Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun!
Pyragynyň «Ölmesden burun» goşgusynda:
Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun,
Hastalyk şükrüni kylgyl, täki ölmesden burun ,
Düz ýerin gadryny bilgil, derýaga dolmasdan burun,
Gämide hüşgär oturgyn, girdaba gelmesden burun,
Ýaşlygyň gadryny bilgil, tä ulalmasdan burun! —
diýen setirlerinde nygtaýşy ýaly, adamda saglykdan gymmatly zadyň ýokdugyna göz ýetirmek bolar.
Garaşsyz döwletimiziň we halkymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesil hakynda uly alada edilýär. Şol aladalar çagalaryň abadan ýurtda, sagdyn durmuşda ýaşamaklaryny, döwrebap bilim-terbiýe almaklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» kabul edilmegi sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan işlere täze badalga berdi. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň saglygy, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri babatda edýän aladalaryna mynasyp işler bilen jogap bermek, Watanymyzyň bähbitlerine ak ýürekden hyzmat etmek biziň her birimiziň, ylaýta-da, mugallymlaryň borjudyr.
Biz nesillerimiziň aňynda zyýanly endiklere ýigrenç duýgusyny ir döwürden oýarmaga çalyşmalydyrys. Geljekde gönüden-göni çagalar bilen iş salyşjak mugallymlary taýýarlamak bilen meşgullanýanlar üçin-hä mesele has-da wajypdyr. Şuny göz öňünde tutup, Mugallymçylyk mekdebimizde türkmen dili we edebiýaty derslerinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan peýdalanýarys. Beýik akyldaryň sargytdyr wesýetlerini bir gezek okan islendik ynsanyň ýüreginde onuň çagyryşlarynyň müdimilik orny bar. Edebiýat äleminiň ägirdi, beýik akyldar Magtymgulyny ruhy dünýämiziň sarsmaz sakasy hasaplaýarys.
Magtymguly ilini-ýurduny jany-teni bilen söýen şahyrdyr. Ol ähli güýjüň, kuwwatyň, adyň, abraýyň seniň iliňe, ýurduňa edýän hyzmatyňa, olara goýýan gadyr-gymmatyňa baglydygyny yzygiderli nygtaýar.
Beýik şahyryň watançylyk, edep-terbiýe, agzybirlik, söýgi, öwüt-nesihat, ahlak we beýleki temalardan ýazan goşgulary halk arasynda öçmejek yz galdyrdy.
Şahyryň öwüt-ündewli goşgularyna ýüzlenen her bir ynsan kalbyna şypa tapýar, ruhuny päkleýär. Umuman, dana atamyz Magtymguly Pyragyny ynsanlaryň ruhy lukmany hökmünde häsiýetlendirmek mümkin.
Şahyryň ahlak pelsepesine dogry düşünip, ony doly derejede iş ýüzüne geçirmek üçin Mugallymçylyk mekdebimizde geçilýän her dersimizde onuň saglyga degişli goşgularyny, öwüt-ündewlerini ýaşlara ýetirýäris.
Nesil saglygy hakyndaky alada, olary zyýanly endiklerden gorap saklamak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimizde öňe sürülýän baş maksatlaryň biridir. Goý, hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky işleri mundan beýläk hem dabaralansyn!
Maýsagözel AMANGELDIÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.