Biz barada

  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz başda durmagynda ylym we tehnikanyň gazananlaryny bilim bilen berk utgaşdyrmak, jemgyýetiň bar bolan ähli mümkinçiliklerini doly güýje girizmek we şonuň esasynda Türkmenistany innowasion döwlete öwürmek, häzirki zaman ýokary derejeli mugallymlary kemala getirmek bolup durýar. Şu maksady durmuşa geçirmekde başlangyç synp mugallymlarynyň we çagalar bagynyň terbiýeçileriniň uly orun degişli bolup, olar Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde taýýarlanylýar.

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde häzirki wagtda “Başlangyç synplarda okatmak” we “Mekdebe çenli bilim we terbiýe” hünärmenleri taýýarlamak işi alnyp barylýarMugallymçylyk mekdebinde Matematika, Pedagogika we psihologiýa, Türkmen dili we edebiýaty, Daşary ýurt dilleri we Jemgyýetçilik usuly birleşmeleri hereket edýär.

Mugallymçylyk mekdebiniň okuw otaglary interaktiw tagtalar oturdylyp, olarda distansion (daş aralykdan) sapaklar hem gurnalýar. Mugallymlara, talyplara ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmaga doly mümkinçilikler döredilendir. Mugallymçylyk mekdebindäki kompýuterler tor arkaly birleşdirilip bilim portaly bola goýuldy. Şonuň ýaly-da, elektron kitaphana we elektron kartateka ulgamlary döredilip, ol mugallymlaryň we talyplaryň maglumat üpjünçiligini kanagatlandyrmakda, wagtlaryny tygşytlamakda amatly şertleri döredýär.

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09