Parahatçylyk halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýol-ýörelgesidir
Türkmen halky asyrlarboýy parahatçylygy, goňşular bilen hoşniýetli gatnaşyklary özüne ýol-ýörelge edinen halk bolupdyr. Şonuň üçinem halk döredijilik eserlerinde-de, türkmen edebiýatynda-da bu mesele aýratyn orun eýeläpdir. Atamyz Oguz han Türkmen ullakan ýurduň şasy bolanda, ol gylyjyny çykarmagyň deregine gursagyndan parahatçylyk söýüji sözlerini çykarýar. Geçmişde türkmen halkynyň dürli milletleriň wekilleri bilen dost-dogan bolup, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýandygyny “Görogly” eposyny okanymyzda hem görýäris. Görogly her bir çylşyrymly mesele ýüze çykanda, elindäki sazy, dilindäki sözi bilen çözýär. Görogly haýsy ýurda barsa-da, şol ýeriniň zähmetkeş adamlary bilen dost-dogan bolmagy başarýar. Ejizläne elinden gelen kömegini gaýgyrmaýar. Şu zatlary ýada salyp, türkmen halkynyň öňki döwürlerde goňşy döwletler bilen parahatçylykly, hoşniýetli gatnaşyga sarpa goýandygyna ýene göz ýetirýäris. N.Saryhanowyň “Şükür bagşy” powestinde Mämmetýar hana ýesir düşen agasyny Şükür bagşy [...]
Dowamyny oka