Malaý edebiýaty

Malaý edebiýaty

Malaýziýanyň edebiýaty, esasan, malaý, iňlis we hytaý dillerinde ýazylypdyr. Malaý nusgawy edebi eserleriniň köp böleginiň awtorlary bolsa, henize çenli näbelli. Bu ýurduň edebiýatyna hindi şadessanlary “Ramaýana” we “Mahabharata”, şeýle hem arap-pars edebiýaty uly täsirini ýetiripdir. Halk döredijiligi dürli ugurlary öz içine alyp, esasan, halk aýdymlaryndan, şorta sözlerden, nakyllardan, matallardan, atalar sözünden we beýlekilerden ybaratdyr. Malaý ýazuwynyň gadymy ýadygärlikleri VII asyra degişlidir. Has dogrusy, malaý edebiýatynyň ähli eserleriniň nusgalary diýen ýaly yslam aralaşandan soňra, arap grafikasynda ýazylypdyr.XIII – XVI asyrlarda malaý edebiýaty esasan, Sumatradaky Paseb knýazlygynda, XV asyrdan Malak soltanlygynda, 1511-nji ýyldan Johor soltanlygynda, XIX asyrdan Malak bogazyndaky Piau adajyklaryndaky Penengat soltanlygynda uly ösüş ýoluny geçýär. Malak soltanlarynyň edebi däpleri esasan, söz ussatlarynyň öz döwrüniň möhüm wakalaryny bütin aýdyňlygy bilen beýan etmegi bilen tapawutlanýar. Şol döwürden galan iň esasy eserleriň biri hem “Malaý urug taryhy” atly eser bolup, Malak soltanlygy döwründe ýazylypdyr. Bu eserde Malak soltanyň döwri, goňşy soltanlyklar bilen aragatnaşygy, yslamyň [...]

Dowamyny oka
Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyň festiwaly

Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyň festiwaly

2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyň festiwaly geçirildi. Festiwalyň çäginde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň hünärmenleriniň, mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Bilim ulgamynda innowasiýalar” atly ylmy-amaly maslahat hem öz işini dowam etdi. Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyň festiwalyny geçirmegiň esasy maksatlary;    - bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar bilen bagly gazanylan sepgitleri şöhlelendirmek,   - maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk bilen bagly mugallymlaryň we hünärmenleriň ylmy we taslama işlerine höweslerini artdyrmak,  - bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça tejribeleri alyşmak we bilim işinde täze tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak.Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyň festiwalynyň çäginde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen Elektron okuw toplumlarynyň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem geçirildi.Bäsleşigiň ýeňijileriGurbanow Gojuk Çaryýewiç, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki-ordinatory – 1orunMuhammedow Didar Kerimgulyýewiç, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy – 1orunÝusubow Döwletgeldi Durdyý [...]

Dowamyny oka
Mugallymçylyk ussatlygy ösdürmegiň  esasy ýollary we  şertleri

Mugallymçylyk ussatlygy ösdürmegiň esasy ýollary we şertleri

Iş tejribede ýaş mugallymlaryň okuw-terbiýeçilik işini talabalaýyk guramagy üçin olara bildirilýän talaplar anykdyr we olar belli bir kadalara laýykdyr. Mugallymyň şahsy hili – sözleýşi, söz baýlygy bilen hem tapawutlanýar. Hünär medeniýeti (etikasy), ýekebara (aýrabaşga) ýörelgä köp üns bermek, şahsy arassaçylyk (gigiýena) soraglary hem öz wajyplygyny ýitirmeýär. Synpda okatmakda ýüze çykýan kemçilikler ýagny,  synpda tertip-düzgün, umumy usuly kemçilikleri düzetmek  yzygider işlemekligi talap edýär. Okuwçylaryň şahsy aýratynlygyny bilmeklik uly ähmiýete eýedir. Synpyň içiniň arassalygy we onda goýlan zatlaryň tertipliligi, okuw otagynyň ýagtylygy, şeýle-de, howanyň arassalygy we temperaturasy okuw işiniň geçiriliş ýagdaýyna täsirlidir.Sapaklaryň maksady – bilim berlişiniň düýp mazmunyny anyk açyp görkezmelidir, şeýle-de hil hem mukdar (okuwçylaryň näçesi işjeňlik görkezdiler, näçesi sapagy özleşdirdi we ş.m.) babatda anyk derejeleriň gazanylmagyna eýermelidir. Sapaklaryň dogry kesgitlenilen maksatlaryna ýetilmegi diňe mugallymyň pedagogik ussatlygyna bagly.Pedagogyň interaktiw sapaklardaky işiniň görnüşleriniň artmagy, okuwçylaryň geçilen material hakynda [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09