Bilim ulgamyndaky innowasion ösüşler

  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynyň berk maddy-enjamlaýyn binýady döredildi. Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini dünýä derejesiniň talaplaryna laýyk üýtgedip gurmak, kämilleşdirmek, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlary ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly edip terbiýelemek üçin bilim ulgamynda häzirki günlerde görlüp-eşidilmedik derejedäki beýik özgertmeler amala aşyrylýar. Aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmek we innowasion maglumat tehnologiýalaryny ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna ornaşdyrmak işleri, dünýäniň ösen kuwwatly döwletlerinde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulyan ugurlarynyň biridir.
   Häzirki wagtda Turkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda, şeýle-de ýurdumyz bilen dünýäniň ösen döwletleriniň arasynda ylym we bilim ulgamlarynda ygtybarly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. 2016-njy ýylyň 5-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň 2017-2020-nji ýyllar üçin Ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça Komissiýasyna biragyzdan saýlanmagy-da aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.
   Innowasion tehnologiýalaryň ösen häzirki döwründe islendik döwletiň ösüşi onuň ykdysadyýetiniň ähli ugurlaryna, şol sanda bilim we ylym ulgamlaryna täze usullaryň we tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşyna hem-de ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylyşyna köp derejede baglydyr. Şoňa görä-de, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan "Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy", “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy", ähli pudaklarda bolşy ýaly, ylym we bilim ulgamynda hem giňden ornaşdyrylýar. 
 Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler mugallymçylyk biliminiň hiliniň gowy bolmagyna uly talaplary bildirýär. Bu özgertmeler biziň taýýarlaýan talyplarymyzdan hünär ussatlygyny, häzirkizaman tehnologiýalaryny netijeli ulanmagyň hötdesinden gelmekligi, olaryň bilim, hünär derejeleriniň halkara ülňülerine laýyk bolmagyny talap edýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň “Türkmen Älem – 52’E” aragatnaşyk emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy bilen, mugallymlaryň mümkincilikleri has-da giňedi. Häzirki ylym, bilim ulgamlaryna we beýleki ugurlara täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, innowasion syýasat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany ösýän kuwwatly döwletleriň biri hökmünde dünýä tanadýar. 
   Hormatly Prezidentimiz mugallymçylyk ylym-bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegine aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň mugallymçylyk ulgamyny ösdürmek babatdaky aýgytly hereketleriniň netijesinde bu ulgam yzygiderli kämilleşdirilýär. 
   Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine berilýän ünsüň artdyrylýandygyny yzygiderli nygtamak bilen: "Kabul eden milli maksatnamalarymyzyň çäklerinde eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde häzirkizaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy bilim, başlangyç, orta we ýokary hünär bilimi okuw mekdeplerinde bilimiň hili dünýä derejesine laýyklykda ösdürilýär" diýip belleýär. Dünýäde we onuň bilen deň gadam urýan Türkmenistanyň bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalarynyň, sanly maglumat göterijileriň giň gerimde ulanylmagy bilim berlişinde täze usullaryň ýüze çykmagyna getirýär. 
   Uzak aralykdan bilim almaga täze mümkinçilikleriň açylmagy, talybyň okuw maglumatlaryny okuw kitaplary görnüşinde däl-de, elektron görnüşinde alyp bilmegi uly mümkinçiliklere ýol açýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen tassyklanan elektron maglumat gorlary döredilýär. Döredilen maglumat gorlary zerur bolan okuw maglumatlary, kitaplar, gollanmalar, leksiýalar toplumlary bilen baýlaşdyrylýar. Elektron gornüşindäki ýazgylaryň, elektron kitaplaryň toplumlary taýýarlanylyp, halk köpçüligine elýeterli edilýär. Yurdumyzyň ähli ýerlerinde dürli okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamyna geçmek barada ýörite okuwlar, maslahatlar geçirilýär. Sanly ulgamyň durmuşymyza ornaşdyrylmagy bilen, sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan talyplaryň döwrebap bilim almaklary, mugallymlary bilen aragatnaşyk saklamaklary üçin bilim portaly we elektron okuw ulgamy döredilýär.
    Yaşlar aň derejesi boýunça täze tehnologiýalardan baş çykarmaga, ony tiz özleşdirmäge taýýar bolýar. Bilim ulgamyna ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar örän çaltlyk bilen kabul edilýär. Bu ugurda mugallymlaryň taýýarlyk derejeleriniň ýokarydygy hem bellenilmäge mynasypdyr. Internet torlarynda okyjylar we bilim alýanlar üçin elektron kitaphanalary bar. Eger öň gerekli kitabyny almak üçin, talyba adaty kitaphana gitmek zerur bolan bolsa, häzirki günde islendik gerekli maglumaty ol oturan ýerinden alyp bilýär. Şeýle tordan dürli ylmy makalalary, kitaplary, gazet-žurnallary okamagy ýa-da özüňi gyzyklandyrýan gyzykly maglumatlary almagy hem gurnap bolar. 
   Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üpjünçilik meselesini hormatly Prezidentimiz hemişelik üns merkezinde saklaýar we bu işler "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna" laýyklykda amala aşyrylýar. Ýurdumyzda soňky on ýylyň dowamynda dünýä ülňüleriniň talaplaryny doly ödeýän onlarça ýokary okuw mekdepleri gurlup, ulanylmaga berildi. Olaryň okuw otaglary dünýäniň iň öňdebaryjy ýurtlarynda öndürilen abzallar bilen enjamlaşdyrylandyr. Milli Liderimiziň ýörite Permany esasynda häzirkizaman abzallary bilen enjamlaşdyrylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi döredildi. Bu bolsa geljekde ylmy--derňew işlerini geçirmek boýunça biziň alymlarymyza dünýäniň ösen ylmy derejesinde işlemäge ýardam berer.
   Durmuşyň dürli pudaklarynda maglumatlary beýan etmegiň adaty görnüşinden elektron görnüşine geçilmegi bilim ulgamynyň öňünde uly wezipeleri goýýar. Ýokary we orta bilim ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin sapaklarda kompýuter we multimedia serişdeleri gündelik ulanylýar. 
   Garaşsyz Türkmenistanyň bilim ulgamynda bu ugurda anyk özgertmeler durmuşa geçirilýär, täze tehnologiýalar we olaryň bilimiň hilini ýokarlandyrmakdaky hyzmaty, okatmagyň häzirkizaman usullary, öňdebaryjy iş tejribeleri okuw işlerinde giňden ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň: "Ýurdumyzyň bilim ulgamynda ylmyň soňky gazananlaryny, innowasiýalary we "nou-haulary" ornaşdyrmak işine täzeçe çemeleşmeli. Bilim ulgamyny ýokary hilli we hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri dowam etmeli" diýip beren tabşyryklaryny öz wagtynda hem-de birkemsiz yerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň ähli okuw mekdeplerinde, şol sanda Daşogzuň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde-de okuwy okatmagyň barşynda netijeli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň “2015-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda" göz öňünde tutulan möhüm wezipeler we oňyn özgertmeler baradaky maglumatlar okatmagyň dürli usullarynyň, maslahatlaryň üsti bilen talyplaryň dykgatyna ýetirilýär. Okatmagyň döwrebap, kämil usullaryndan peýdalanmagyň täze usullary okuw işlerine giňden ornaşdyrylýar. Talyplara berilýän bilimiň hiliniň ýokary bolmagyny gazanmak maksady bilen, mekdebimizde taýýarlanylýan hünärler boýunça okuw sapaklaryny, hususan-da, umumy, amaly we söhbet sapaklaryny alyp barmagyň usullary kämilleşdirilýär, olara täzeçe seredilýär. Biziň mugallymçylyk mekdebimizde okuw işleriniň tejribeçilik okuwy görnüşi-de amala aşyrylýar, talyplar şäherimiziň göreldeli orta mekdeplerine baryp, okuw tejribeliklerini geçýärler. Tejribelikde bolan wagtlarynda olara mugallymçylyk mekdebimiziň tejribeli mugallymlary gözegçilik edýärler we özleriniň halypalayk kömeklerini, maslahatlaryny berýärler. Talyplarymyz okuw tejribeligi döwründe ýörite bellenilen synplarda özbaşdak okuw sapaklaryny guraýarlar, mugallymçylyk käriniň inçe syrlaryny ele alýarlar. Olar sapak geçen döwürlerinde multimedia tagtasyndan, kompýuterden, başga-da dürli tehniki serişdelerden peýdalanyp, häzirkizaman işjeň usullaryny ulanyp sapak geçmäge çalyşýarlar. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna" laýyklykda döwrebap sapaklary geçmek üçin, talyplar mugallymçylyk mekdebimiziň halypa mugallymlary, orta mekdepleriň tejribeli mugallymlary bilen, internet ulgamy arkaly göni aragatnaşyga çykyp, bilim ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýän teleköprüleri gurap sapak geçýärler. Bu işler bolsa tejribelik geçýän talyplarymyzyň iş ukyplarynyň artmagyna, şol sapaga gatnaşýan mekdep okuwçylarynyňam gözýetimleriniň giňelmegine ýardam berýär. 
   Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde alyp barýan bimöçber işleri üçin, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys! Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Bibisere Saparowa.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 
türkmen dili we edebiýaty mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09