykman, goşgy okap berenime göwnühoş bolan Durdybaý Rejepow:
— Berekella, gaty gowy, Beki Seýtäkow ýaly beýik halypanyň yzynyň dowam edýändigine men gaty şat. Elmydama durmuşda-da, işde-de üstünlikler hemraňyz bolsun! — diýip elimi gysyp, şahadatnamamy gowşurdy.
Gurbangül SEYTÄKOWA,
Görogly etrabyndaky 4-nji «Älemgoşar» atly çagalar bagynyň terbiýeçisi.
(Daşoguz habarlary. №129 28.10.2021ý.)