DÖWRÜŇ TALABY - MUGALLYMA ÝÖRELGE
Döwrebap hunarmenleri taýýarlamagyň häzirki zaman şertlerinde mugallymyň hünärmeni talabalaýyk taýýarlamakda durmuşa geçirilyän özgertmeleriň näderejede bolmalydygyny kesgitlemek mümkinçiligi bar. Hunärmen tayyarlananda, geljekde mugallym bolmaly ýaşlaryň bu ugurda jogapkärçiligini yokarlandyrmak zerurdyr.
Mugallym okatmagyň täzeçe we durli usullaryny ýerlikli ulanyp, sapagy, synpdan daşary işleri maksadalaýyk guramagy başarmalydyr. Onuň üçin mugallym irginsiz gözlegde bolmaly. Okatmagyň täze usullaryny utgaşykly guramak, garaşylyan netijäni gazanmak üçin öňdebaryjy mugallymlaryň iş tejribesini öwrenmek, birek-birek bilen maslahatlaşmak döredijilikli gözleg işleri üçin oňaýly badalgadyr.
Ylmyn gazananlaryna esaslanyan didaktiki talaplara görä, okuw işini guramakda milli yörelgelerimiz bilen halkara pedagogik yörelgeleri utgaşdyrylyar. Bilim bermekde täzeçe çemeleşmeler okatmagyň mazmunyny kesgitleýän bolsa, innowasion usullaryň sanly ulgam arkaly amala aşyrylmagy bu işleri guramagy häsiýetlendirýär. Diýmek, şol bir wagtyň özünde, hem maksat, hem yörelge, hem serişde, hem görnüş okatmagyň häzirki zaman usullarydyr.
Sanly bilim ulgamyna geçmegiň düyp mazmunyna we "Turkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdurmegiň Konsepsiyasyna" laýyklykda amala aşyrylýan işler geljekki hünärine taýýarlykda okatmagyň usulyyetindäki täzeçe garaýyşlar bilen talyplary tanyşdyrmaly. Döwrebap mugallymy taýýarlamak sanly bilim ulgamy, okatmagyň adaty usullary we tehnologiyalary bilen öň mümkin bolmadyk wirtual bilim giňişligini durmuşa ornaşdyrmakdyr. Munun özi bilim ulgamyndaky uly ösüş hasaplanyar.
Döwrüň talaplaryna eýerýän mugallymlary taýýarlamakda, olarda zerur ukyp-başamyklary, endikleri kemala getirmekde:
-döredijilikli gözlegde bolmak;
-öz-ozüňi kämilleşdirmek;
-özbaşdak işlemek zerurlygy yüze çykyar.
Döredijilikli gözlegde döredijiligiň sungat derejesine ýetirilmegi hakykata akyl yetirmek üçin gymmatly serişdedir. Gözelligiň kanuny bilen bilimleriň nazaryýetini ylmy esasda, çeper beýan etmek, olaryň üznüksiz sazlaşygyny döretmek aňly-düşünjeli bilimiň kemala gelmeginde zerur meseledir. Sebäbi akyl ýetirmekde gözellik, estetika, sungat we duýgy möhüm serişdeler hasaplanýar. Duýgy bilen kabul edilyän maglumatlaryň aňly-düşünjeli özleşdirilmegi bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna şert döredýär. Diýmek, okuw işini guramakda dürli ylymlaryň hersiniň özüne mahsus mazmunynyň we wezipeleriniň bardygyny göz öňunde tutup, ylmy esasda akyl ýetirmegiň özi nazaryýeti özleşdirmäge uly mümkinçilik we badalga bolýar, çünki bu usul nazaryýetiň çylşyrymly dünýäsine ynamly aralaşmakda, ony ruhubelentlik bilen beýan etmekde, her bir temany okuwçynyň aňyna ýetirmekde ustünlige getirer.
Mekdepde matematika dersinde öwrenilýän maglumatlar, köplenç, “akyl işjeňligini” we “akyl maşkyny" talap edýär. Ýüzugra akyl işjeňligini ösdürmäge niýetlenen döredijilikli gözleg işleri guralsa, okuwçylaryň bilimleriniň hil taýdan ýokarlanmagyna ep-esli derejede täsirli bolýar.
Mugallymçylyk hünärinde özüňi kämilleşdirmegiň, özbaşdak öwrenmegiň üznüksizligi her bir pedagog üçin didaktiki talapdyr. Sanly bilim ulgamynda hem, innowasion çemeleşmeler bilen, döwrebap usullar we döwrebap pedagogik ýörelgeler sazlaşykly utgaşdyrylýar. Bu üznüksizlik ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion bilimi we hünär kämilligini üpjün edýär. Hünärmenler taýýarlananda, wirtual bilim giňişligi bolup geçýän we bolup geçmeli üýtgeşmelere akyl ýetirmäge mümkinçilik berýär. Aslynda, wirtual bilim giňişligi okuw işine gatnaşyjylaryň ählisiniň aragatnaşygynyň netijeliligini üpjün etmek üçin döredilýändigi we ösdürilýändigi bilen häsiýetlendirilýär. Onda mugallym, kompýuter, internet torlary we administratorlary bilim maksatly aragatnaşyk giňişliginde wirtual häsiýetde hereket edýär.
