Watan buýsanjy
Bu waka 1987-nji ýylyň awgust aýynda bolup geçipdi. Men Gazagystanyň Semipalatinsk şäherinde gulluk edýärdim. Maňa gulluk borjumy birkemsiz ýerine ýetirýändigim üçin, ýola sarp edýän günlerimi hasaba almazdan, on günlük öýe rugsat berildi. Men muňa diýseň begendim, sebäbi ata Watanym Türkmenistanyň çäginden ep-esli uzaklarda gullukda ýörenime eýýäm ýyl ýarym geçipdi. Men gözel obamy, ýaz pasly ýaşyl begrese bürenýän ajaýyp tebigatymyzy, güýzde ak patraga öwrülýän gowaça meýdanlarymyzy, maşgalamy diýseň küýsäpdim. Mahlasy, men Watan düşünjesiniň niçiksi beýik düşünjedigine oňat göz ýetiripdim.
Gulluk edýän ýerimden münen otlym göni Daşkende gelýärdi. Dogduk mekanyma tizräk ýetmäge howlugyp, telwas urýan ýüregimiň otlynyň ýöreýşine takaty ýetmänsoň, Alma-ata şäherinde otludan düşüp, Daşkende uçýan uçara münmäge synanyşdym. Emma bu synanyşygym başa barmady, edil şol gün uçara petek ýokdy. Men gaýtadan otla münmeli boldumda,demir ýol menziline dolandym. Otlynyň ugramagyna ýeterlik wagt bardy, şonuň üçin-de garbanyşhanalaryň birine baryp, günortanlyk edinmegi ýüregime düwdüm. Çetki stollaryň birinde ýeke özi naharlanyp, çaý içip oturan bir ýaşulynyň ýanynda boş ýer bar eken, ýaşulynyň ýanyna baryp salam berdim. Ol meni güler ýüz bilen garşylap, saglyk-amanlyk alşyp, ýanynda oturyp garbanmagy teklip etdi. Ol meniň türkmendigimi anyklansoň, arassa türkmen dilinde gürläp ugrady. Gulluk edýän ýerimde özümden özge türkmen bolmansoň, iki ýyla golaý wagt bäri öz ene dilimde gürleşip görmändim. Ýaşulynyň duýdansyz türkmen dilinde arassa gürlemegi meni diýseň begendirdi we geň galdyrdy, sebäbi bu ýaşulyny daşky görnüşinden gazakdyr öýdüpdim. Biraz soraşyp, söhbetdeş bolanymyzdan soň, ol adamyň gazak däl-de, garagalpakdygyny, onuň Garagalpagystanyň Hojaili etrabynda ýaşaýandygyny anykladym. Ýaşulynyň ady Bekkimmet agady. Onuň türkmen dilinde gürleýänine haýran galasy iş ýokdy, sebäbi onuň ýaşaýan ýerinde garagalpak, gazak, türkmen, özbek milletleri garyşyp oturýardylar. Ýene-de bir begenen zadym, Bekkimmet aganyň hem meniň münmeli otlyma petek alandygy boldy. Biz bir wagonda, bir kupede ýerleşdik. Otlynyň içi diýseň yssy, petişdi. Bekkimmet aga maňa öz ýanynda bar bolan adaty ýeňil eşiklerden geýinmegi teklip etdi, men garşy bolup durmadym, sebäbi egnimdäki esger eşigi bu yssyda agyrlyk edýärdi, eşiklerimi çalşyp hezil edinäýdim. Men suwsuzlygymy gandyrmak üçin çüýşe gaba gaplanan suwdan içmekçi boldum, emma Bekkimmet aga:
— Araz jan, yssyny yssy basýandyr, bu çüýşeli suwuňy uzakly gün içeňde-de suwsuzlygyňy gandyrmaz, gowusy gyzgynjak gök çaý içeliň! — diýip, çaý içmegi teklip etdi. Men gulluga gelelim bäri gök çaý içip göremokdym, gullukda diňe gara çaý berýärdiler, şonuň üçin-de onuň reňkini görüp, ýakymly ysyny alyp, öýümiz, ejem janyň saçagy göz öňüme geldi. Oglan wagtymyz gök çaýy adaty bir içgi hökmünde kabul edip, onuň adam bedenine edýän oňaýly täsiri barada pikir hem etmändirin. Men gowy demini alan gök çaýdan birki gezek owurtladym. Çaýyň ýakymly täsiri bilen, onuň gyzgynlygyny-da duýmadym. Çaýdan ýene owurtladym, meni şagga der basdy. Bu ýiti Gün şöhlesiniň otlynyň aýnasyndan geçip, ýakyp-ýandyryp barýan yssy howrunyň deri däldi-de, müň derde derman gök çaýyň şypa deridi. Men yzly-yzyna käse boşatdym, içýän çaýym edil çägä suw siňen ýalydy. Gök çaýyň berýän burçak-burçak derinden soňra kellagyrydan nam-nyşan galman, süňňüm şeýle bir ýeňledi welin, men guş bolup uçaýjak bolýardym. Geň galaýmaly zat, bu çaý içişlikden soň biz yssyny düýbünden duýmadyk. Men şu çaka deňiç gök çaýyň adama şeýle aram, rahatlyk bagyş edip, ýadawlygy aýryjy häsiýetiniň bardygyny bilmändirin. Şondan soň halkymyzyň näme üçin gök çaýy ürç edip içýändigine, näme üçin gök çaýyň saçaga getirilýändigine düşündim. Bekkimmet aga bilen söhbetdeşligimiz nähilidir bir sebäp bilen halkymyzyň milli lybaslary, medeniýeti, bedew atlarymyz baradaky gürrüňdeşlige syrykdy. Bekkimmet aga türkmen milli egin-eşikleriniň, gelin-gyzlarymyzyň dakynýan şaý-sepleriniň, dünýä belli gamyşgulak bedewlerimiziň tarypyny ýetirdi.
Biziň bilen bir howadan dem alyp, bir derýanyň suwuny içýän doganlyk milletiň wekili tarapyndan dogduk mekanymdan alys ýerlerde halkymyzyň milli buýsançlary, medeni mirasy barada ýakymly sözleriň, garaýyşlaryň aýdylmagy meniň buýsanjymy artdyrdy.
Arazgeldi ÝEGENOW,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
matematika we informatika mugallymy.
Daşoguz habarlary (04.11.2021ý. №132 (17748))