Bagtyýar körpelere buýsanjyň beýany
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäherindäki 172-nji çagalar bagynda iki gün dowam eden «Ýylyň terbiýeçisi — 2025» atly bäsleşiginiň döwlet derejesi ýokary guramaçylykly geçirildi. Bu bäsleşige welaýatlardan, Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan terbiýeçiler işjeň gatnaşdylar.Bäsleşigiň ilkinji gününde başlangyç tapgyrlardan saýlanyp gelen terbiýeçiler öz guran sapaklarynda ussatlyklaryny görkezdiler. Esasan hem, ýörite taýýarlanan meýilnama esasynda bellenen wagt aralygynda körpeler bilen işjeň sapak guradylar. Sapagyň gidişinde terbiýeçiler dürli dersler boýunça sapak guramak bilen, çagalaryň ünsli diňlemegini gazandylar. Eminler toparynyň gatnaşmagynda guralan açyk sapaklar sowat öwretmek dersi boýunça geçirildi. Sapakda «Ww» hem-de «Ff» harplaryny öwretmekde, sözleýşi ösdürmekde, matematikany we geometrik şekilleri öwretmekde, umuman, başlangyç düşünje bermek boýunça bäsleşige gatnaşan terbiýeçiler öz ukyp-başarnyklaryny aýdyň görkezdiler. Bäsleşige gatnaşan [...]
Dowamyny oka