Täsirli onlaýn-sapaklar dowam edýär
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Jeren Muradowanyň guramagynda ,, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi döredijiligi, eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti.” atly açyk sapak geçirildi. Geçirilen açyk sapakda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň uly mugallymy, Ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Saparowa Seýýara Nurmatowna bilen onlaýn arkaly söhbetdeşlik guraldy. Sapaga Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymlary Maýsagözel Amangeldiýewa, Bibi Gurbangeldiýewa, Bibisere Saparowa we 305-306-njy toparyň talyp ýaşlary gatnaşdylar.Sapakda Saparowa Seýýara Nurmatowna Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden ,,Hakyda göwheri”, “Ömrümiň manysy”, “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy”, “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada täsirli gürrüň etdi. Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän bu kitaplarda esasy ahlak kadalary we ýörelgeler beýan edilýär. Olara häzirki döwürde-de, möhüm ähmiýet berilmegi pederlerimiziň däpleriniň, ahlak kadalarynyň [...]
Dowamyny oka