"Arkadag Serdarly bilimli ýaşlar" atly zehin bäsleşiginiň jemi jemlendi

"Arkadag Serdarly bilimli ýaşlar" atly zehin bäsleşiginiň jemi jemlendi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan bilim özgertmeleriniň möhüm talaplary hökmünde ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde okuw derslerini ýokary derejede öwretmek, okuwçylaryň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, olaryň ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaklary üçin höweslendirmek hem-de hünärlere ugrukdyrmak babatynda toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda dürli bäsleşikler geçirilýär, ýaşlaryň halkara ders bäsleşiklerine gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.Häzirki ajaýyp döwrümizde ussat, başarjaň, ýokary taýýarlykly, kämil  hünärmenlere  aýratyn  üns  berilýär.Ýaş hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlarda ylmyň ugurlaryna çuň höwes döretmek hem-de zehinlerini artdyrmak maksady bilen Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi we Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda zehin bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Daşoguz welaýatynyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň mekdebi tamamlaýan okuwçylarynyň arasynda  “Arkadag Serdarly [...]

Dowamyny oka
Bagtyýar körpelere buýsanjyň beýany

Bagtyýar körpelere buýsanjyň beýany

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäherindäki 172-nji çagalar bagynda iki gün dowam eden «Ýylyň terbiýeçisi — 2025» atly bäsleşiginiň döwlet derejesi ýokary guramaçylykly geçirildi. Bu bäsleşige welaýatlardan, Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan terbiýeçiler işjeň gatnaşdylar.Bäsleşigiň ilkinji gününde başlangyç tapgyrlardan saýlanyp gelen terbiýeçiler öz guran sapaklarynda ussatlyklaryny görkezdiler. Esasan hem, ýörite taýýarlanan meýilnama esasynda bellenen wagt aralygynda körpeler bilen işjeň sapak guradylar. Sapagyň gidişinde terbiýeçiler dürli dersler boýunça sapak guramak bilen, çagalaryň ünsli diňlemegini gazandylar. Eminler toparynyň gatnaşmagynda guralan açyk sapaklar sowat öwretmek dersi boýunça geçirildi. Sapakda «Ww» hem-de «Ff» harplaryny öwretmekde, sözleýşi ösdürmekde, matematikany we geometrik şekilleri öwretmekde, umuman, başlangyç düşünje bermek boýunça bäsleşige gatnaşan terbiýeçiler öz ukyp-başarnyklaryny aýdyň görkezdiler. Bäsleşige gatnaşan [...]

Dowamyny oka
Syrly galanyň taryhy ähmiýeti

Syrly galanyň taryhy ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly,güneşli diýarymyzyň medeni, ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak babatynda hem saldamly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan çykan “Änew - müýyllylyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaby dünýä ýaň salan Änew şäheriniň taryhy, medeniýetiniň aýratynlyklary, Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýäde ykrar etdiren ägirtleriň onuň taryhyny öwrenmekde alyp baran işleri barada köp sanly gymmatly maglumatlary özünde jemlemek bilen, onda gadymy we juwan şäheriň şöhratly şu güni halynda hem giňişleýin gürrüň edilýär. Şeýle-de ajaýyp kitapda Berkarar ýurdumyzda taryhy ýadygärliklerimizi, medeni gymmatlyklarmyzy gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada gürrüň edilýär.Hormatly Prezidentimiziň şu kitabyndan ugur alyp birnäçe taryhy ýadygärliklerimizi açyp öwrenmäge uly itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly” ajaýyp eserinde hem taryhymyzy öwrenmäge mümkinçilikler döredýär.“Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly [...]

Dowamyny oka
Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Görkezme esbaplar bilen işlemekÇagalar bakja-bagynda dost-doganlyk, hemişelik Bitaraplygymyz bilen bagly taýýarlanan görkezme esbaplara körpeleriň ünsüni çekýäris.Çagalar bakja-bagynda körpeleri bu görkezme esbaplary bilen tanyşdyryp, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň bellenýändigini düşündirmek bolýar. Esasan hem, çagalar bakja-bagynda körpeleriň ýaş aýratynlygyna görä, uly mekdebe taýýarlaýyş toparlarda sözleýşi ösdürmek sapagynda A.Rahmanowyň «Hoşniýetli Bitaraplyk» goşgusyny öwredenimizde, Bitaraplyk barada taýýarlanan görkezme esbabyny ulanmak bolýar. Watana, hemişelik Bitaraplygymyza degişli goşgular körpeleri milli ruhda terbiýelemäge ýardam edýär. Bu bolsa körpeleriň sapaga bolan gyzyklanmasyny has hem artdyrýar.Güljemal ANNAGURBANOWA,Daşoguz şäherindäki 35-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.* * *Ene dilim — eziz dilimÝurdumyzda ylym-bilim ulgamyna dünýä tejribesiniň iň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, öňdebaryjy tejribä daýanylmagy döwrebap ösüşi üpjün edýär. Okuwçylaryň bilimini barlamakda tehnologiýalardan peýdalanmak işiň hilini has hem ýokarlandyrýar. Türkmen dili we edebiýat derslerinde okuwçylaryň bilimlerini barlamagyň birnäçe usullary bar. Multimedia tagtasynda ýö [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09