Ylham berýän tebigat – joşgunly göwne ganat (Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi) 176

Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýdur-baýramlarymyz goşalanyp gelýär. Dünýämizi görke besleýän ajaýyp bahar pasly kalplara ylham berip, ýürekleri joşdurýar. Bagtyýar ýaşlarymyzy döredijilik bilen meşgullanmaga höweslendirmek, täze zehinleri ýüze çykarmak, ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigatymyzyň gözelliklerine bolan söýgüsini artdyrmak hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde 14-30 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň arasynda «Ylham berýän tebigat» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Ajaýyp baýramyň öňüsyrasynda welaýat kitaphanasynda bu bäsleşigiň jemi jemlenildi. Bu mynasybetli geçirilen dabarada TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary Serdar Şyhyýew, «Daşoguz habarlary» gazetiniň habarçysy Döwletnazar Işangulyýew dagy çykyş edip, bäsleşigiň netijeli häsiýete eýe bolandygyny, dörediji ýaşlaryň ylhamyny joşduran goşgularda döwrümiziň belent waspynyň, tebigatyň jadylaýjy gözellikleriniň çeper beýan edilendigini bellediler. Bäsleşigiň jemi boýunça 1-nji orna S.A.Nyýazow adyndaky etrap medeniýet merkeziniň işgäri Nurmyrat Aşyrow, 2-nji orna  Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň kitaphanaçysy Jahan Mirabowa, Görogly etrabynyň Ýagtylyk geňeşliginiň ýaşaýjysy Süleýman Tekäýew, 3-nji orna bolsa Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby Mähri Saparmedowa, Gubadag etrabynyň Babadaýhan geňeşliginiň ýaşaýjysy Laçyn Myradowa, Akdepe etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň okuwçysy Leýlijemal Meretamanowa dagy mynasyp boldular.
Ýeňijilere TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, «Daşoguz habarlary» welaýat gazetiniň redaksiýasynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.
* * *
«Ylham berýän tebigat – joşgunly göwne ganat»

MEZETDIM
Ýene-de daň atar Gün çykar parlap,
Kükräp gelen bahar gaýta joş urar.
Yşk bahara meňzeş garaşyp ýörün,
Ykbalda bar bolsa wagt duşurar.

Däli köňlüm bir pasyllyk bahar deý
Bir görüner, soň gider gözlerden ýitip.
Gül juwanlyk döwrüň elde bolmasa
Düşünmersiň barybir yzyndan ýetip.

Älemiň geňligi: yşkdan ýansa-da,
Ýere aýak basyp ýören diri kän.
Erikleň ak güli düwse nowçasyn
Menem yşkdan ýansam gerek dirikäm.

Bahar gelse juwan köňlüm atygsar,
Gaýta döreýän dek duýup özümi.
Suratkeş deý pozup, gaýtadan çyzyp,
Şahyr kimin ýazýan diýjek sözümi.

Ýaşlygmy meňzetdim derýaň tolkunna,
Duýgularym onda çyrpynýar her ýan.
Hyýallardan mizemejek ýol ýasap,
Arzuw gämisinde men saňa barýan.

Ýene-de asmanda Gün çykar parlap,
Aşyklaryň kalby barha joş urar,
Howlukma, ezizim, bijämiz çykyp,
Bahar bizi bir-birege gowşurar.

Nurmyrat AŞYROW,
S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň medeniýet merkeziniň işgäri.

* * *

GÖZÜM GIDÝÄR ...

Pyntyk açyp gelýär synlasaň baglar,
Bilbiller saýraşýar ajapdyr çaglar,
Ýaşyl öwsüp garyn eredýär daglar,
Gözüm gidýär gelişine baharyň,
Synlaýaryn onuň ajap säherin.

Şabyrdap ýaz ýagşy ýene-de guýýar,
Damjalar zeminde täsin yz goýýar,
Ene ýer baharyň ýylysyn duýýar,
Kömelegin çöpleýänje baharyň,
Çagalara guwanyplar bakaryn.

Daýhany diýsene söýüşin ýerin,
Jan aýaman munda döküşin derin,
Aýlanaýyn entek daş-töweregim
Gözüm gidýär boluşyna baharyň
Synlaýaryn onuň ajap säherin.

Jahan MIRABOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň kitaphanaçysy.