Häzirki döwürde her bir maglumat gorunyň ulanylyşynda düýpli özgertmeleriň geçirilmegi bilen, mugallym üçin kämil mümkinçilikler ýüze çykarylýar. Hunär taýdan üznüksiz kämilleşmegi durmuşa geçirmegiň kesgitli ugry hökmünde wirtual bilim giňişliginde açyk ýagdaýda şahsy bilimiňi ýokarlandyrmak üçin, okuw işini işjeň guramak mümkinçiligi has tapawutlydyr. Wirtual bilim gurşawy esasynda bilim giňişligi bilen iş salyşmak innowasion mümkinçilikleri doly derejede özleşdirmäge şert döredýär.
Özbaşdak işiň geçirilişiniň üç sany aýratynlygy bar:
1.Talyp hiç kimiň kömegini ulanmazdan, özbaşdak işleýär.
2.Ol özüniň şahsy bilimine, başarnygyna, göz ýetirmesine, durmuş tejribesine, dünýägaraýşyna, döredijilik başlangyjyna daýanyar.
3.Işiň mazmunynda bilim berijilik, terbiýeleýjilik, okuwçynyň okaýşynyň hilini gowulandyrmak we logiki pikirlenmesini ösdürmek üçin usullaryň bimäçe görnüşini seljerýär.
Işleri her bir talybyň okuw temalaryny, öz mümkinçiliklerine görä, pes derejede däl-de, şahsy ukyplaryna görä, dürli derejede özleşdirmegine ýardam eder ýaly guralmaly. Häzirki zaman bilim ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň biri-de, akyl ýetirijilik işjeňligini ösdürmek bilen, okuwyň hilini ýokarlandyrmakdyr. Habar beriş kompýuter tehnologiýasyny ulanmak bilen özbaşdak işleri guramak arkaly, talyplarda geljekki hünäri üçin zerur:
- hünär aýratynlygy boýunça bilimleri çuňňur özleşdirmek;
- hyzmatdaşlyk;
- topar bilen işlemek;
- logiki pikirlenmek;
- hünär işinde maglumat kommunikasion tehnologiýany ulanmak;
- maglumatlary saýlamak we ýerlikli peýdalanmak;
- okamak, bahalandyrmak ýaly bimäçe başarnyk kemala getirilýär.
Hünär biliminde bu usullary ulanmak has zerur başarnyklaryň ählisini toplumlaýyn üpjün edýär. Häzirki wagtda hünärmen taýýarlanýan bilim ojaklarynda mugallymlaryň esasy wezipesi maglumatlar dünýäsinde işlejek uçurymyň düýpli taýýarlygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Bu bolsa maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasyny bilim maksatly işjeň ulanyp bilmek bilen şertlendirilýär. Talyplar bilen elektron görnüşde test barlagnamalaryny geçirmek üçin özbaşdak işleri guramak, özbaşdak gözleg endiklerini ösdürmek üçin esasy serişde (temalar boýunça) tanyşdyrmalary taýýarlatmak hasaplanýar. Talyplaryň tema boýunça öwrenen maglumatlaryny öz pikiri bilen baýlaşdyryp, anyk beýan etmegi alan bilimlerini iş ýüzünde erkin ulanyp bilmegine ýol açýar, başarnyklaryny ösdürýär. Aýratyn-da, talyp öz işiniň manysyna akyl ýetirmegi, düşunmegi, şahsy pikiri, garaýşy bilen maksadyny kesgitlemegi öwrenýär. Ol bilim bermekde ýokary netije gazanmak, üstünliklere ýetmek üçin ähli zerurlyklary kesgitlemegi başarýar, ýagny kompýuter tehnologiýasyna ezber, ynamly erk etmek bilen, nazary düşünjeleri, umumy pikirleri özüniň öndürijilikli işiniň netijesinde has düşnükli we güýçýeterli hödürlemäge çalyşýar. Talyplaryň hünär taýýarlygynda amaly başarnyklary kemala getimrek maksady bilen:
- hiinär işindäki meseleleri çözmek üçin işlenen usuly görkezmeleri kompyuterde yörite we standart üpjünçiligindäki programmalaryň kömegi bilen amaly sapaklarda özleşdirmegi;
- geljekki hünäriniň zerur meselelerini çözmek üçin okuw maglumatlaryny bezemäge, taýýarlamaga, maglumat gözlemäge degişli ýumuşlary (internetden peýdalanmak, peýdaly maglumatlary ulanmak, sorag- jogap çeşmelerini ulanmak bilen) özbaşdak işlemegi;
- talyplar ýyllyk ýa-da diplom işlerini ýerine ýetirenlerinde, olaryň maglumatlary gözlemegi, ýerine ýetiren işleriniň mazmunyny baýlaşdyrmagy, bezeg geçirmegi üçin özbaşdak işler guralýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek boýunça düýpli işler amala aşyrylýar. Ýörite meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işe girizildi. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, maslahatlar, elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, umumy we amaly okuwlaryň, barlagnamalaryň, wideo, audio okuw yazgylarynyň toplumy yaly bölümler bilen günsaýyn baýlaşdyrylýar. Bulardan başga-da, bilim ojaklarynda sanly tehnologiyalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, yurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän bäsleşikler, bilim babatda hyzmatdaşlyk, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Şeýle-de, ýurdumyzda alnyp barylýan bilim-terbiyeçilik, ylym, medeni-köpçülik işlerini, amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak barha giň gerime eýe bolýar.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň matematika mugallymy Şeker Arazberdiyewa
Syn beren: Türkmenistanyň Milli bilim instituty
Kabul edilen wagty 2022-nji ýylyň 26-njy apreli
“Bilim” ylmy-usuly žurnal (2022 ýyl, iýun aýy)