Täsirli onlaýn-sapaklar dowam edýär

Täsirli onlaýn-sapaklar dowam edýär

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde  mekdebiň  türkmen dili we edebiýaty  mugallymy Jeren Muradowanyň guramagynda  ,, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi döredijiligi,  eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti.” atly  açyk sapak   geçirildi. Geçirilen  açyk sapakda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň uly mugallymy, Ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Saparowa Seýýara Nurmatowna bilen  onlaýn arkaly söhbetdeşlik guraldy. Sapaga Mugallymçylyk  mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymlary Maýsagözel Amangeldiýewa, Bibi Gurbangeldiýewa, Bibisere Saparowa  we 305-306-njy toparyň talyp ýaşlary gatnaşdylar.Sapakda Saparowa Seýýara Nurmatowna Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden ,,Hakyda göwheri”,   “Ömrümiň manysy”, “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy”, “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada täsirli gürrüň etdi. Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän bu kitaplarda esasy ahlak kadalary we ýörelgeler beýan edilýär. Olara häzirki döwürde-de, möhüm ähmiýet berilmegi pederlerimiziň däpleriniň, ahlak kadalarynyň [...]

Dowamyny oka
Innowasion özgertmeler täze ösüşlere badalga

Innowasion özgertmeler täze ösüşlere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär, ýaşlar döwrebap bilim alýarlar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeleri durmuşa geçirýär. Häzirki täze taryhy eýýamda ýurdumyzy ösdürmegiň milli nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda iň döwrebap ugurlar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ylmy esasda öwrenilýär. Bu wezipäni durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär.Häzirki ajaýyp zamanamyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlara döwrebap bilim bermegiň aýdyň ugurlary kesgitlendi. Şeýle hem bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alynýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlarymyzyň bilimli bolup ýetişmegi üçin dünýä ylmynda gazanylan iň täze, döwrebap tehnologiýalar bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09