* * *

BAHAR GELÝÄR ÜLKÄME

Ýürekler joşanda döreýär aýdym,
Menem bu söýgini äleme ýaýdym,
Arkadagly ýurdum gözüňiz aýdyň,
Çar ýanym bag-bakja hem-de erkana,
Watandaşlar, bahar geldi ülkäme!

Zemin egne geýdi ýaşyl begresin,
Gelýär ony maňlaýyma degresim,
Şükür Huda aryp gözi degmesin,
Ne beýle owadan, ajap görkana,
Watandaşlar, bahar geldi ülkäme!

Özünden öň geldi mymyk howasy,
Säherleri dertleriniň dowasy,
Kabul bolup Babadaýhan dogasy,
Gözüň gidýär gül pürkülen mekana,
Watandaşlar, bahar gelýär ülkäme!

Guşlaram baglarda jagylda-jugul,
Al eliňe piliň, eý, daýhan ogul,
Galkyn, eziz toprak, täzeden dogul,
Bagt eçilmiş Hak tagala ýalkana,
Watandaşlar, bahar geldi ülkäme!

Süleýman TEKÄÝEW,
Görogly etrabynyň Ýagtylyk geňeşliginiň ýaşaýjysy.

* * *

BAHARY SÖÝÝÄN

Sähra çykyp lälelerden täç geýsem,
Gursagym dolduryp howadan gansam,
Ganat kakyp galsam bulut üstüne,
Synlasam zemini, pyrlansam her ýan,
Men bahary şeýle bir, şeýle bir söýýän.

Bilezik dakynsam sary güllerden,
Dag üstüne çyksam, geçsem köllerden,
Owurtlap çaýlardan, ýuwsam ýüzümi,
Aýlansam zemini, pyrlansam her ýan,
Men bahary şeýle bir, şeýle bir söýýän.

Badym peselýänçä ylgasam gitsem,
«Salam»  diýip sesim göge ýollasam,
Gözlerimi ýumup duýýaryn seni,
Gujaklap zemini, pyrlansam her ýan,
Men bahary şeýle bir, şeýle bir söýýän.

Älemgoşar reňkinde ýüzsemdim,
Dür damjasyndan monjuk düzsemdim,
Günüň zerlerinde çalsamdym sazy,
Asmanda guş bolup uçsamdym her ýan,
Men bahary şeýle bir, şeýle bir söýýän.

Laçyn MYRADOWA,
Gubadag etrabynyň Babadaýhan geňeşliginiň ýaşaýjysy.

* * *

HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASYNDA

Türkmeniň ynamy has-da berkedi,
Halkyň Arkadagly zamanasynda.
Ösüş-özgerişleň bolmaz serhedi,
Halkyň Arkadagly zamanasynda.

Zehin gory çogup çykýar göwünden,
Ylham alýas bedew batly döwürden.
Sagdyn durmuş-rowaçlykdyr, ömürden,
Halkyň Arkadagly zamanasynda.

Gojalaň, juwanlaň, körpe çagalaň,
Sport bilen munda wagty çag olaň.
Öňe barýas eziz Arkadag bilen
Halkyň Arkadagly zamanasynda.

Sungatyna sarpasy bar belentden,
Dutarçylyk ajabydyr senetleň,
Bagtyň waspy bolup ýazylýar bentlem,
Halkyň Arkadagly zamanasynda.

Pyragynyň arzuw eýlän eýýamy,
Ak nur bolup dünýä dolýar beýany.
Arkadaga alkyş kalplaň diýýäni,
Halkyň Arkadagly zamanasynda.

Mähri SAPARMEDOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby.

* * *

BUÝSANÇNAMA

Arkadagly zamanaň bagtly gyzy men,
Buýsanýaryn Watanyma, döwrüme,
Şat durmuşyň gül-gunçasy ýazy men,
Günler aýdym bolup dolýar göwnüme.

Gije-gündiz okamakdyr paýymyz,
Gülleýär, gül açýar bilim daragty,
Toýlara beslenýär her gün, aýymyz,
Garaşsyzlyk berdi bu ajap bagty.

Behişde deňelýär bu gözel ülke,
Ak gülleriň mekanyny söýýärin.
Täze eýýamyň Galkynyşy döwründe,
Jan Watanym Türkmenistan diýýärin.

Arkadagym bilen öňe barýarys,
Çemen bogup gyzyl, elwan gülleri.
Siziň bilen döredýäris, gurýarys,
Şöhrat size, işleriňiz ileri!

Leýlijemal MERETAMANOWA,
Akdepe etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň okuwçysy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09