Milli terbiýe mukaddesdir
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyny okanyňda her setirinde çuňňur manyly sözler bar. Maşgala, maşgala terbiýesi, maşgala bitewüligi, agzybirligi, mizemezligi barada ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda halk döredijilik eserini sünnäläp, biziň şu günlerimize ýetiripdirler. Maşgala terbiýesiniň mizemez esaslaryny görnükli türkmen akyldarlary, şahyrlary öz eserlerinde beýan edipdirler. Ynsan öz nesline bilimleri we tejribeleri bagyş edipdir, durmuşda ulanypdyr we şu günki gün has kämilleşdirip, döwrebaplaşdyryp, şol asylly däbi dowamat-dowam edip gelýär.Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi» bölüminde şeýle edebi terbiýeçilik setirler bar: «Terbiýe — bu hazyna. Onuň berekedi ýyllar geçdigiçe has artýar. Men döwlet sütünleriniň berk bolmagy üçin nesilleriň terbiýesi meselesine juda jogapkärli çemeleşmelidigimiz hakyndaky pikirimi ýene bir gezek nygtaýaryn. Maşgala ojagynda berlen terbiýäniň perzendiň tutuş geljegine täsir edip bilýändigi hakykatdyr. Gül-gunçaly bagtyýarlygyň ilkinji gämikleri öýde — maşgala ojagynda peýda bolýar. Dogry-dürs berlen terbiýe [...]
Dowamyny oka