Reýting bahalandyrma ulgamy

Reýting bahalandyrmasynyň maksatlary we wezipeleri
  • Ylmy-pedagogik işgärleri bahalandyrmagyň maksatlary:
  • ylmy-pedagogik işgärleriň özleriniň hünär işleriniň netijelerini kämilleşdirmeklerine, mugallymçylyk işiniň häzirki zaman tejribesini öwrenmeklerine we olaryň döredijilikli işlemeklige bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak;
  • giňeldilen maglumat ulgamlaryny we görkezijilerini peýdalanmak bilen ylmy-pedagogik işgärleri obýektiw bahalandyrmagy gazanmak.
  • Ylmy-pedagogik işgärleri bahalandyrmagyň wezipeleri:
  • ylmy-pedagogik işgärleriň mugallymçylyk, okuw-usuly we ylmy-barlag işleriniň hil derejelerini kesgitlemek;
  • ylmy-pedagogik işgärleriň işini meýilleşdirmegi kämilleşdirmek;
  • ylmy-pedagogik işgärleriň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň reýtingini ýokarlandyrmaga täsir edýän iş gömüşlerini höweslendirmek;
  • ylmy-pedagogik işgärleriň alyp barýan işleriniň hili babatynda maglumat binýadyny döretmek;
  • ylmy-pedagogik işgärleriň derejesini obýektiw bahalandyrmak üçin bitewi toplumlaýyn ölçegleri kesgitlemek.
Reýting bahalandyrmasyna bildirilýän talaplar
  • Yokary okuw mekdeplerinde geçirilýän ylmy-pedagogik işgärleriň reýting bahalandyrmasyna aşakdaky talaplar bildirilýär:
  • bahalandyrmagyň maglumatlaryny toplamak we çap etmek üçin ýokary okuw mekdepleri tarapyndan ýörite kompýuter programmasyny döretmek;
  • ylmy-pedagogik işgärleriň ýerine ýetirýän işleriniň ähli gömüşlerini doly öz içine alýan görkezijileri kesgitlemek;
  • reýting bahalandyrmasynda ýokary netijeleri gazanan ylmy-pedagogik işgärleriň Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda bellenen tertipde zähmetini höweslendirme çärelerini ulanmak (minnetdarlyk bildirmek, hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak we başgalar);
  • ylmy-pedagogik işgärleri bahalandyrmak çygrynda dünýä tejribesini öwrenmek hem-de ony ýokary okuw mekdebinde omaşdyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek;
  • her ýylda ýokary okuw mekdebiniň Alymlar geňeşinde ylmy-pedagogik işgärleri bahalandyrmagyň görkezijilerine seretmek we ony tassyklamak.
  • Reýting bahalandyrmasy bir senenama ýylynda ýerine ýetirilen işler boýunça geçirilýär.
  • Reýting bahalandyrmasynyň netijeleri ýokary okuw mekdepleriniň Mugallymlar geňeşinde we usuly birleşmeleriň ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşylýar hem-de pes netije gazanan ylmy-pedagogik işgärleriň işini kämilleşdirmek babatynda degişli çözgütler kabul edilýär. 
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde ulanylýan "Reýting bahalandyrma" ulgamynyň mysaly ulgamyny siziň bilen paýlaşýarys!. Ýükläp almak üçin "BAHALANDYRMAK ULGAMY" salga basmak arkaly alyp bilersiňiz. Ulgama maglumaty goşmak üçin login : admin; parol : parol (default)
Wirtual serwer hökmünde XAMPP v3.3 ulanyldy.
Soraglar boýunça +99365807460. Muhammedow Didar

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09