Mugallymçylyk mekdebiniň taryhy
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi 1927-nji ýylda “Daşhowuzyň pedagogik tehnikumy” ady bilen döredildi. Ilki okuwyň möhleti 3 ýyllyk bolup, ilkinji okuw ýylynda 100 adam okuwa kabul edilýär. 1930-njy ýylda “Başlangyç klas mugallymy” hünäri bilen uçurymlaryň ilkinji goýberilşi bolýar.
1941-1942-nji okuw ýylynda okuwyň möhleti 2,5 ýyla çenli gysgaldylýar. Mugallymlaryň uly topary, talyplaryň hem 100-e golaýy 1941-nji ýylyň dekabrynda meýletinlik bilen Watan goragyna ugraýarlar. Olaryň arasynda ömrüniň ahyryna çenli döwletimiziň bilim ulgamynda zähmet çeken biziň Mugallymçylyk mekdebimiziň uçurumy Sowet Soýuzynyň gahrymany Saparmät Hojaýew hem bardy.
Beýik Watançylyk urşundan soňra, dikeldiş ýyllarynyň kynçylyklaryna seretmezden, biziň okuw jaýymyzda başlangyç klas mugallymlaryny taýýarlamak dowam etdirilýär.
Bu baýry okuw mekdebinde döwletimiziň orta mekdeplerine başlangyç synp mugallymlary, mekdebe çenli bilim we terbiýeçilik edaralaryna çagalar bagynyň terbiýeçisi hünärleri boýunça häzirki wagta çenli 20130-den gowurak hünärmenler taýýarlandy.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Beki Seýtäkow, Sowet Soýuzynyň gahrymany Saparmät Hojaýew, sosialistik zähmetiň gahrymanlary Togta Sabirowa, Pirjan Ýegendurdyýew, Türkmenistanyň gahrymanlary Sapyş Çerkezow, Sadulla Rozmetow, taryh ylymlarynyň doktory Sapardurdy Kakabaýew, filologiýa ylymlarynyň doktory Aman Saryýew, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, belli alym we döwlet işgäri Hangeldi Bekmyradow ýaly tanymal adamlar biziň Mugallymçylyk mekdebimizi tamamladylar.
Biziň Mugallymçylyk mekdebimizde ussat mugallymlardan Ogulnabat Garaýewanyň, Dursun Mahmudowanyň, Ýazmyrat Hojanyýazowyň, Tirkeş Nepesowyň, Suhan Babanowyň, Bibiş Saparowanyň Türkmenistanyň ussat mugallymy Arazmyrat Jumanazarowyň işländiklerini bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýokary, ýörite orta we hünärment mekdepleri barada edýän tagallalary netijesinde Mugallymçylyk mekdebizde 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap okuwyň möhleti 2 ýyldan 3 ýyla çenli uzaldyldy. Mugallymçylyk mekdepleriniň okuw meýilnamalary esasynda mekdebimizde okuwlar umumy, amaly, söhbet we tejribe görnüşinde guralýar. Umumy okuwlar okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bolan proýektorlar bilen üpjün edilen umumy okuwlar otaglarynda guralýar. Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary dersinden tejribe sapaklary interaktiw tagtalar we kompýuterler bilen üpjün edilen otaglarynda we iňlis dili dersinden amaly okuwlar okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen otaglarda guralýar. Talyplarymyz nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikde ulanmaklary üçin okuw-önümçilik tejribelik otagyndan peýdalanýarlar.
Mugallymçylyk mekdebimiziň talyplary her ýylda okuw dersleri boýunça Mugallymçylyk mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän Döwlet bäsleşiginde üstünlikli çykyş edýärler.