Gyz edebi

Gyz edebi

Halkymyz gyz çagasyny aýratyn mähir bilen gurşap alýar. Olary ähli taraplaýyn gorap saklaýar. Ene-mamalarmyz gyzlaryna mynasyp zähmet terbiýesini berip, olaryň eli hünärli bolmagyna aýratyn üns berýär. Zandynda zähmet terbiýesi bolan gyz-gelinler durmuşyň islendik synagyndan ugur tapyp belmegi başarýarlar. Halkymyz: «Gyzym bar — gyýmazym bar», «Gyzly öý — gyzylly öý» diýip, gyzyny aýratyn söýüp, apalaýar. Geljekde agzybir maşgalanyň eýesi bolmaly, ömürlere dowam bermeli gyzlary belent ruhda, kämil düşünjeli edip terbiýelemek eneleriň-ejeleriň, şol bir wagtyň özünde mugallymlaryň hem mukaddes borjy bolup durýar. Durmuşda maşgala agzybirligini saklamak esasy aýal maşgala bagly bolýar. Aýal zähmete gaýym eli hünärli, elinden, dilinden ballar dökülüp duran bolsa onuň baran ýerinde sarpasy hemişe belent tutulýar.Ene-mamalarmyz gadymy döwürlerden bäri gyzlaryna gaýynlaryny söýmegi, söwer ýaryny sylamagy, baran öýüne wepaly bolup, olaryň ody bilen girip, küli bilen çykmagy ündäpdirler. Gyz maşgalasyny söýýän, ony gözüniň göreji ýaly gorap saklaýan halkymyz gerek ýerinde [...]

Dowamyny oka
WATAN MUKADDESLIGI

WATAN MUKADDESLIGI

Biziň ähli barlygymyz, hanymanymyz «Watan» diýen sözde jemlenýär. Ynsan üçin dogup-dörän ýerinden — ata Watanyndan, ene topragyndan eziz, şolardan gymmatly mukaddeslik ýokdur. Göbek ganymyzyň daman topragyny, onuň howasyny, ot-çöpüni, dagyny-düzüni, umuman, ata Watanymyzyň ähli mukaddesliklerini söýmek, olary gözümiziň göreji deý goramak biziň mukaddes borjumyzdyr. Sebäbi her bir ynsanyň dogduk Diýary — Watany onuň ömrüniň manysydyr, dowamatydyr.Eşit adam dogan ilden,Gaýry mähriban ýurt bolmaz-diýen beýik akyldaryň «Türkmeniň» diýen waspnamasy Watanymyza, onuň merdana adamlaryna, tebigatyna guwanmaga, buýsanmaga ruhlandyrýar. Bu buýsanç türkmen hdlkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, urpadatlarymyza, sungatymyza, edebiýatymyza, mahlasy, ähli gymmatlyklarymyza giň ýol açan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe egsilmez häsiýete eýe boldy.Ene topragymyz öz goýnunda biziň her birimize — öz perzentlerine barlyklaryndan, baýlykldryndan paý bölüp berýär. Watan perzentlerinde öz geljegini görýär. Ynsan terbiýesiniň esasyny onuň perzentlik haky, borçlary, parzlary — Watana gulluk etmek, onuň beren duzuny haklamak, topragynyň [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09