Biziň buýsanjymyz

Biziň buýsanjymyz

Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkymyzyň hemrasy bolan ahalteke bedewleri bu gün ýene milletimiziň abraýyny arşa göterip, tugumyzyň al-asmanda parlamagynyň sebäbi boldular.  Uzak Monako knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinden gelip gowşan hoş habar her bir türkmenistanlynyň göwün guşuny ganatlandyrdy.  2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary täze üstünlige – 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda baş baýraga mynasyp boldy. Bu hoş habar mynasybetli ýurdumyzyň çar künjünde toý-baýramlaryň dabaralanýar, hoşallyk maslahatlary geçirilýär.Şeýle aýdym-sazly dabaralaryň biri hem biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde “Behişdi bedewler bilen ak ýollara uzaýandyr Watanymyz, bagtyýar eýýamyň üçin alkyş Size, Gahryman Arkadag, Arkadagly Gahryman Serdarymyz” ady bilen geçirildi. Türkmen edebiýatynda mynasyp orun tutan ahalteke bedewleri dogrusynda mekdebimiziň mugallymdyr talyp ýaşlary täsirli gürrüň etdiler. Dabaranyň ahyrynda türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan minnetdarlyk sözlerini aýtdylar. Umyt Baýramalyýewa, [...]

Dowamyny oka
Meşhur ýazyjylar we şahyrlar hakda gyzykly maglumatlar

Meşhur ýazyjylar we şahyrlar hakda gyzykly maglumatlar

1.Puşkiniň täsin ýatkeşligi bolupdyr. Islendik bir goşgy sahypasyny iki gezek okan badyna, ýatdan ýalňyşsyz gaýtalap bilýän eken.2.Puşkin çaýy diýseň gowy görüpdir we ony örän köp içipdir.3.Döredijilik ýolunyň başynda, A. P. Çehowyň 50-den gowrak edebi lakamy (tahallusy) bardy.4.Anton Pawlowiç Pýotr Iliç Çaýkowska, şahsyýet we kompozitor hökmünde diýseň uly hormat goýupdyr. Olar Lermontowyň “Bela” romany esasynda opera ýazmagy arzuw edipdirler.5.Çehow bütin ömrüne haýyr-sahabat bilen meşgullanypdyr: mätäçler üçin pul we beýleki serişdeleri ýygnapdyr, mekdepleri gurdurypdyr.6.I. S. Turgenew açyk reňkli we adaty däl zatlary geýmegi, lowurdap duran ýakabaglaryny dakynmagy we ýalpyldaýan ilikli eşikleri halapdyr.7.Imperator Aleksandr II Turgenewe, krepostnoý hukugyny ýatyrmak kararyna gelmegine, onuň “Записки охотника” (Awçynyň ýazgylary) atly kitabynyň kömek edendigi barada ýazypdyr.8.Lomonosow, Karamzin we beýleki ýazyjylar rus dilini 1000-den gowrak söz bilen baýlaşdyrdy. Häzirki wagtda düşnükli we tanyş ýaly görünýän köp sözleri şahyrlar we ý [...]

Dowamyny oka
Ýaşlarda hünär  başarnyklaryny kemala getirmek

Ýaşlarda hünär başarnyklaryny kemala getirmek

Häzirki zaman bilim ulgamynyň talaplaryna görä ýörite orta hünär mekdeplerinde geljekki mugallymlary taýýarlamakda  oňyn netijeleri gazanmak üçin, ýörite hünär ugry boýunça talyplary taýýarlamak möhümdir.  Ýaş nesillerde maglumat giňişligini özbaşdak dolandyrmak başarnygyny kemala getirmek zerurdyr. Talyplaryň döredijilik başarnyklarynyň, özbaşdak pikirlenmek endikleriniň bolmagy üçin tehnologiýalary  ulanmak arkaly amaly tejribelik işlerini özbaşdak ýerine ýetirmek hasda  netijeli  bolýar. Geljekki mugallymlaryň hünär başarnyklarynyň kemala gelmeginde özbaşdak işlemek usuly netijeli hasaplanýar. Özbaşdak işler mugallymyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýar. Ol işler talybyň meýilnamalaşdyrmagynda ýerine ýetirilýär. Mugallym talyby bu işe gönükdirýär.Mugallymlaryň iş tejribesini artdyrmakda ,,Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” uly ähmiýete eýedir. Hünärmenleri taýýarlamakda okuw işi umumy okuw, amaly tejribe sapaklary, seminar okuwlary arkaly amala aşyrylýar. Okuw işleriniň bu görnüşleri olara öý we özbaşdak işleri ýerine ýetirmäge şert döredýär. [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09