Bilim ulgamynda sanly bilim
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda durmuşyň ähli ugurlarynda, şol sanda bilim we ylym ulgamynda hem uly ösüşlere eýe bolýar. Bilim-ylym babatda gazanylýan ösüşler we amala aşyrylýan bilim özgertmeleri bilim ulgamynda işleýän her bir hünärmenleriň öňünde uly döredijilik mümkinçiliklerini açýar. Ýaş nesliň bilimli-ylymly, asylly terbiýeli, ata-Watanymyza, halkymyza wepaly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerinde bilim ulgamy wajyp wezipäni ýerine ýetirýär. Türkmen halky perzent terbiýesine uly ähmiýet berýär. Olar geljekde öz çagalaryny nähili keşpde görmek isleýän bolsalar, olara kiçiliginden şol terbiýäniň berilmegini ündäpdirler. Olara kämil edep-terbiýe bilen gurşamak jemgyýetiň her bir wekiliniň borjudyr. Ýurdumyzda ähli bilim berýän edaralarynda sanly bilim serişdeleriniň ornaşdyrylmagy hünärmenleriň okuw işlerini talabalaýyk alyp barmagyna giň mümkinçilik berýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýurdumyzda baş maksat, esasy wezipe, döwrüň talabyna görä, ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek bolup durýar. Häzirki wagta okatmagyň täze tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine netijeli ornaşdyrmak babatda bilim we ylym işgärleri tarapyndan oňyn tejribeler toplandy. Bu bolsa, bilim-terbiýeçilik işiniň netijeliligini ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilik açdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde Türkmenistanyň Bilim minstrligi tarapyndan döredilen nesil.edu.tm atly web saýtynyň döredilmegi, döwletimiz boýunça ýokary okuw jaýlarynyň we orta hünär okuw mekdeplerini bir ýerde jemläp bilim ulgamyny mundan beýläk hem dünýä derejesinde ösdürmek üçin uly işleri alyp barýar. Bu web saýty öz içine “Baş sahypa”, “Bilim portallar”, “Sanly bilim hyzmatlary”, “Daşary ýurt tejribe”, “Täzelikler” diýen ýaly bölümlerden ybarat bolup, olaryň ýerine ýetirýän işleri aýry-aýrydyr. “Baş sahypa” bölüminde bilim ulgamynda alynyp barylýan işleriniň ösüşlerini beýan edýän dürli maglumat bölümidir. “Bilim portallar” bölümi hem öz içinde iki bölümden ybarat bolup “Ýokary okuw jaýlary”, “Orta hünär okuw mekdepleri” bolup onda ýurdumyzdaky ähli ýokary we orta okuw jaýlary baradaky ähli maglumatlaryny jemläp berýär. Eger, şol ýokary okuw jaýynyň ýa-da orta okuw mekdebiniň adyny ýazyp, Türkmenistanyň Bilim minstrliginiň belli bölümindäki hünärmenleri şolar baradaky anyk maglumatlary alyp, göýberip bilýärler. “Sanly bilim hyzmatlar” bölümi “Bitewi elektron kitaphana”, “Onlaýn bäsleşik ulgamy”, “Elektron mekdepler” ýaly bölümlerden ybarat bolup, bu bölümleriň her haýsy nesil.edu.tm web saýtynyň içinde oturan onlaýn platforma üpjünçiligidir. Olaryň her biriniň hem öz web sahypalary bolup, her biniň ýerine ýetirýän işleri özünde köp maglumatlary saklap, paýlap, işlemek ýaly köpugurly işleri ýerine ýetirip bilýär. Meselem: “Bitewi elektron kitaphana” bölümi “Kitaphana.edu.tm” atly onlaýn platforma web sahypasynyň üstüne basyp, umumy bilim berýän mekdepler üçin ähli okuw kitaplaryň elektron kitaphanalaryny, ýokary we orta okuw mekdepleriniň kitaphanalaryny özünde jemläp, ugurlar, bölümler boýunça bölekläp, gözlemek ýaly işlerini ýerine ýetirýär. Bu kitaplar Türkmenistanyň ähli raýatlary üçin peýdaly bolup, geljekde açyk, hemmeler üçin elýeterli mugt kitaplaryň onlaýn platformasy hökmünde ulanylar. “Onlaýn bäsleşik ulgamy” bölümi “Zehin.edu.tm” atly onlaýn platforma olimpiadalary daş aralyklarda onlaýn geçirmek üçin niýetlenendir. Platforma masştabirlenýär we dürli ýaşdaky ulanyjylar, bilim beriji guramalar üçin testlary, olimpiadalary, bäsleşikleri geçirmäge mümkinçilikleri berýär. Onlaýn platforma soragalary we ýumuşlary utgaşdyryp çykarmaga, olimpiadanyň başlanýan we gutarýan wagtlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berip, olimpiada gatnaşmak üçin we onlaýn dolandyrmak üçin login we parol berilýär. Onuň netijesi boýunça testiň tamamlanmagy bilen hasaplanan ballary çykaryp görkezýär.
“Sanly bilim hyzmatlar” bölüminiň üçünji bir uly bölümi “eMekdep” onlaýn ulgamy bolup, onuň esasy maksady informasion we telekommunikasion tehnologiýalaryň ulanylşyny işjeňleşdirmek esasynda bilim berijiligiň hilini gowlandyrmakdan ybaratdyr. Bu bölüm okuwçylara elektron gündelikleri ýöretmäge, mugallymlaryň synp žurnallaryny elektron ýöretmäge, okuwçylaryň, talyplaryň gatnaşygy we ýetişigi baradaky maglumatlary ene-atalara elektron ýetirmäge, mugallymlara we dolandyryş işgärlerine hasabatlary döretmäge, bilim berilişiniň hilini ýokarlandyrmak üçin ýetişigiň we gatnaşygyň görkezijilerini gowulandyrmagyň usullaryny kesgitleýär.
“Daşary ýurt tejribe” bölümi “Khan Academy”, “Yandex-tejribe”, “Udemy-okuwy kämilleşdirmek” bölümlerini öz içine alyp, olar dünýä derejesindäki bilim ulgamlarynyň tejribeleri bilen tanyşmak, pikir alyşmak, aragatnaşyk saklamak işlerini ýerine ýetirýär.
“Täzelikler” bölümi Türkmenistan döwletimiziň bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler barada, ösüşler, tazelikler, kanunlar, tejribeler bilen yzygiderli tanyşdyryp durýar. Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşlaryny, syýasatlaryny wagyz etmekde, ýaş nesliň kämil bilim, döwrebap terbiýe almagynda birnäçe işleri hormatly Arkadagly Serdarymyzyň uly goldawy astynda durmuşa geçirýärler. Ylmyň ösmegi kämil tehnologiýalaryň öndürilmegine sebäp boldy. Dünýä ylmynyň şu günki ýeten derejesi bolsa ähli durmuş zerurlyklary bilen dahylly komýuterleşdirilen enjamlaryň öndürilmegi bilen baglydyr. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň işlerinde guralýan sanly serişdeler ornaşdyrylýar. Şunda el güýji bilen ýerine ýetirilýän işler awtomatlaşdyrylýar, maglumat tehnologiýalarynyň paýy artdyrylýar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hereket edýän nesil.edu.tm web saýtynyň ýerine ýetirýän işleri bilim ulgamynda zähmet çekýän ähli hünärmenlere öz ýeňilliklerini, döwrebaplygyny hödürleýär. Bilim ulgamyny şeýle uly ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa köp sag bolsun aýdýarys.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň matematika mugallymy
Sona Kurbanowa