Milli buýsanjymyzyň goşa ganaty
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “ Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýyly her bir güni göwünleri joşdurýan şanly wakalara, taryhy pursatlara, toýdur baýramlara beslenýär. Ynha, bu gün hem agzybir halkymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni uly dabaralar bilen belleýär. Esasy Kanunymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de Ýaşyl Baýdagymyz halkymyzyň şan-şöhrata beslenen geçmişini, häzirki bagtyýar zamanasyny, nurana we aýdyň geljegini beýan edýän milli gymmatlyklarymyzdyr. Bu goşa mukaddeslik halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň dünýä dolan şan-şöhratynyň beýanydyr. Sebäbi halkymyz adalatly kanuna daýanmak bilen Ýaşyl Tuguny belentde parladyp, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň eden arzuw- umytlarynyň, belent maksatly tutumlaryny üstünlikli durmuşa geçirýär. Dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşygyny ösdürmek hem-de mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda uly işleri amala aşyrylýar. Esasy Kanunymyz adamy döwletiň hem-de jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýär. Hut şundan ugur alyp hem hormatly Prezidentimiziň [...]
Dowamyny oka