Iňlis dilini öwretmekde tejribeleri artdyryp

Iňlis dilini öwretmekde tejribeleri artdyryp

Golaýda Daşkentdäki Özbegistanyň Döwlet dünýä dilleri uniwersitetinde «Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmegi işjeňleşdirmek» ady bilen geçirilen halkara okuw maslahatyna Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, iňlis dilini okatmak boýunça hünärmenler gatnaşdylar. Britan geňeşi tarapyndan guralan çärä Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işgärlerinden we mugallymlaryndan ybarat türkmen wekiliýeti hem işjeň gatnaşdy.Okuw maslahatynda iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamak boýunça «PRESETT» maksatnamasynyň çäginde mugallymlaryň hünärini üznüksiz kämilleşdirmek işine we refleksiw tejribäniň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Oňa gatnaşyjylar döwlet bilim edaralarynda iňlis dilini okatmak işini döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda mugallymçylyk hünärini ele alýan talyplara diňe bir nazary bilimleri öwretmän, eýsem, olarda amaly endikleri kemala getirmegiň, okuw maksatnamalaryny halkara ülňülere laýyklykda kämilleşdirmegiň zerurdygy aýratyn nygtaldy. Şeýle-de okuwyň baş [...]

Dowamyny oka
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bosagasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň jemlenmegi bilen baglylykda, “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabynyň çapdan çykmagy ähli halkymyz we giň okyjylar köpçüligi üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Täze ýylyň ilkinji günlerinden täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralaryna badalga berildi. 3-nji ýanwarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirildi.Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 27-nji dekabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda taryhy özgertmeleriň durmuşa geçirilendigini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň has-da rowaçlanandygyny, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejede giňden toýlanandygyny kanagatlanma bilen belledi we şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny aý [...]

Dowamyny oka
SANLY BILIM — TÄZE YLYM

SANLY BILIM — TÄZE YLYM

Soňky ýyllarda türkmen jemgyýetinde ylym, bilim, hünär, terbiýe meselelerine bolan talaplar milli Liderimiziň döwlet Baştutanlygynda täze mazmuna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz bu barada: «Häzirki zaman jemgyýetinde hakyky gymmatlyklarynyň baýlyklarda däl-de, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini we zähmetiniň netijesindedigini görkezýär» diýip belleýär.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, maglumat tehnologik ösüşlerden gowy baş çykarýan ýokary bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn, watansöýüji, arassa ahlakly hünärmenleri taýýarlamakda uly aladalar edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim edaralarynda ýaşlara ýokary hilli bilim bermek üçin döwrebap innowasion okuw serişdeleri bilen enjamlaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly sapaklary interaktiw usulda geçirmek mümkinçiligini döredýär. Munuň özi okuw işlerine ýurdumyzyň hem-de dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny, maglumat tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga, ylmy-barlag işini işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer.Gündelik işe öňdebaryjy tehnologiý [...]

Dowamyny oka
2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, Ýer ýüzüniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda toplan gymmatly syýasy tejribesi sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamaga, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hukuk derejesi iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol hä [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09