Ýylyň gelşi äheňinden bellidir
2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegine buýsançnama
Hormatly Prezidentimiziň düýn, 27-nji dekabrda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde nygtaýşy ýaly, tamamlanyp barýan ýylda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, içeri we daşary syýasatda uly üstünlikler gazanyldy. Döwlet Baştutanymyz olar barada mejlisde jikme-jik durup geçmek bilen, öňde has-da belent maksatlaryň durandygyny we geljek ýylyň anyk işlere hem-de täze taslamalary amala aşyrmaga beslenjekdigini nygtady. 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi şol belent maksatlaryň üstünlikli amala aşyryljakdygyna bolan ynamy has-da berkidýär.
Hawa, ýene bir ýyl aýaklady. Tamamlanan her günüň ertir, paslyň özge pasyl, ýylyň täze ýyl, döwürleriň döwürler, eýýamlaryň eýýamlar üçin başlangyçdygy ýazylmadyk hakykat. Diýmek, tamamlanmak — basgançaga, kök-damara, özene hem dowamata öwrülmek. Ýene-de sanlyja günden 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna orun berer. Netijede, halkyň, döwletiň durmuşynda 2021-nji ýylda gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri geljekki ýeňişlere atarjak täze sahypa açylar. Onuň aýdyň hem tämiz sahypa boljakdygy badalgasyndan — üstümizdäki ýylda döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni, jemgyýetçilik... durmuşynda tapan milli hem halkara ykraryndan, «Halkyň Arkadagly zamanasy» adyndan belli dälmi näme?
Adam ogly üçin ynam hem umyt ýeňşe uzaýan ýoluň ýarpysyna barabar. Ýeňiş-de, üstünlik-de, başarnyk-da, özgeriş-de... ynamdyr umytdan başlanýar. Munuň şeýledigini pandemiýa sebäpli emele gelen ählumumy ykdysady çökgünligiň täsiri astynda geçen ýyllar Türkmenistanyň, türkmen halkynyň durmuşynyň mysalynda ýene bir ýola aýdyň ýüze çykardy. Bu babatda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly has-da şöhratly boldy. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk ýubileýleri bellenilen ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty has-da berkedi. Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, her aý, her çärýek boýunça ykdysady ösüşlerde ýetilen sepgitler, ýurdumyzyň senagatlaşmagyna gönükdirilen taslamalaryň onlarçasynyň durmuşa geçirilmegi, halkymyzyň durmuş-ykdysady derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda görlen çäreleriň giň gerim almagy, daşary syýasatda we halkara gatnaşyklarda açylan çygyrlar munuň şeýle bolmagyna oňyn şertleri döretdi.
2021-nji ýyl importyň ornuny tutýan, halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak bilen birlikde, eksporta gönükdirilen harytlaryň önümçiligini ýola goýmakda-da düşümli ýyllaryň biri boldy. Bu babatda azyk garaşsyzlygyny berkitmekde, ilatyň azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyryp, bahalarynyň elýeterliligini gazanmakda, olaryň halkara bazarlardaky ornuny giňeltmekde önjeýli işleriň edilendigini-de nygtamak gerek. Şunda hususy pudagyň tagallalaryna uly orun degişlidir. Munuň özi döwletimiziň hususyýetçilere berýän ýeňillikleriniňdir goldawlarynyň miwesidir. Muny ozal agramly bölegi daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryňdyr gök önümleriň bu gün hususy telekeçiler tarapyndan öndürilýändiginiň, ösdürilip ýetişdirilýändiginiň mysalynda-da görmek bolýar.
Üstümizdäki ýylda ilki Kaka dokma toplumynyň, soňra-da Babadaýhan dokma toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň dokma senagatynyň ösüşinde taryhy wakalara öwrüldi. Bu iri toplumlar ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyryp, dokma önümleriniň eksportyny-da ep-esli artdyrýar. Netijede, döwletimiz gürrüňi edilýän pudakda uly ösüşleri gazandy. Munuň şeýledigini häzirki döwürde Türkmenistanda iri dokma kärhanalarynyň köp sanlysynyň hereket edýändiginde, olarda dürli nah we garyşyk ýüplükleriň, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan tüýjümek, jins, örme matalaryň, köp görnüşli taýýar egin-eşikleriň hem-de el halylarynyň taýýarlanylýandygynda-da görmek bolýar.
Tamamlanyp barýan ýyl hem Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyna doganlyk goluny uzadýandygyny subut edýär. 2021-nji ýylda Akina — Andhoý menzilleriniň arasynda 30 kilometrlik demir ýoluň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça uzynlygy 153 kilometr bolan elektrik geçirijisiniň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň ulanylmaga berilmegi halkymyzyň ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygynyň nyşanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy netijesinde üstümizdäki ýylda goňşy owgan halkyna türkmen halkynyň adyndan ynsanperwerlik ýükleriniň birnäçe tapgyrynyň ugradylmagy-da bellenilmäge mynasyp ýagdaýdyr. Çünki bu başlangyçlar hormatly Prezidentimiziň, halkymyzyň ynsanperwerliginden habar berip, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny-da açyp görkezýär.
Türkmenistan üstümizdäki ýylda daşary syýasatda-da uly üstünlikleri gazandy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy umumy mejlisinde «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi 2021-nji ýylda halkara derejede ykrar edilen derwaýys wakalarynyň birine öwrüldi.
6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy, döwlet Baştutanymyzyň 14-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn görnüşde gatnaşyp eden taryhy çykyşy hem-de 12-nji noýabrda Stambulda geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji sammitine gatnaşmagy, 28-nji noýabrda Aşgabatda geçen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň netijeleri boýunça jemleýji resminamanyň — Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň kabul edilmegi, 11-nji dekabrda paýtagtymyzda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň guralmagy hem-de onuň işine Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşyp, taryhy söz sözlemegi Türkmenistanyň halkara abraýyndan, eýeleýän syýasy ornundan we ählumumy parahatçylyga goşýan önjeýli goşandyndan habar berýär.
Şular babatda pikir edeniňde, 2022-nji ýyla «Halkyň Arkadagly zamanasy» adynyň berilmegi we bu babatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Kararynyň kabul edilmegi halkymyzyň islegleriniň we arzuwlarynyň beýanyna öwrüldi diýsek ýalňyşmarys. Sebäbi, hakykatdan-da, türkmenistanlylaryň her biri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, Arkadagly zamananyň eşretini, hözirini görüp ýaşaýar. Muny Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli, 25-nji dekabrdan geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli halkyň esasy isleg bildirýän harytlarynyň 10 göterimden 50 göterime çenli arzanladylan nyrhlardan satylmagy bilen baglanyşykly geçirilýän «Sahawatly söwda» çäresi-de subut edýär. Bularyň ählisi täze ýylyň — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň durmuş-ykdysady babatda-da, döwlet durmuşynyň beýleki ugurlary boýunça-da uly üstünliklere beslenjekdigini alamatlandyrýar.
Ysmaýyl TAGAN.
«Türkmenistan».
https://metbugat.gov.tm