Bilim işgärleriniň iş tejribesinden
Görkezme esbaplar bilen işlemekÇagalar bakja-bagynda dost-doganlyk, hemişelik Bitaraplygymyz bilen bagly taýýarlanan görkezme esbaplara körpeleriň ünsüni çekýäris.Çagalar bakja-bagynda körpeleri bu görkezme esbaplary bilen tanyşdyryp, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň bellenýändigini düşündirmek bolýar. Esasan hem, çagalar bakja-bagynda körpeleriň ýaş aýratynlygyna görä, uly mekdebe taýýarlaýyş toparlarda sözleýşi ösdürmek sapagynda A.Rahmanowyň «Hoşniýetli Bitaraplyk» goşgusyny öwredenimizde, Bitaraplyk barada taýýarlanan görkezme esbabyny ulanmak bolýar. Watana, hemişelik Bitaraplygymyza degişli goşgular körpeleri milli ruhda terbiýelemäge ýardam edýär. Bu bolsa körpeleriň sapaga bolan gyzyklanmasyny has hem artdyrýar.Güljemal ANNAGURBANOWA,Daşoguz şäherindäki 35-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.* * *Ene dilim — eziz dilimÝurdumyzda ylym-bilim ulgamyna dünýä tejribesiniň iň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, öňdebaryjy tejribä daýanylmagy döwrebap ösüşi üpjün edýär. Okuwçylaryň bilimini barlamakda tehnologiýalardan peýdalanmak işiň hilini has hem ýokarlandyrýar. Türkmen dili we edebiýat derslerinde okuwçylaryň bilimlerini barlamagyň birnäçe usullary bar. Multimedia tagtasynda ýö [...]
Dowamyny oka