Türkmenistanyň bitaraplygy – asudalygyň Watany

Mähriban mekanyň taryhy 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň ykrarnamasy bilen, 185 döwletiň bir agyzdan ses bermeginde gazanylan hemişelik Bitaraplygydyr. Bu taryhy sepgide  ýetmek ugrunda Türkmenistanyň degişli daşary-syýasy we diplomatik hereketleri yzygiderli we tutanýerli amala aşyrmagy hemişelik Bitaraplygyň dünýä halkara gatnaşyklary we diplomatiýa taryhynda deňi taýy bolmadyk halkara-hukuk resminamasynyň kabul edilmegi bilen dabaralandy. Ýunus Emräniň “Meniň ilim dost ilidir” diýmegi hoşniýetli hemişelik Bitaraplyk biziň ýurdumyzy goh-galmagallardan, dünýäniň dawa-jenjellerine goşulmakdan goraýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň “Bitarap Türkmenistan” atly kitabynda şeýle ýazýar: “Biz oňyn  Bitaraplyk diýilip atlandyrylýan nusgany saýlap aldyk. Onuň esasy düzgünleri parahatçylyk söýüjilikden, beýleki döwletleriň işlerine gatyşmazlykdan, olaryň özbaşdaklygyny we çäk bitewüligini hormatlamakdan, halkara harby bileleşiklere hem-de harby şertnamalar goşulmazlykdan ybaratdyr.” Türkmen Bitaraplygy diňe bir öz Watanymyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň, bütin dünýäniň asudalygyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Daşary döwletler bilen gatnaşyklarda deň hukukly, özara hormat goýmak we hiç bir ýurduň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgeleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň esasy özenidir.
Bitaraplyk bilen baglanyşykly türkmeniň milli durmuş kadalarynyň aňyrsynda biziň taryhymyz, däp-dessurlarymyz, ata-babalarymyzyň parahatçylyk baradaky arzuwlary bar. Başgaça aýdanymyzda akyldar Magtymguly atamyzyň arzuwyny amala aşyryp, çar tarapymyz bilen il bolup ýaşaýarys. Ol arzuwlar häzirki döwrüň syýasy giňişliginde öz täsin özboluşly milli syýasatyny ýöredýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany döretmek üçin sarsmaz bina boldy. Türkmen Bitarplygy-parasatly ösüşiň ýoludyr. Häzirki dünýä derejesindäki baky Bitaraplygymyz öz köklerini her bir türkmeniň göwün küýseginden, ata-baba dowam edip gelýän goňşyň-goňşa bolan sylagyndan, hormatyndan, hoşniýetli garaýşyndan alyp gaýdýar. Bitaraplyk türkmen halkynyň öz bütin taryhynyň dowamynda arzuwlan, onuň merdana ogullarynyň hoşniýetli pähim-parasadynyň ýetişdiren datly miwesidir. Ata-babalarymyz hemişe goňşy ýurtlar, ähli halklar bilen parahat  ýaşamaga çalşypdyrlar. 
Türkmensitan diňe bir hemişelik Bitaraplyk derejesini almak barada strategik çözgüdi kabul etmek bilen çäklenmän, dünýä derejesinde halkara parahatçylygy we howupsyzlygy öňe sürmek, goňşy döwletler bilen parahatçylyk gatnaşyklary guramak boýunça jemgyýetçilik borçlaryny öz üstüne aldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitaraplyk ýörelgelerine berk eýermek bilen, häzirki zamanyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky abraýly orny barha artýar. 
Baky Bitaraplygymyz türkmen  halkynyň alnyndan Gün bolup dogdy. Sebäbi ol türkmene parahat ýurtda, bagtyýar durmuşda, baky asudalykda ýaşap öz nesillerini ösdürip-öňretmekde, halal zähmet çekip ata-Watanymyzy gülletmäge giň mümkinçilikleri berdi. Hemişelik abadançylygyň kepili bolan baky Bitaraplygymyz her bir türkmeni Bagt dagynyň çür depesine çykarýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly, öňdengörüjilikli, oýlanyşykly ýöredýän hoşniýetli içeri we daşary syýasatynyň biri-biri bilen utgaşykly alnyp barylmagynda ýurdumyzyň abraýy  günsaýyn artýar. Bagtyýar ýaşaýyşyň, dost-doganlygyň, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň haýran galdyryjy ösüşleriň mekany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ömri dowamat dowam bolsun! Goý, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda baky Bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, bütin dünýä asudalygyň we ösüşiň täze ýolundan ugur alýan türkmeniň geljegi elmydama nurly bolsun!
Sona KURBANOWA, 
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 
matematika mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09