Kitaphana
Mugallymçylyk mekdebinde hereket edýän kitaphanada okyja hyzmat etmäge ähli amatly şertler döredilendir. Kitaphananyň edebiýatlary toplamak we hasaba almak, edebiýatlary saklamak, hyzmat etmek bölümleri bolsa işiň sazlaşykly alnyp barylmagyny üpjün edýär.
Mugallymçylyk mekdebiniň kitaphanasy hormatly Prezidentimiziň atalyk kitaplaryny, okuw, ylmy, syýasy, ykdysady, çeper edbiýatlary, döwürleýin neşirleriň aglabasyny özünde jemleýär. Kitaphananyň gorunda ylmyň we tejribäniň ähli ugurlary boýunça türkmen, rus, iňlis dillerinde edebiýatlar we ýewropa ýurtlarynyň başga dillerinde hem neşirler bar. Kitaphana elektron kitaplar, okuw gollanmalar, usulyýet edebiýatlar we ylmy monografiýalar bilen üpjün edilendir.
Mugallymçylyk mekdebinde kitaphana gorunyň elektron binýady bolan elektron kitaphana hem hereket edýär. Elektron kitaphana okyjylarymyzyň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Elektron kitaphana ýörite gözleg ulgamy bilen üpjün edilen. Şeýle hem gözleg meýdançasyna girip, zerur bolan kitaplaryndan giňden peýdalanyp bilýärler. Mundan başga-da Mugallymçylyk mekdebimizde okyjylarymyzyň kitaplary Elektron kartateka atly ulgamyň üsti bilen dolandyrylýar. Bu ulgamda okyjylaryň alan we tabşyran kitaplarynyň taryhy ýazgylary edilip islendik wagty dikeldilip bilinýär. Okyjynyň alan kitaplarynyň hasabat kagyzy okyja çykarylyp berilýär we şol hasabat kagyzynyň esasynda okyjy hem kitaphanadan özüne gerek kitaplaryny almaga we tabşyrmaga hukuk alýar. Bu ulgamyň üsti bilen okujylarymyzyň kitaplary almaga we tabşyrmaga wagtlaryny örän tygşytlaýar we kitaphana işini has hem işjeňleşdirýär.