Nesil terbiýesi asylly ýörelgedir

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, gadymdan gelýän milli medeniýeti, däp -dessurlary bar. Bu gymmatly mirasa belent sarpa goýup, geljek nesilleri hem milli ruhda terbiýelemek asylly ýörelgedir. Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaşlar babatda edilýän aladalarda ata-baba dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgelerimiziň aýdyň şöhlelenmesini görýäris.
Ýaşlara milli bilim-terbiýe bermek barada, olaryň ilhalar ynsanlar, döwrebap hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda döwletimizde uly işler amala aşyrylýar. Milli ýol-ýörelgelere esaslanyp, bilim we terbiýe bermek işinde bilim-terbiýeçilik edaralary bilen maşgalanyň özara hyzmatdaşlygy ýola goýulýar. Bu babatda biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde hem uly işler durmuşa geçirilýär, ýagny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 5-nji fewralynda Mugallymçylyk mekdebimizde okaýan talyplaryň ata-eneleri bilen ýygnak geçirildi. Ýygnakda mekdebimizde talyp ýaşlara berilýän bilim barada, şeýle hem alnyp barylýan terbiýeçilik işleri barada Mugallymçylyk mekdebimiziň direktorynyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Merdan Ataýew çykyş etdi. Soňra bolsa mekdebiň okuw bölüminiň müdiri Allaguly Amangulyýew we hünärmeni Aşyr Durdyýew, şeýle-de zenanlar guramasynyň başlygy Miwe Agyşowa çykyş edip, mekdepdäki okaýan talyplaryň okuwa gatnaşyklary, ýetişikleri, sapakdan, mekdepden daşary geçirilýän çärelere gatnaşygy, umumyýaşaýyş jaýynyň tertip-düzgünlerini berjaý edişleri barada çykyş etdiler. Soňra ata-eneler ýygnagy degişli ýerlerde topar ýolbaşçylar tarapyndan guraldy. Topar ýolbaşçylar ata-eneleri toparyň talyplarynyň okuwa ýetişigi, gatnaşygy, umumyýaşaýyş jaýynda özlerini alyp baryşlary, toparyň talyplarynyň üstünlikleri, kemçilik taraplary bilen tanyş etdi.
Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilimli, terbiýeli bolup ýetşmegi ugrunda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler, amala aşyrylýan özgertmeler bizi yhlasly işlemäge ruhlandyrýar.
Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar babatda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň jany-sag, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Iňlis dili we edebiýaty usuly birleşmesi

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09