Zehin we başarnyk

Zehin we başarnyk

Adamzat jemgyýeti ylmyň hasabyna iňňän belent derejelere ýetip bilýär. Ylym durmuşy kämilleşdirýär. Ýaşaýşa zynat berýär. Adamzadyň durmuşa akyl ýetirmeginde ylmyň hyzmaty örän uludyr. Şonuň üçinem ylym dünýäsi ynsan üçin mukaddeslikleriň we gymmatly çeşmeleriň dünýäsidir. Täze taryhy zamanada hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli ylym hem-de bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler halkymyzyň durmuşyna uly özgerşikleri girizjek ylym açyşlara badalga berdi.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Biz ýaşlara we olaryň sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyzda ilatyň, şol sanda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, aýratyn hem, hünär bilimlerini almaklary babatda ähli şertleri, mümkinçilikleri döredýäris.” diýip, ýurdumyzyň baýdak göterijileri bolan ýaşlara uly ynam bildirýär.Ýakynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde aýratyn zehinli talyplary ýüze çykarmakda “Arassa dem, sagdyn gadam” atly 2-nji ýyl talyplarynyň arasynda çilimkeşlige, neşekeşlige garşy plakat taýýarlamak we ony grafiki şekillendirmek boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. [...]

Dowamyny oka
Milli buýsanjymyzyň goşa ganaty

Milli buýsanjymyzyň goşa ganaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “ Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýyly her bir güni göwünleri joşdurýan şanly wakalara, taryhy pursatlara, toýdur baýramlara beslenýär. Ynha, bu gün hem agzybir halkymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni uly dabaralar bilen belleýär. Esasy Kanunymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de Ýaşyl Baýdagymyz halkymyzyň şan-şöhrata beslenen geçmişini, häzirki bagtyýar zamanasyny, nurana we aýdyň geljegini beýan edýän milli gymmatlyklarymyzdyr. Bu goşa mukaddeslik halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň dünýä dolan şan-şöhratynyň beýanydyr. Sebäbi halkymyz adalatly kanuna daýanmak bilen Ýaşyl Tuguny belentde parladyp, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň eden arzuw- umytlarynyň, belent maksatly tutumlaryny üstünlikli durmuşa geçirýär. Dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşygyny ösdürmek hem-de mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda uly işleri amala aşyrylýar. Esasy Kanunymyz adamy döwletiň hem-de jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýär. Hut şundan ugur alyp hem hormatly Prezidentimiziň [...]

Dowamyny oka
Açyk gapylar- bilim dünýäsine ädim

Açyk gapylar- bilim dünýäsine ädim

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylymly- bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, ata Watana, il-güne, merdana ata- babalarymyzyň ýol- ýörelgelerine wepaly adamlar, dünýä dillerini suwara bilýän ilhalar ýaşlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym- bilim ulgamynda döredilýän giň mümkinçilikler biziň her birimizi buýsandyrýar. Ýurdumyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi jemgyýetimiziň medeni we ruhy taýdan sazlaşykly ösmeginiň esasy şertine öwrüldi.Her ýyl geçirilýän däbe görä, 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at- myradyň mekany” ýylynyň 5-nji maýynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde mekdep okuwçylary üçin “Açyk gapylar” güni geçirildi. “Açyk gapylar” gününde mekdebimiziň tejribeli mugallymlary tarapyndan mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň başarnykly, giň gözýetimli, öz zähmeti bilen ýurdumyzyň şöhratyna şöhrat goşjak, mukaddes Watany, ene topragy jany- teni bilen [...]

Dowamyny oka
Kämil ynsan - beýik mugallym

Kämil ynsan - beýik mugallym

Tutuş adamzadyň dost-doganlyk, raýdaşlyk, watansöýüjilik, parahatçylyk baradaky garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan şanly sene — Ýeňiş güni ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at - myradyň mekany” ýylynyň taryhy wakalaryna, toý-baýramlaryna ulaşýar.1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygynyň dabaralary watansöýüjiligi hem-de gaýduwsyzlygy terbiýeleýän medeni çäreler hökmünde adamlaryň durmuşynda, kalbynda mynasyp orun alýar. Adamzat taryhynyň iň pajygaly döwri bolan, 1418 gün dowam eden gazaply uruşda türkmenistanly gerçekleriň hem uly topary dürli harby birikmelerde, atyjylyk brigadalarynda, atly diwiziýada gaýduwsyzlygyň hem edermenligiň belent nusgasyny görkezdiler. Olaryň köpüsi orden-medallar bilen sylaglandylar, Gahryman adyna mynasyp boldular.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow:Döş gerip çykdylar duşmana garşy,Gerçek ogullary beýik Watanyň.Lerzana getirdi ýer bilen arşy,Gerçek ogullary beýik Watanyň-diýen pelsepewi setirlerinde Watan ogullaryny uly hormat bilen ýatlap geçýär.Duşmana garşy döş gerip Watan goragyna çykan şol gerçek ogullaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bardy.Berdimuhamet Annaý [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09