Sanly bilim
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykaran 340-njy Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy boýunça degişli işler alnyp barylýar. Sanly bilimi ösdürmek üçin ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklyk üçin kompýuter sowatlylygy yzygiderli kämilleşdirilýär.
Konspesiýanyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreler boýunça Mugallymçylyk mekdebinde mugallymlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portaly işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Şonuň ýaly-da ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlan elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audio materiallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça Mugallymçylyk mekdebimizde giň möçberli işler alnyp baryldy, şol sanda:
- Mugallymçylyk mekdebiniň bar bolan maglumat-aragtanaşyk ulgamynda içerki torda işleýän sanly bilim portaly ornaşdyryldy we elektron kitaphanasy hereket edýär.
- Mugallymçylyk mekdebiniň içerki torda hereket edýän bilim portalynda elektron bilim gorlary, ýagny bilim maksatly maglumatlar toplumlary (elektron kitaplar, okuw maksatnamalar, gollanmalar, umumy, amaly we tejribe sapaklaryň sanly toplumy, wideoşekilli we audio maglumatlar, presentasiýalar, testler we logiki sowalnamalar we ş.m.) ýerleşdilirildi hem-de olar yzygiderli baýlaşdyrylýar.
- Mugallymçylyk mekdebinde mugallymlar we talyplar üçin ýokary tizlikli internet hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin mümkinçilikler döredildi.