Mugallymçylyk işinde bahalandyrmagyň innowsion görnüşi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda durmuşyň ähli ugurlarynda, şol sanda bilim we ylym ulgamynda hem uly ösüşlere eýe bolýar. Bilim-ylym babatda gazanylýan ösüşler we amala aşyrylýan bilim özgertmeleri bilim ulgamynda işleýän her bir hünärmenleriň öňünde uly döredijilik mümkinçiliklerini açýar. Ýaş nesliň bilimli-ylymly, asylly terbiýeli, ata-Watanymyza, halkymyza wepaly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerinde bilim ulgamy wajyp wezipäni ýerine ýetirýär. Ýurdumyzda bilim berýän edaralar bilen birlikde ähli ugurlarda sanly ulgam serişdeleriniň ornaşdyrylmagy, biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde “Sanly bilim ulgamyny” hakyndaky konsepsiýanyň ýerine ýetirilişiniň çäklerinde, bilim ulgamynda hem ýokary derejeli kämil hünärmenleri taýýarlamak mugallymlaryň öňünde esasy maksat bolup durýar. Mugallymçylyk mekdebimizde talyplaryň başarnyklaryny barlamak we bahalandyrmak işleri Mugallymçylyk mekdebiniň informatika mugallymy tarapyndan döredilen “E-žurnal” ulgamynyň esasynda alnyp barylmagy mugallymlaryň sanly ulgamlary tiz öwrenmek ukyplarynyň artmagyna getirdi. “E-žurnal” özüniň köp taraply ulgamlary bilen tapawutlanyp, mugallymlar okadýan sapaklarynyň tertiplerini saýlap, okadyljak temalarynyň atlaryny ýazyp, şol sapakda talyplara bahalary goýmak, ýumuşlary tabşyrmak, okuwdan galan talyplar bilen özleşdirmek işlerini ýerine ýetirýärler. Mundan başga-da žurnalyň esasy aýratynlyklary toparyň umumy öwrenijilik derejesini çykarmak, Mugallymçylyk mekdebiniň, toparyň we talybyň ýetişigi anyklamak, şol bir wagtyň özünde talyplaryň ýetişigi we okuwa gatnaşygy boýunça ata-enelere “SMS” hat üsti arkaly awtomatiki ýagdaýda işlerini ýerine ýetirýär. Sapaga gatnaşmadyk talyplara mugallymlar “gelmedi” goýlan halatynda ol hem ata-enelere şol wagtyň özünde hat üsti bilen duýdurmak işini ýerine ýetirýär. “Elektron žurnalynyň” şeýle aýratynlyklary talyplaryň sapaklara gatnaşmak işjeňligini has-da artdyrdy, olaryň ylyma-bilime bolan höweslerini artdyrmak ýaly netijelerini görkezdi. “E-žurnal” her mugallym özüniň bölek açar sözleri bilen girip, “Okuw bölümi” tarapyndan düzülen okuw işleriniň tertibi her mugallymyň özüniň tertibi onda eýýäm goşulyp mugallymlar saýlamak we tema ýazmak, bahalandyrmak, gatnaşyk işlerini doldurmaly bolýar. Sapaga gatnaşmadyk talyplara “gelmedi” goýulanda şol sapagy özleşdirmek işleri geçirilenden soň mugallym özleşdirendigi baradaky maglumaty hem bellemeli bolup durýar. Şonuň netijesinde okuw işleriniň doly talabalaýyk ýetirilişi barada okuw işlerini dolandyryjylara doly maglumatlar baryp durýar. Ylmyň ösmegi kämil tehnologiýalaryň öndürilmegine sebäp boldy. Dünýä ylmynyň şu günki ýeten derjesi bolsa ähli durmuş zerurlyklary bilen dahylly komýuterleşdirilen enjamlaryň öndürilmegi bilen baglydyr. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň işlerinde guralýan sanly serişdeler ornaşdyrylýar. Şunda el güýji bilen ýerine ýetirilýän işler awtomatlaşdyrylýar, maglumat tehnologiýalarynyň paýy artdyrylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň döwrebap bilim, kämil terbiýe almagynda birnäçe işleri hormatly Arkadagly Serdarymyzyň uly goldawy astynda durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy uly ösüşlere alyp barýan hormatly Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
matematika we informatika mugallymy Muhammedow Didar.